Döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Gazagystan-Türkmenistan Eýran demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Bu waka Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr-ulag aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmegiň we ony netijeli peýdalanmagyň, yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrdy. “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülen bu polat ýol Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleri daşamakda oňaýly ugry üpjün eder. Onuň ulanmaga girizilmegi Hazaryň üsti bilen geçýän Hytaý-Orta-Aziýa-Kawkaz-Ýewropa yklymüsti ugur bolan “Gündogar- Günbatar” ulag ulgamyna birikdirmek mümkinçiligini nazara alanyňda has-da ähmiýetlidir.
Bu iri maýa goýum taslamasy ählumumy rowaçlygyň, ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiň bähbidine işjeň we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulýandygyny alamatlandyrýan iki döwletiň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ýagdaýdyr. Düýn Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýewyň arasynda netijeli gepleşikler geçirildi. Munuň özi taraplaryň uzakmöhletleýin, deňhukukly we özara peýdaly esasda ýola goýulýan dostlukly hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini hereketine girizmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Ozal habar berilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça söwda-ykdysady we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Düýn Hazaryň kenarynda ýerleşýän Aktau şäherine gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sapar mahalynda özi üçin niýetlenen “Сaspian Rivmera Grand Palase” myhmanhana toplumynda ýerleşýän kabulhanasyndan ir bilen çykyp, deňizýaka şäheriniň howa menziline tarap ugrady.
Şondan birnäçe wagt geçensoň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Gazagystan-Türkmenistan Eýran polat ýolunyň üstaşyr geçelgeleriniň biri bolan “Bolaşak” demir ýolunyň ýanyndaky meýdança geldiler. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary garşylamak üçin ähli zerur çäreler görlüpdir. Aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Hemme ýerde täze ulag ugruny döretmek taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň portretleri, baýdaklary goýlupdyr. Bu ugur müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek ýörelgesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk, gumanitar ulgamlar boýunça birnäçe iri möçberli halkara taslamalaryny öňe sürmek we ony üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan täze taryhy eýýamda dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üpjün edýän gadymy ugurlary işjeň dikeldýär.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Nursultan Nazarbaýewi Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary tüýs ýürekden we mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanlaryna gül desseleri gowşuryldy.
Iki ýurduň milli Liderleri haly düşelen ýoda bilen birek-birege tarap ýörediler. Belent mertebeli myhmanlary elleri baýdakly demir ýol menziliniň işgärleri, sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri mähirli mübäreklediler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, haly düşelen ýoda bilen “Kazahstan Temir Žoly” Milli kompaniýasy” Paýdarlar Jemgyýetiniň edara ediş binasyna tarap barýarlar. Binanyň eýwanyn we beýleki otaglarynda Gazagystanyň ulag pudagynyň ösüşini beýan edýän fotosuratlar hem-de elektron pannolar, Aşgabadyň ajaýyplyklaryny görkezýän dürli kompozisiýalar goýlupdyr.
Ol ýerde Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň gysgaça tanyşdyrylyşy bolýar. Bu çärede iki döwletiň demir ýol ulaglary pudaklarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň demir ýol ulaglary düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemeli.
Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri Ýewropa bilen Aziýanyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygy bolan iki goňşy ýurduň georgrafik taýdan amatly ýerleşmegi häzirki döwürde hem möhümdir. Onlarça döwletleriň üstünlik bilen ulanýan ygtybarly üstaşyr ulag geçelgesini üpjün etmek bilen, Türkmenistan we Gazagystan demir ýol pudagynyň ösdürilmegine, täze ýollaryň gurluşygyna, bar bolan düzümleýin desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, pudagyň häzirki zaman tehnikalary, amatly ýolagçy wagonlaryň, nebit hem-de nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünlerini, dänäni daşamak üçin ýöriteleşdirilen wagonlaryň yzygiderli satyn alynmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Bu bolsa üstaşyr ulag ugurlarynyň, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin giň mümkinçilikler açýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde, GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki ýokary derejedäki forumlaryň sammitlerinde häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürdi, ol başlangyçlar häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Hususan-da, BMG-nyň Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmegi ugur edinýän ulag ulgamynyň ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda gürrüň barýar. 2011-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny baglanyşdyrjak “Özbegistan-Türkmenistan Eýran-Oman-Katar” täze halkara üstaşyr-ulag ugruny döretmek boýunça Ylalaşyga gol çekilmegi milli Liderimiziň işjeň teklipleriniň derwaýys häsiýete eýedigini alamatlandyrýar. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň çekilmegi Aziýa sebitiniň döwletlerniň arasynda halkara ulag gatnawlarynda möhüm ähmiýeti bolar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine degişli Ähtnama 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň, Owganystanyň weTäjigistanyň Prezidentleriniň Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygynda gol çekildi. Bu taslamanyň birinji tapgyrynda uzynlygy 85 kilometr bolan Türkmenistanyň çägindäki Atamyrat-Ymamnazar we uzynlygy 38 kilometr bolan Ymamnazardan Owganystanyň çäginde ýerleşýän Andhoý obasyna çenli bolan aralygy öz içine alýar.
Mundan başga-da, demir ýol ulgamynda birnäçe iri taslamalar ýerine ýetirildi. Eýran, Türkiýe, Ýakyn we Uzak Gündogar ýurtlaryna gysgaça ugry üpjün eden Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly hereket edýär. Şeýle hem Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi ulag ulgamynyň möhüm ulgamyna öwrüldiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda uly monitorda kompýuter grafikasynyň kömegi arkaly Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýolunyň gurluşygy we onda döreýän mümkinçilikler bilen baglanyşyky dürli çyzgylar hem-de sýužetler görkezilýär.
Gazagystanyň serhedinden başlap, Garagum sährasynyň içinden geçip, Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan welaýata çenli bolan aralyk 900 kilometre barabardyr. Onuň 700 kilometre golaý bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär. Çylşyrymly tebigy we howa şertlerinde türkmen demir ýolçulary gysga wagtyň içinde Bereket demir ýol menzilinden Gyzylgaýanyň üsti bilen Gazagystanyň döwlet serhedine çenli bolan 444 kilometr uzynlykdaky demir ýoly çekdiler. Iki ýurduň araçäginde Serhetýaka atly täze şäherçe döredi. Polat ýoluň ugrunda onlarça inženerçilik desgalary, demir ýol menzilleri, depo, kiçiräk menziller we beýleki degişli düzümleýin desgalar bina edildi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň bölümleri Bereket demir ýol menzilinden Etrek etrabynyň merkezine çenli bolan aralykdaky demir ýoly çekýärler.
Bu halkara üstaşyr demir ýolunyň Gazagystanyň çäginden geçýän ugrunyň uzynlygy 146 kilometr bolup, ol Mangistau welaýatynyň Uzen demir ýol menzilinden Türkmenistan bilen araçäkde ýerleşýän Bolaşak demir ýol menziline çenli bolan aralygy öz içine alýar. Ol ösen düzümi bolan häzirki zaman demir ýol bolmak bilen, onuň ugrunda iki täze mnzil we bäş sany ugurdaş desgalary açyldy.
Dabaranyň geçýän ýerinde tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň ygtyýar bermeginde täze demir ýolda hereket başlanýar. Gazagystan bilen Türkmenistanyň döwlet serhedindäki Uzen demir ýol menzilinde Kostanaý welaýatyndan gelýän otly “Bolaşak” demir ýol menziline tarap geçýär.
Döwlet Baştutanlary “Kazahstan Temir Žoly” Milli kompaniýasy” Paýdarlar Jemgyýetiniň edara ediş binasyndan çykyp, ýörite meýdança gelýärler. Ol ýerde döwlet Baştutanlaryny dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ýerli ilat bilen gürrüňdeş bolýarlar. Olary sebitiň dostlukly ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde möhüm ähmiýeti bolan täze döwletara demir ýolunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan şanly waka bilen gutlaýarlar we işçileriň hem-de ýaşaýjylaryň hal-ahwallary bilen içgin gyzyklanýarlar.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Bolaşyk demir ýol menzilinde duran otlynyň VIP wagonyna münýärler. Otlynyň maşinisti herekete başlanýandygyny alamatlandyrýan zoguny çaldy. Tiz wagtdan bu otly döwlet serhedine tarap ugraýar.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlaryny dabara geçirilýän ýerdäki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalary mähirli garşylaýalar. Belent mertebeli myhmanlara duz-çörek hödür edilýär, gül desseleri gowşurylýar. Dabara gatnaşyjyaryň arasynda diplomatik wekilhanalaryň, iri daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalarynyň, öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew haly düşelen ýoda bilen “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň türkmen we gazak bölekleriniň birleşýän ýerine barýarlar. Bu künjekde baýramçylyga mahsus dabara höküm sürýär. Ähli ýerde dürli şygarlar ýazylan pannolar, baýdaklar we howa şarlary bar.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri bu ýerde guralan münbere geçýärler. Dabara gatnaşyjylar iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Prezident Nursultan Nazarbaýew dabara gatnayşyjlara hoşallyk bildirip, hemmeleri Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky göni demir ýol gatnawynyň açylmagy mynasybetli guralan dabara bilen gutlady. Täze transmilli polat ýolunyň taryhy ähmiýeti barada aýtmak bilen, Gazagystanyň Lideri bu ugruň Pars aýlagyna çykalgany üpjün edýän möhüm bölekdigini belledi.
Ykdysady nukdaý nazardan bu ýol üstaşyr ýükleriň we ýolagçy gatnawynyň gysga ugruny üpjün edýär. Häzirki şertlerde munuň özi möhüm ýagdaýdyr diýip, Gazagystanyň Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda ýük dolanyşygynyň möhletleriniň gysgaldylmagy çynlakaý bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün edýär. Bu bolsa işjeňligi artdyrýar, ahyrky netijede ýurduň abadançylygynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär diýip, ol belledi.
Gazagystanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmäge başlanan döwürden bäri onuň derwaýyslygy has-da artdy. Ol dünýä söwda gatnaşyklarynyň merkezine öwrüler we Aziýa bazarlaryna bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyny şertlendirer. Şol bir wagtyň özünde Gazagystanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetleri soňky ýyllarda durnukly ösüşe eýe bolýar. Ýokarlanýan önümçilik kuwwatlyklary ummana çykalgalary bolmadyk iki ýurduň öňünde täze bazarlaryň tapylmagy bilen baglanyşykly wezipeleri goýdy diýip, Gazagystanyň Prezidenti nygtady.
Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky demir ýol gatnawy söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi berer we olaryň haryt dolanyşygynyň artmagyny şertlendirer.
Ikinjiden bolsa, demir ýoluň Eýranyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Ýakyn Gündogar, Günorta , Günorta Gündogar Aziýa ugurlary boýunça eksporty artdyrmak mümkinçiligi emele geler. Üçünjiden, Demirgazyk ugur boýunça bolşy ýaly, günorta ugurlar boýunça beýleki onlarça ýutlar üçin ykdysady taýdan amatly ugur emele geler. Biz öz gezegimizde üstaşyr döwlet hökmünde artçkmaçlyklarymyzy gazanarys, täze iş orunlaryny dörederis diýp bellemek bilen, Gazagystanyň baştutany täze ýoluň Hazarýaka sebitiniň ösdürilmegine, ulag, önümçilik we durmuş ulgamynyň düzümleriniň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.
Täze demir ýoluň ykdysady bähbitden başga-da, onuň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm gurala öwrüljekdigi gürrüňsizdir diýip, Nursultan Nazarbaýew sözüni dowam etdi we bu taslamanyň durmuşa geçiilmegi iki ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň we bu ýurtlaryň tehniki, maýa goýum we guramaçylyk ýaly çylşyrymly meseleleri çözmäge mümkinçiliginiň bardygynyň subutnamasy boup durýandygyny aýtdy.
Nursultan Nazarbaýew çykyşyny tamamlamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa taslamany durmuşa geçirmäge badalga berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, “Gazagystan-Türkmenistan Eýran” demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini alamatlandyrýan şu günki wakanyň taryhy ähmiýete eýedigini belledi.
Şunuň ýaly taslamalary ykdysady taýdan durnukly we kuwwatly, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan, bilelikdäki maksadyň, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň geljegine göz ýetirýän döwletler amala aşyryp bilýärler. Hut şol ýörelgeleriki ýurduň hünärmenleriniň sazlaşykly we netijeli işi umumy üstünligiň kepili boldy.
Prezident Nursultan Nazarbaýewe bu taslamany goldandygy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz demir ýoluň gurluşygyna gatnaşan ähli gurluşykçylara, inženerlere we taslamaçylara yhlasly zähmetleri üçin sagbolsun aýtdy.
Ulag ulgamy ählumumy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Onuň netijeli hereket etmegi dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyny we deňeçerligini üpjün edýär. Halkara bazarlaryna bökdençsiz we gysga ugur boýunça çykylmagy, haryt gatnatmagyň we hyzmatlaryň ygtybarlylygy hem-de durnuklylygy häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň özi dünýä ýüzündäki umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär we sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyna, dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryna ähli döwletleriň gatnaşmagynyň derejesini kesgitleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň çägi iri dünýä bazarlaryna amatly çykalgany üpjün edýän “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça amatly geçelge bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Gazagystan-Türkmenistan Eýran demir ýolunyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň oňaýly sazlaşygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri emele getirýär. Ol Ýewropa ýurtlarynyň Baltika deňzindäki menzillerden Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň kenarlaryndaky döwletlere çykalgany açýar we ýoluň gysgaldylmagyny, wagtyň tygşytlanmagyny üpjün edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Bu ýerde gürrüň Merkezi Aziýa, Hazar sebitiniň döwletleri bilen Gara deňiz we Zakawkazýe sebitlerini baglanyşdyrýan we Baltika hem-de Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna çykalgany emele getirýän täze geoykdysady giňişligiň döredilmegi hakynda barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem bu taslama Günorta we Gündogar ugurlardaky ulag düzümlerine birikmegi, Hytaý, Hindistan, Pakistan, AziýaÝuwaş umman sebitleriniň ýurtlarynyň kuwwatly ykdysady merkezlerine çykalgany emele getirýär, bu bolsa ählumumy geoykdysady ulgamda täze pikirlenmeleri, onuň ösüşiniň strategik geljegini alamatlandyrýan täze görnüşli hyzmatdaşlygyň döredilmegini şertlendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gazagystan-Türkmenistan Eýran demir ýoly, munuň özi diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol sebitde we onuň daşynda umumy ýagdaýa oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylygaň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, yklymara syýasy gatnaşyklar ulgamynda goşmaça durnukly itergi bermäge ukyply çynlakaý geosyýasy ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Tutuşlygyna alnanda bolsa, munuň özi halkara syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, Merkezi Aziýada üstünlikli ösüşi üpjün etmek, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly we köptaraplaýyn gatnaşyklar esasynda utgaşmak ýagdaýynyň möhüm şerti bolan ygtybarly binýat bolup durýar.
Halkara we sebitara guramalaryň derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrymagyň jähedinde bu taslamanyň geljegi örän uludyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan-Türkmenistan Eýran demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri düzümleriň hyzmatdaşlyk hem-de mümkinçilikleri peýdalanmak işiniň giňeldilmegini şertlendirjekdigini aýtdy.
Taslamanyň maksady Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň uzakmöhletleýin strategiýasyna doly laýyk gelýär. Munuň özi Ýewraziýanyň günorta çäginde strategik durnuklylyk ulgamynda möhüm bölek bolan sebitiň geljegi uly ykdysady hyzmatdaşdygyny görkezer we yklym ähmiýetli iri üstaşyr-ulag ulgamyny emele getirer diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistan we Gazagystan üçin täze demir ýoluň ägirt uly ähmiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz onuň ulanmaga girizilmegi bu ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berer, täze iş ýerleriniň döredilmegini, durmuş we senagat düzümleriniň gurluşygyny, iri daşary maýa goýum serişdeleriniň çekilmegini üpjün eder diýip nygtady. Munuň özi adamlaryň abadançylygyna, olaryň hal-ýagdaýynyň we durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berer, bu bolsa dostlukly ýurtlaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şu günki waka biziň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna altyn sahypa bolup girer diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz biz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky bozulmaz dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, biziň halklarymyzyň doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen bu derwaýys iri möçberli taslamany bilelikde ýerine ýetirendigimize buýsanmaga haklydyrys diýip, milli Liderimiz çykyşyny jemledi.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalar astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew ýörite gurnalan ýerdäki enjamyň başyna geçýärler we onuň düwmesini basyp, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda çekilen aragatnaşygyň döwletara optiki-süýüm ulgamynyň hereketine badalga berýärler. Onuň hereketi bu ýerde oturdylan uly monitorlarda görünýär.
Häzirki döwürde aragatnaşynyň görnüşi maglumatlary bermegiň iň netijeli usullarynyň biri bolup durýar. Munuň özi ýokary geçirijilik ukybyna, goraglylyk derejesine, maglumatlary uzak aralyga ýörite güýçlendirijileri ulanmazdan, geçirmek mümkinçiligine, uzakmöhletleýin ulanyş ukybyna eýe bolan birnäçe artykmaçlyklardan ybaratdyr.
Bilelikdäki taslamanyň çäklerinde “Türkmentelekom” Döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň we “Kazahtelekom” Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň döwletara şahasyny gurdular, ol Türkmenistanyň çäginde Türkmenbaşy şäherinden Garabogaz gümrük nokadyna çenli we degişlilikde Gazagystanyň çäginde Fetisowodan Temirbaba gümrük nokadyna çenli geçýär. Täze optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy transaziýa-ýewropa aragatnaşyk ulgamy bilen birikdirilip, eýýäm bar bolan transmilli aragatnaşyk ulgamlaryna, şol sanda halkara telefon aragatnaşygyna we Internete ygtybarly we gyssaagly ýagdaýda çykmak, şeýle hem Russiýa, Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa ugur boýunça üstaşyr gatnaw üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Taryhy pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri “Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň iki böleginiň birigýän ýerine barýarlar. Demirýolçynyň lybasyndaky oglanlar döwletleriň Baştutanlaryna ýörite gurnama açaryny gowşurýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpmagynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew transmilli demir ýoluň relsleriniň “Altyn sepiniň” nurbatyny berkidýärler. Bu demir ýoly döretmegiň esasy maksady çuňňur many-mazmuna eýe bolup, millionlarça adamlaryň bähbitlerine, diýmek, parahatçylygyň, ösüşiň we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine gulluk etmekden ybaratdyr. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde iki halklaryň hemişelik dostlugyny we doganlygyny alamatlandyrýan türkmen we gazak dillerinde joşgunly aýdymlar ýaňlandy.
Döwletleriň Baştutanlary täze demir ýol boýunça gatnawa simwoliki badalga berip, hemmeleri bu şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutladylar hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, garaşyp duran otla tarap barýarlar, bu otly türkmen-gazak serhediniň üsti bilen “Serhetýaka” demir ýol menziline tarap ugraýar.
… Bu ýerlerde demir ýol çöllük ýerleriň we kert belentlikleriň arasyndan geçýär, ýolugra otlynyň aýnasyndan adaty ýagdaýy synlamak bolýar: düzlükde düýeler howlukman ädimläp barýar, gerişlerde dowarlaryň sürüleri bakylyp ýör. Bu ýowuz görnüşiň birsydyrgynlygy asyrlarboýy bu ýerde ýaşap, tebigat bilen sazlaşygy tapmagy öwrenen adamlaryň hem-de bu ýeňil bolmadyk şertlerde sebitleri we halklary baglanyşdyran gadymy kerwen ýollarynyň deregine täze döwrebap demir ýoly guranlaryň çydamlylygyna hormat goýmalydygymyzy görkezýär.
Indi bu ýerde otlularyň gatnawy bilen birlikde täze durmuşa mahsus ýagdaý döreýär. Şol durmuşyň sazlaşyklylygy we batly depgine eýe bolmagy milli türkmen lybasly atlylaryň atlanan ahalteke bedewleriniň bady bilen utgaşýar, şol atlylar otlyny hormat bilen ugradýarlar, bu otly türkmen-gazak serhedindäki ýere tarap barýar, bu ýerde gündogara mahsus görnüşde bina edilen arka Türkmenistanyň çäginiň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
Otly “Serhetýaka” menziline gelýär, şu gün bu menzil şanly waka mynasybetli birkemsiz bezelipdir. Aýdym-saz ruhubelent we batly ýaňlanyp, daş-töwerege ýakymly we şatlykly habary ýaýradýan ýaly bolup eşidilýär.
Bu ýerde milli Liderleri Türkmenistanyň we Gazagystanyň demir ýol ulgalary ulgamlarynyň ýolbaşçylary garşylaýarlar. Şeýle hem ýygnananlaryň arasynda iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalary, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, gurluşykçylar we demir ýol ulgamynyň işgärleri bar.
Türkmen milli lybasly gyzlar Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentlerine gül desselerini gowşurýarlar.
Döwletleriň Baştutanlary ýygnananlar bilen salamlaşyp, menziliň esasy girelgesine tarap ýöreýärler, binanyň öňündäki meýdançada iki döwletiň baýdaklary pasyrdaýar. Bu ýerde şu dabara mahsus bolan banerler, şygarlar we panno goýlupdyr.
Ýygnananlaryň el çarpmagynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew toý bagyny kesýärler: strategiki taýdan möhüm ähmiýetli demir ýoluň möhüm düzümine öwrüljek “Serhetýaka” menzili açylýar! Belent mertebeli myhmanlar binanyň içine girýärler we täze desga bilen tanyşýarlar.
Bu ýerde işgärler we ýolagçylar üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde enäniň we çaganyň otagy, lukmançylyk nokady, aragatnaşyk bölümi, el goşlary tabşyrylýan bölüm, mejlisler zaly, tehniki merkez hem-de kömekçi we serwis gulluklary üçin beýleki jaýlar bar. Demir ýol menziliniň işgärleriniň iş orunlary dolulygyna awtomatiki enjamlar we döwrebap tehnikalar bilen üpjün edildi. Ýolagçylar üçin niýetlenen 50 orunlyk giň zal adamlar üçin amatly şertleri üpjün etmek babatda bildirilýän döwrebap talaplara laýyk gelýär.
“Serhetýaka” menzidlinde bir gatly wokzal binasyndan başga, lokomotiw toparlary üçin 40 orunlyk dynç alyş jaýy, 50 orunlyk myhmanhana, bu ýerde işleýän hünärmenleriň maşgalalary üçin bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si, teplowozlara tehniki taýdan hyzmat etmek üçin aýlawly depo guruldy.
Ýeri gelende aýtsak, bir ýyl mundan ozal Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet serhetlerinden geçmek üçin halkara demir ýol nokadyny döretmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda bu ýerde dürli maksatly beýleki desgalar, şol sanda gümrük, migrasiýa, arassaçylyk keselleriň öňüni alyş gulluklary üçin edara jaýlary we beýlekiler gurlar.
… Soňra döwletleriň Baştutanlary mejlisler zalyna barýarlar, bu ýerde şu günki ýene-de bir dabarany göni aragatnaşykda “Bereket” menzilini açylyşyny geçirmek göz öňünde tutuldy. Munuň üçin bu ýerde uly monitorlar, alnyp görkeziliş boýunça enjamlar goýlupdyr, bular onlaýn-tertipde şu ugurdaky esasy iki menzili özara baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri öz orunlaryna geçýärler. Alyp baryjylar dabaranyň başlanandygyny yglan edýärler. Teleköpri arkaly Bereket aragatnaşyga çykýar.
… Ýaňy-ýaňylar hem Aşgabatdan 300 kilometrden gowrak aralykda ýerleşýän bu gadymy şäherjik ýerleşýän ýerine görä, ýurdumyzda üstaşyr geçirýän, deňziň ýakasyndaky tutuş ülkäniň senagat taýdan çalt depgin bilen ösdürilmegine badalga berýän iri nokadyň derejesine eýe bolmanka, Bereket barada eşidenler az-azdy.
Hut şu ýerde birnäçe ýyl mundan ozal simwoliki “Altyn düzümiň” düýbi tutulyp, bu örän uly taslama halkara Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň möhüm ähmiýetli ulag ýoluna öwrüljek Uzen-Gyzylgaýa- Bereket- Etrek- Gürgen transmilli demir ýoluň gurluşygyna badalga berildi.
Bu örän zerur bolan demir ýol Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň çäklerinden geçip, onlarça ýurtlar üçin has amatly we ykdsady taýdan bähbitli üstaşyr geçýän ugur bolup durýar. Bu taslama iş ýüzünde maksada laýyk gelmek bilen çäklenmän, durmuş taýdan örän möhüm ähmiýete eýedir, çünki şunda sebitlerdäki merkezlerden daşda ýerleşýän kiçeňräk şäherleri we obalary düýpgöter täzelemek göz öňünde tutulýar, bu taslama tarp ýerleriň özleşdirilimegine, uzak wagtlap önümçiligiň diňe gadymy ekerançylyga we maldarçylyga esaslanan ýerlerinde döwrebap we ösen senagat nokatlarynyň döredilmegine ýardam berýär. Durmuş-ykdysady taýdan ösüşine badalga berýän ulag kommunikasiýalarynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde bu ýerlerde düýpgöter täze mümkinçilikler döreýär.
Demir ýoluň has uly bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär. Munuň ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmekde möhüm ýagdaýa öwrüler, çünki şu ýerde tebigy baýlyklaryň örän uly gorlary ýerleşýär. Bu günki gün biz demir ýoluň demirgazyk böleginiň açylyşyny toýlaýarys, şol bir wagtyň özünde bu ýoluň günorta tarapyndaky işler dowam etdirilýär: şol ýol Türkmenistanyň we Eýranyň serhedindäki Bereket şäherini we Etrek etrabynyň merkezini baglanyşdyrar we onuň uzynlygy 256 kilometrden gowrak bolar.
“Serhetýaka” Bereket teleköpriniň barşynda görkezilýän şekiller demir ýoluň bu ýerlerde ösüşe badalga berýän mümkinçilikleri döredendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Bereket Gyzylgaýa- Serhetýaka şahasynyň uzynlygy 444 kilometre barabardyr. Şu ýoluň ugrunda demir ýoly ulanmak üçin zerur bolan döwrebap düzüm döredilýär. Bu ýerlerde täze menziller, lokomotiw we ýolagçyl otlulary üçin depolar gurulýar, şolaryň ýanynda döwrebap şäherçeler döredilýär.
Şol bir wagtyň özünde türkmen hünärmenleri täze ýoluň golaýynda çägelikleri, süýşýän çägeli depeleri berkitmek boýunça işleri yzygiderli ýagdaýda amala aşyrýarlar. Bu ýoluň ugrunda onlarça köprüler, sil suwlaryny sowmak üçin 150-den gowrak binalar we beýlekiler gurlar. Bu demir ýol ýurdumyzda möhüm ähmiýetli desgalaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň düzümleri bu demir ýoluň gurluşygyna we abadanlaşdyrylmagyna öz goşantlaryny goşýarlar.
Berekediň lokomotiw deposyna täze ýük we ýolagçy otlularynyň, teplowozlarynyň tapgyry eýýäm gelip gowuşdy. Transmilli demir ýolda ýurdumyzyň ýokary derejeli hünärmenleri, şol sanda Türkmen milli Ulag we aragatnaşyk institutynyň uçrumlary işlärler.
Ekran arkaly iki ýurduň Liderlerini Berekediň hormatly aksakallary mübärekleýärler. Olar hemmeleri türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyndaky bu möhüm ähmiýetli dabara bilen gutlap, döwletleriň Baştutanlaryndan menzildäki toplumyň açylmagyna ak pata bermegi haýyş edýärler.
Ýygnananlaryň el çarpmagynda, aksakallar toý bagyny kesýärler we Bereketde geçirilýän dabara gatnaşyjylar wokzalyň binasyna girýärler. Wakanyň bolup geçýän ýerinden gös-göni aragatnaşyk arkaly 100 ýolagçyny kabul etmek üçin iniýetlenen iki gatly wokzaldaky jaýlaryň ýerleşdirilişi görkezilýär. Şeýle hem bu topluma has täze tehnika bilen üpjün edilen dispetçer merkezi goşuldy.
Teleköpri mahalynda “Bereket” menziliniň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu pudakda işleýänler barada içgin alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ähli demirýolçularyň adyndan öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin öz güýçlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri bereketlileri täze menziliň açylmagy bilen mähirli gutlap, olara işde üstünlikleri gazanmagy, maşgala abadançylygyny we jan saglyk arzuw etdiler hem-de bu demir ýoluň gurluşygyna gatnaşanlaryň ählisine taslama düzüjilere, demir ýolçulara, gurlşykçylara, hyzmatdaşlara, bu uly işe öz goşangdyny goşan ähli işgärlere tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Şol bir wagtyň özünde Bereketde baýramçylyk dabarasy gyzyşýar perronda folklar toparlary we ýerli artistler çykyş edýärler. Ýaşulular wokzalyň binasyndan çykyp, ýolagçylar üçin niýetlenen amatly wagona münýärler…
Dabara tamamlanandan soňra, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew “Serhetýaka” menziliniň perronyna çykýarlar we bu ýerde täsirli sahna görkezilýär. Türkmen halkynyň beýik taryhy şahsyýetleri Gorkut atanyň, Oguz hanyň, Magtymguly Pyragynyň şekilleri janlandyrylýar… Bu sahnanyň esasy many-mazmuna dostlugyň, jebisligiň, doganlygyň we hoşniýetli goňşyçlygyň gadymy ýörelgelerini mukaddeslik hökmünde goramagy wesýet eden ata-babalarymyzyň mizemez ruhy gymmatlyklaryny beýan etmekden ybarat boldy. Häzirki wagtda şol ýörelgeler türkmen-gazak gatnaşyklaryny çuňňur many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrýar.
Soňra iki döwletiň Baştutanlary menziliň çäginde abadanlaşdyrmak we durmuşa dahylly ýörite düzümi döretmek boýunça edilen işler bilen tanyşdylar.
Indiden beýläk täze strategiki ähmiýetli demir ýoluň göwnejaý hereket etmegi ýoluň şu böleginde işleýän ähli hünärmenleriň zähmetine we olaryň öz işine jogapkärli garamagyna baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň, adamlar baradaky aladanyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň geljekde-de döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan ugur bolmagynda galjakdygyny nygtady. Bereket ýaly uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerdäki ýaşaýyş şertleri ýylsaýyn gowulandyrylar, şäheriň ösüşiniň derejesine görä, bu ýerde täze seýilgähler, mekdepler, medeniýet we saglyk öýleri, dynç alyş merkezleri gurlar we täze iş orunlary dörediler.
Bu ýerde, menziliň çägindäki açyk ýerde sergi guraldy. Bu sergi arkaly Hazaryň türkmen kenaryndaky baýlyklar we bu ýerdäki ilat, oba we balyk hojalygynda, senagata degişli pudaklarda, deňiz ulgamynda gazanylýan üstünlikler, şeýle hem senagatyň ösüşinde, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça döreýän uly mümkinçilikler barada gürrüň berilýär. Milli senetçileriň önümleri, amaly-haşam sungatyna degişli zatlar: nepis halylar, milli zergärçilik önümleri we başga-da birgiden zatlar bu serginiň täsirliligini has-da artdyrdy.
Beýleki tarapda ak öýler birkemsiz dikilipdir, gazanlar bugaryp dur, bu ýerde dutar çalnyp, milli aýdymlary ýerine ýetirilýär we uly türkmen toýuna mahsus bolan şadyýan ýaşgdaý höküm sürýär. Şol ak öýleriň her biri birkemsiz bezelipdir, sekilerde oturan zenanalar el işlerini berjaý edýärler, çagalar oýnap ýörler… Munuň özi has köp gatnawly söwda ýollarynda ýerleşýän gadymy türkmen obasyna mahsus ýagdaýy ýatladýar. Häzirki wagtda gurulýan iri önümçilik toplumlary, çekilýän demir ýollary we beýleki kommunikasiýalar bu ýerdäki ýagdaýa mahsus bolmak bilen, döredijiligiň, täzelenişiň we ösüşiň güýjüni getirýär.
Täze “Serhetýaka” menziliniň hem bu ýerde ähli zerur durmuş-ýaşaýyş düzümli döwrebap şäherçäniň döredilmegine badalga berjekdigine söz ýok.
Demir ýoluň türkmen-gazak böleginiň açylmagy sebitdäki ýurtlaryň ählumumy ykdysady ösüş, maýa goýumlar babatdaky işjeňligi artdyrmak, uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutmak arkaly halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly ýagdaýa üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berjek döwrebap transkontitental üstaşyr ulag ulgamyny yzygiderli ýagdaýda döretmekde uly ädime öwrüldi.
Soňra demir ýoluň türkmen-gazak böleginiň açylmagy mynasybetli Prezidentleriň gatnaşmagynda resmi günortanlyk nahar berildi.
Iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary türkmen we gazak halkalyrynyň dostlugyna bagyşlanan aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem konserte Balkan welaýatynda kowçum bolup ýaşaýan hem-de özleriniň etniki, medeni, döredijilikli ýörelgelerini aýawly saklaýan gazaklaryň folklor topary gatnaşdy.
Goňşy iki halkyň dostlugy, ynamy, birek-birege hormaty, doganlygy munuň özi biziň tüýs ýürekden uly sarpa goýýan beýik mirasymyzdyr hem-de ol Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky häzirki we geljekki netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup durýar.
Iki döwletiň Baştutanlary ýygnananlar bilen hoşlaşyp, dik uçar üçin niýetlenen meýdança gelýärler. Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew biri-biri bilen dostlarça hoşlaşyp, doganlyk iki halka parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärler hem-de häzirki wagtda täze mümkinçiliklere eýe bolan netijeli türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şu ýerden Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystana tarap ugraýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň münen dikuçary Türkmenbaşy şäherine tarap ugur aldy.
* * *
Şu gün Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, birnäçe ministrlikleriň we harby düzümleriň ýolbaşçylar, Balkan welaýatynyň häkimi gatnaşdylar. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyşy bilen baglanyşykly, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Mejlis tamamlanan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine ugrady.