Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalary şu ýylyň içinde harytlaryň, ýagny et, süýt, konditer we miwe-gök ekinleriň dürli görnüşlerini? 50-den gowragyny önümçilige girizdiler.
Olaryň birnäçesi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygynyň öňisyrasynda alyjylara hödürlener. Mysal edip aýdanymyzda „Şa ýoly“ oba hojalyk maldarçylyk toplumy, süýdi gaýtadan işleýän bölüminiň tehniki taýdan kämilleşdirmegiň hasabyna şokoladly gaýmagy öndürmäge başlar. „Altyn halka “ döwlet kärhanasy kakadylan etiň iki sany – hoz huruşly we narpyz goşulan görnüşi bilen bizi begendirer. „Süýt“ aksioner birleşmesi miweli süýtli kokteýlleri, „Sumbar“ kärhanasy bolsa nar şiresini öndürer.
Ýurdumyzyň içki bazary gün geçdigiçe baýlaşýar: önümleriň täze öndüriliş tärleri işlenilip düzülýär, daşary ýurt önümleriň ýerini tutup biljek önümleriň sany köpelýär. Bu bolsa ýurduň ykdysady ösüşine öz goşandyny goşýar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm