8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Beýik şahyryň ýurdunda.

Ýurt watansöýüji şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny giňden bellemäge taýýarlyk görýär. Bu şanly sene mynasibetli Balkan welaýatynyň ähli etraplarynda we şäherlerinde medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bu çärelere okuwçy ýaşlar, dilçi mugallymlar, medeniýet we sungat işgärleri, ýerli şahyrlar, suratkeşler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulylar, giň ilat köçüligi gatnaşýarlar.

Olaryň arasynda beýik şahyryň eserleriniň ählisini diýen ýaly ýatdan bilýän köp sanly poýeziýany söýjüler bar. Pyraga şeýle hormat goýýanlara halkyň arasynda şahyryň edebi mirasynyň “janly ensiklopediýasy” diýip atlandyrýarlar. Olar – döredijilik agşamlaryna, ylmy maslahatlaryna, welaýatyň okuw, medeni-aň-bilim edaralarynda geçirilýän bäsleşiklerine we wiktorinalaryna ýygy-ýygydan myhman hňkmünde gatnaşýarlar. Orta bilim berýän mekdeplerde Magtymguly Pyragynyň ömrini we döredijiligini öwrenmek boýunça synpdan we mekdepden daşgary çäreler, synp sagatlary yzygiderli geçirilýär, diwar gazetleri çykarylýar, ýaş şahyrlaryň, çeper okaýjylaryň, suratkeşleriň bäsleşikleri geçirilýär.

Magtymguly adyndaky Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada we şahyryň Balkanabat şäherindäki ýadigärliginiň ýanynda medeniýet işgärleri tarapyndan guralýan poýezi sagatlary, edebi okaýyşlar, aýdym-sazly agşamlar geçirilýär. Welaýatyň drama teatrynyň, welaýatyň medeniýet müdirliginiň teatr-studiýasynyň artistleri, “Türkmennebit” DK Medeniýet öýüniň “Dehistan” folklor topary şahyryň ömri we dördijiligine bagyşlanan sahnalaşdyrylan oýunlary bilen çykyş edýärler.

Beýik Pyragynyň watandaşlary şahyra uly hormat goýýarlar. Şahyryň dogduk obasy bolan Gerkez şahyryň adyny göterýän Magtymguly etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. Şahyr öz terjimehalyna bagyşlap ýazan goşgularynyň birinde gadymy Dehistanyň ýerleşýän ýerinde dogulandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtap geçýär. Bu ýerleriniň her bir depesi Magtymguly üçin örän gymmatly bolup durýar. Gerkez obasynda şahyr, filaosof, zergär Magtymgulynyň ýaşan dörüni, döredijiligini beýan edýän eksponatlar ýerleşýän muzeý döredildi. Bu muzeýde şahyryň öz eli bilen döreden zatlary hem aýawly saklanylýar.

Ynsanýetiň ruhy medeniýetiniň gymmatlyklaryna öwrülen Magtymgulynyň eserleri bu günki gün hem öz ähmiýetini we gymmatlyklaryny ýitirmän gelýär. Onuň eserleri adamlary ruhy, ahlak estetiki taýdan terbiýelemäge çagyrýar, adamlaryň aňynda ýokary duýgulary oýarýar. Bu babatda türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň, ýerli şahyrlaryň, öz dördijiliginde beýik Pyragynyň goşgularyna aýdym aýdýan bagşylaradyr sazandarlaryň uly hyzmatlary bardyr. Welaýatyň ähli ktaphanalarynda watany söýüji şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergileri geçirilýär, okyjylar maslahatlary, wiktorinalar, bäsleşikler guralýar. Bilim işgärleri, umumy bilim berýän mekdepleriň okuwçylary, talyp ýaşlar däp boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilýän poýeziýa eserleriniň döwlet bäsleşiklerine işjeň goşulyşýarlar. Onuň netijeleri bolsa, Gerkez obasynda Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününde jemlenilýär. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet Günleri Açyldy

syrach

Ýangyn Howpsuzlygy

turkmenhabargullugy