17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Bankyň täze edara binasy açyldy

“Türkmenbaşybank” döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat müdirliginiň täze binasynyň açylmagy mynasybetli dabara boldy. “Türkmengündogarnebitgurluşyk” edarasynyň 1-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze desga welaýat merkeziniň häzirkizaman binagärlik keşbiniň nobatdaky bezegine öwrüldi. Bina ýarym gektardan gowrak ýerde ýerleşýär. Oňa ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.

Bank işgärlerini täze bina bilen gutlamak üçin welaýatyň hem-de şäheriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary geldirler. Bankyň baýramçylyk keşbinde bezelen dört gatly merkezi edara binasynyň öňünde aýdym-sazlar ýaňlanyp, tans toparlary ýygnananlara özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Dabara gatnaşyjylaryň öz çykyşlarynda belleýişleri ýaly, bu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ägirt uly özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýar, onuň esasy maksady bolsa hemme babatlarda türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmekden, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmekden ybaratdyr.

Lebap welaýatynyň we onuň merkeziniň uly gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýygnananlar halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna çekýän ýadawsyz zähmeti üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirip, täze Galkynyş eýýamynyň giň möçberli wezipelerini üstünlikli çözmek üçin güýç-gaýratyny, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdyklaryna we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna ynandyrdylar.

Bu desga dört gatly merkezi binadan we oňa ýanaşyk ýerleşen binalardan ybarat bolup, bitewi toplumy emele getirýär. Binada timarlaýyş işleri geçirilende, ýerli gurluşykçylar häzirki zamanyň täze desgalarynyň gurluşygynda köp ulanýlýan gurluşyk materiallaryndan peýdalandylar. Mysal üçin, olar binanyň öň tarapyny ak mermer, jaýyň aşaky bölegini bolsa goýy gyzyl reňkli granit bilen örtdüler.

Binanyň birinji gatynda giň amalar zaly bolup, ol ýerde müşderilere çalt we netijeli hyzmat etmek üçin zerur şertler döredilipdir. Bankyň hyzmatyndan, esasan, gurluşyk edaralary, senagat kärhanalary, telekeçiler peýdalanýarlar. Iş otaglary iň häzirkizaman kompýuter ulgamy, beýleki enjamlar, ygtybarly aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilipdir.

Dabarada binanyň gurluşygynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda bu waka mynasybetli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Işewürler Maslahatyň Netijeleri Türkmenistanyň we Kataryň Gatnaşyklary Işjeňleşdirmäge Meýillidiklerini Tassyklady

Ýylanly Basyş Kompressor Stansiýasynda Suwuklandyrylan Gaz Almak Boýunça Iki Sany Tehnologiki Desgany Gurmak Meýilleşdirilýär

Dubaýda Türkmenistanyň Nebitgaz Göçme Forumy Başlady

turkmenhabargullugy