8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DÜNÝÄ

Berdimuhamedow NATO-nyň wekili bilen gepleşik geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow NATO-nyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili jenap Jeýms Appaturaýy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga mümkinçilik döredendigi üçin hoşallyk bildirip, NATO-nyň Baş sekretary jenap Anders Fog Rasmusseniň mähirli salamyny gowşurdy. Ol Demirgazyk Atlantik şertnamasy guramasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky ýola goýlan oňyn gatnaşyklara ýokary baha berdi. Şunda NATO Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Türkmenistan umumy ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halkara guramalary we düzümleri, şol sanda NATO bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hemişelik bitaraplyk derejesine we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtap, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň hatyrasyna ýurdumyzyň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri Demirgazyk Atlantik birleşigi bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ilkibaşdan birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplaryň hoşniýetli erk-islegi esasynda guralýar.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň we Demirgazyk Atlantik Şertnamasy guramasynyň NATO-nyň “Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” maksatnamasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklary dowam etdirmäge meýillidiklerini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi babatda özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şol ugurlaryň hatarynda tebigy betbagtçylyklaryň howpuny ýa-da netijelerini aradan aýyrmak, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, halkara terrorçylygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek çäreleri bar. Şunda gumanitar ulgamda, hususan-da, ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Bu ulgamy kämilleşdirmek bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Jenap Jeýms Appaturaý häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdini gözlemäge gönükdirilen halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini aýdyp, NATO goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmekde türkmen döwletiniň berýän kömegine we goldawyna ýokary baha berýär diýip belledi. Türkmen tarapynyň oňyn başlangyçlarynyň birnäçesi munuň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Olaryň arasynda tutuş Aziýa sebitiniň döwletleriniň durnukly ösmegine ägirt uly goşant goşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurmak baradaky iri taslama bar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen NATO-nyň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kit Renni Allan gatnaşdy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Indoneziýanyň Ýolagçy Uçary Ýitdi

syrach

Birža Täzelikleri

Adam Hukuklary Boýunça Pudagara Toparyň Mejlisi Geçirildi

turkmenhabargullugy