8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Şu gün paýtagtymyzdaky kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara derejeli uly çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylda GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanda geçirilýän bu mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada düýn Arkalaşygyň döwletleriniň – Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň , Moldawa Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Ukrainanyň hökümetleriniň wekiliýetleri geldiler. Bu mejlisiň öňüsyrasynda—düýn günüň ikinji ýarymynda, şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem 29-njy maýda türkmen döwletiniň Baştutany GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygyny — Ýerine Ýetiriji sekretaryny kabul etdi.

Irden belent mertebeli myhmanlar “Oguzkent” myhmanhanasynda Prezidentiň kabulhanasyna bardylar, bu ýerde olary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Däp bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň we Arkalaşygyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň ýanyynda bilelikde surata düşülenden soňra, olar mejlisler zalyna çagyryldy, bu ýerde çäkli düzümde duşuşyk geçirildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açdy we belent mertebeli myhmanlary mähirli gutlap Aşgabada gelmäge çakylygyň kabul edilendigi üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milletiň Lideri şu günki duşuşykda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga degişli derwaýys meselelriň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşlyşmalydygyny belläp, bu hyzmatdaşlygyň barşyna umuman oňyn baha berdi. Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerinde dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de maksada laýyk görnüşde berkitmegiň zerurdygyna düşünilýändigini we olaryň muňa taýýardygyny aýtdy. GDA-nyň pudaklaýyn geňeşleri we komitetleri yzygiderli we anyk ýagdaýda işleýärler, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň derejesindäki duşuşyklar we gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir.

Şunuň bilen bagllykda türkmen döwletiniň Baştutany Aşgabatda GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 41-nji mejlisiniň geçirilendigini, indiki hepdede gumanitar-medeni ugurly çäräniň we soňra Sebitde aragatnaşyk boýunça Arkalaşygyň aragatnaşyk müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 46-njy mejlisiniň we beýleki çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu mejlisiň häzirki döwürde Arkalaşygyň işindäki wajyp ähmiýetli tapgyr hökmünde möhümdigini aýdyp, innowasion ösüşe, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ekologiýanyň howpsuzlygyna degişli meseleleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan jähetleriniň hatarynda görkezdi. Milletiň Lideri GDA agza bolup durýan döwletleriň milli ykdysadyýetlerinde şu ugurlarda işleriň göwnejaý amala aşyrylmagynyň esasan anyk ykdysady taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini kesgitleýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti energetika, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýalar ýaly strategiki ugurlardaky hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, onuň häzirki wagtda GDA ýurtlarynyň her biri üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Arkalaşygyň işlerine strategiki durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwürde terrorçylyk, neşe söwdasy, guramaçylykly jenaýatçylyk ýaly howplara garşy göreşmek işinde GDA ýurtlarynyň arasynda özara arkalaşykly hereket edilmegini mundan beýläk-de ösdürmegiň maksada laýyk gelýändigini aýtdy.

Türkmen Lideri sözüni dowam edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde medeni-gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajyp ähmiýetli bolup durýandygyny belläp, bilim, şeýle hem sport boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy, dünýä ähmiýetli meseleleriň ikisine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Şolaryň biri energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda Türkmenistan BMG-de şunuň şu başlangyjy öňe sürdi, bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynda öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna şu başlangyjyň dolulygyna oňlanandygyny üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen Lideri şu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, energiýa serişdelerini ibermegiň howpuzlygyna degişli meseleler boýunça ýörite topary döretmegiň wagtynyň gelendigini we has wajyp ähmiýetli meseläniň degişli derejede halkara konwensiýasynyň kabul edilmeginden ybaratdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany ikinji meseläniň ekologiýa, daşky gurşaw bilen baglydygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda GDA-nyň Moskwa şäherinde geçirilen resmi däl Sammitine gatnaşyjylar 2013-nji ýyly Arkalaşykda ekologiýanyň medeniýetiniň we daşky gurşawy goramagyň ýyly diýip yglan edilmegini biragyzdan ykrar etdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri “Rio-20” Bütindünýä Sammitinde taraplaryň howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň sebitara merkezini döretmek meselesinde birek-biregi goldamagyň göwnejaý boljakdygyny belledi. Türkmenistan şol merkeziň Aşgabat şäherinde Ştab-kwartirasynyň açylmagy üçin oňaýly mümkinçilikleri döredip biler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň umumy durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ykdysady ulgam boýunça GDA-da hyzmatdaşlyk edilmegine elmydama ýardam berendigini aýtdy. Häzirki wagtda türkmen döwleti Arkalaşygyň ähli ýurtlary bilen diýen ýaly göwnejaý ykdysady gatnaşyklary saklaýar we şol gatnaşyklar diýseň uly mümkinçiliklere eýedir. Milletiň Lideri biziň ýurdumyzyň geljekde-de bu wajyp ähmiýetli ugurda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine dolulygyna ýardam berjekdigini aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany giriş sözüni tamamlap, mejlise gatnaşyjylaryň ählisine netijeli işlemegi arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini açyk diýip yglan edýär.

Soňra GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy — Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi, ol guramaçylyk meseleleri boýunça çykyş etdi.

Mejlisiň gün tertibi we onuň wagty tassyk edilenden soň, duşuşyga gatnaşyjylar birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Çäkli düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, mejlis Uly mejliler zalynda GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygy açyp, oňa gataşyjylary myhmansöýer türkmen topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, bu ýerde däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de GDA ýurtlarynyň öňünde durýan we derwaýys ähmiýetli meseleler çözülende özara arklaşykly hereket edilmegine gyzyklanma bildirýän hoşniýetli dostlar we hyzmatdaşlar bilen görüşýändigimize tüýs ýürekden begenýändigimizi aýtdy.

Türkmen Lideri sözüni dowam edip, häzirki wagtda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hil taýdan täze derejä eýe bolýandygyny aýtdy. Biziň ýurtlarymyz garaşsyz, özbaşdak döwletler hökmünde berkarar edilip, deňhukuklylyga hem-de birek-birek bilen gatnaşyklarda özara hormat goýulmagyna esaslanýan özygtyýarly syýasaty ýöredýärler. Wagtyň geçmegi bilen GDA köptaraplaýyn gatnaşygyň we özara arkalaşykly hereket etmegiň çeýe guralyna öwrülip, Arkalaşyga goşulýan ýurtlara öz milli bähbitlerini ösüşiň umumy maksatlaryna laýyk getirmäge, ýüze çykýan meselelere günübirin garamaga hem-de şol meseleleri köpçülikleýinligiň we ylalaşygyň ýörelgeleri esasynda çözmäge mümkinçilik berýär. Şnunuň bile baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hut şunuň ýaly çemeleşmäniň häzirki döwre mahsus şertlerde GDA-nyň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýändigine ynanýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, yzygiderli ösüşi üpjün etmek boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň çäklerinde Arkalaşygyň orny barada aýdyp, GDA-nyň Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmek arkaly, onuň maksatlaryny we ýörelgelerni üstünlikli durmuşa geçirmek üçin birentek işleri amala aşyrýandygyny, beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigi belledi.

GDA-nyň assosiorlenen agzasy hökmünde onuň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlygyň bir görnüşi bolup durýar. Ýurdumyz taryhy tejribä, ýola goýlan netijeli gatnaşyklara esaslanýan şeýle hyzmatdaşlygyň obýektiw artykmaçlyklaryna göz ýetirip, bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribeden diňe oňat we oňyn, döwrüň synagyndan geçen ýörelgelere eýerip, olary häzirki döwre mahsus şertlerde milli bähbitlerine esaslanmak arkaly döredijilikli ulanmagy maksat edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň GDA-nyň ähli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşykarynyň üstünlikli ösdürilýändigini görkezýän mysallaryň oňat görelde bolup durýandyyny aýdyp, hyzmatdaşlygyň şunuň ýaly görnüşiniň Arkalaşygyň giňişliginde umumy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, onuň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini hem-de GDA döwletleriniň gatnaşyklaryna goşmaça badalga berýändigini belledi.

Türkmen döwetiniň Baştutany ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini GDA-nyň işiniň möhüm ähmiýetli ugry hökmünde görkezip, diýseň oňat mümkinçilikleriň bardygyny we şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagynyň Arkalyşygyň ýurtlaryna durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyny, bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyny, maýa goýumlary babatda özüne çekijiligini, täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etmäge ukyplydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti energetikany bilelikdäki tagallalaryň gönükdirilmeli ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. GDA ýurtlarynyň ählisi diýen ýaly serişdeleriň gorlary we geografik taýdan ýerleşişi boýunça energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşýarlar ýa-da gatnaşyp bilerler. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri biziň ählimiz öz energetika boýunça kuwwatlyklarymyzdan we üstaşyr geçirmek babatdaky artykmaçlyklarymyzdan dolulugyna peýdalanylmagyna gyzyklanma bildirýäris diýip belledi. Şunda bu ugurdaky işleriň ýagdaýyny göwnejaý we oýlanyşykly seljermek, Arkalaşygyň giňişliginde halkara taslamalaryny amala aşyrmak arkaly energetika boýunça ählumumy ýagdaýlara goşulyşmak bilen bagly mümkinçiliklere baha bemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ugra degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşlymagyna taýýardygyny hem-de enegiýa serişdelerini ibermek, ýangyjyň iberilmegrniň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlarynda GDA döwletleriniň işine degişli anyk we dürs ýörelgeleri işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça gepleşiklere başlamagy teklip edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri BMG-nyň Baş Assambleýasynyň indiki mejlisinde şunuň ýaly gepleşigi geçirmek boýunça Arkalaşyga goşulýan ýutlaryň bilelikdäki başlangyjy bilen çykyş etmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistan ulag infrasturturasynyň ösdürilmegine Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli ugry hökmünde garaýar. GDA-nyň giňişligi dünýäniň ulu bazarlaryna çykylmagyny üpjün edýän “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlar boýunça ulag gatnawynyň tebigy geçelgesi bolup durýar.Türkmen döwletiniň Baştutany Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygyna degişli taslamanyň amala aşyrylmagy netijesinde hem-de Orta Aziýa, Hazar, Gara deňizleriniň we Baltika sebitleriniň ulag-kommunikasion ulgamynyň örän uly mümkinçiliklere eýedigini göz öňünde tutup, GDA döwletleriniň arasynda kombinirlenen awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawy bilen baglylykda, GDA ýurtlary üçin oňaýly ýagdaýyň döreýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ekologik häsiýetli meseleleriň çözülmeginiň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga degişli möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, GDA ýurtlarynyň şu ugur boýunça netijeli we maksada okgunly çäreleri görmeginiň, BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanda belli bir kada getirilen halkara mehanizmleriniň döredilmegine gönükdirilen anyk teklipleriň birnäçesi bar, hususan-da Hazaryň Ekologik Forumyny döretmek, şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, ýöriteleşdirilen düzümi – howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezi döretmek teklip edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň yzygiderli ösüş boýunça “RIO+20” Bütindünýä Maslahatynyň barşynda şeýle teklipleriň GDA döwletleri tarapyndan oňlanmagynyň şol teklipleriň eýýäm ýakyn wagtda amala aşyrylmagyna degerli ýardam berjek delile öwrülip biljekdigini aýtdy.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni-gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan ony hyzmatdallygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri diýip hasaplaýar. Döwlet Baştutany bir aý mundan ozal 2012-nji ýylda Mary şäherinde GDA-nyň medeni paýtagty diýen derejäniň berilmegine bagyşlanan resmi dabaranyň bolandygyny belläp, Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni gatnaşyklaryna degişli çereleriň taýýarlanmagyna we geçrilmegine örän jogapkärli çemeleşýändigini aýtdy. Şu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak boýunça geljekki bilelikdäki meýilnamalaryň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny hem-de şunuň esasynda ýakyn ýyllar üçin anyk maksatnamanyň işlenip düzülmelidigini belledi.

Türkmen Lideri mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA döwletleriniň bilelikdäki işiniň ilkinji nobatda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň raýatlarynyň bähbitleri, olaryň gündelik iş-aladalary bilen baglydygyna we anyk anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendigini nygtady. Indi 20 ýyldan gowrak wagtlap GDA ýüze çykýan ähli meseleleri çözmek boýunça umumy kesgitlemeleri we özara kabul ederlikli çemeleşmeleri äşgär etmek üçin amatly ýer bolup durýar. Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidenti Arklaşygyň agzalarynyň garaşsyz hukuklaryna hormat goýulmagynyň, deňhukuklylygyň, her bir ýurduň bilelikdäki haýsy-da bolsa bir başlangyçlara gatnaşmagynyň derejesini we görnüşini saýlap almakda erkin bolmagynyň Arkalaşygyň işiniň esasy ýörelgeleri bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna uly sarpa goýýarys diýip belledi. Türkmenistanyň Prezidenti munuň özi hyzmatdaşlygyň täze çäklerini we geljekki mümkinçiliklerini äşgär etmäge mümkinçilik berýär hem-de GDA-nyň halkara derejesindäki durnuklylyga we howpsuzlyga degişi ulgamyň durnukly saklanmagyny üpjün etmegini şertlendirýär diýip aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany çykyşynyň ahyrynda GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitietine we onuň ýolbaşçysy Sergeý Lebedewe hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak boýunça netijeli iş, hususan-da, şu mejlisiň guralmagyna we geçirilmegine uly goşant goşlandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi dowam edip, şu duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň täze bellenen baştutany Ömurbek Babanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň baştutany Dmitriý Medwedewiň gatnaşýandygyny belläp, ýygnananlaryň ählisiniň adyndan olara öz ýurtlarynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bähbidi ugrundaky jogapkärli işlerinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe söz berildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi we döredilen oňaýly şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Aşgabat duşuşygynyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň birnäçe derwaýys meseleleriň girizilendigini belläp, taraplaryň Arkalaşygyň ýurtlarynyň öňünde durýan wezipeleri çözmekde oňaýly özara peýdaly ýollary gözlemäge bolan umumy meýilleriniň bardygyny aýtdy. Şu jähetden söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, Dmitriý Medwedew gumanitar ulgamdaky, ylym we bilim gatnaşyklaryny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezdi.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň öz çykyşynyň ahyrynda mejlise gatnaşyjylaryň hemmesine üstünlik arzuw etdi we Türkmenistanyň GDA başlyklyk edýän ýylynyň netijeli işlere we oňyn çözgütlere baý boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol çäkli düzümde geçen mejlisde garalan meseleler barada maglumat berdi. GDA-nyň Ýerine Ýetriji komitetiniň baştutanynyň aýdyşy ýaly, ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde birnäçe resminamalar täzeden işlemek üçin yzyna iberildi. Ukrainanyň teklibi boýunça GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň sentýabr aýynda Ýalta şäherinde geçirmek baradaky çözgüt oňlanyldy.

Resminamalaryň taýýarlygy barada aýdylanda bolsa, mejlisiň giňeldilen düzüminiň garamagyna berlen resminamalaryň hemmesi deslapky zerur bolan işläp taýýarlamalary geçdi we GDA-nyň Ykdysady geňeşi hem-de Daşary işler ministrlikleriniň geňeşi tarapyndan oňlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ýerine Ýetriji komitetiniň başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretary wekiliýetleriň baştutanlaryna, şeýle hem Arkalaşygyň döwletleriniň wekillerine hyzmatdaşlyga bolan işjeň çemeleşmeleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatdaky mejlisiniň gün tertibine goşulan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Arkalaşygyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryna degişli bolan resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Hususan-da, 2020-nji ýyla çenli Arkalaşyga goşulýan döwletlerde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň strategiýasy, Arkalaşyga goşulýan döwletleriň innowasion hyzmatdaşlygynyň Döwletara maksatnamasynyň Opreratory hakyndaky Düzgünnamasy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine Ýetiriji sekretarynyň ornubasarlaryny tassyklamak baradaky meselelere garaldy, bular boýunça oňyn kararlar kabul edildi.

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy — Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine bu çäräniň göwnejaý guralandygy, şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylaryň türkmen topragynda myhmansöýerlige we ýürekdeşlige mahsus ýagdaýda garşylanandygy üçin aýratyn hoşyllyk bildirdi. Sergeý Lebedew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň başlalyklyk edýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk we mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Soňra ykdysady pudakda, şeýle hem senagat ulgamynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen resminmalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygyna, duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine ýakymly sözler we bilelikdäki iş üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynyň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Aşgabatdaky mejlisiň netijeleri ýörite niýetlenen zalda geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça türkmen tarapynyň adyndan çykyş etdi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk babatda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden esasy tekliplerine, başlangyçlaryna we oý-pikirlerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştuanymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri jähedinde energiýa göterijileri dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ugratmaga üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamak boýunça GDA ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak barada teklip edendigi bellenildi. Türkmenistanyň Baştutany energetika boýunça hyzmatdaşlyga degişli meseleler bilen baglylykda Arkalaşygyň ýurtlarynyň, hususan-da, Hazar we Gara deňizlerinden başlap, Baltika deňzine çenli gňiňşlikdäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we täze ulag-kommunikasion geçelgeleri döretmek boýunça bilelikdäki işiň anyk we takyk görnüşlerini teklip etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça Sebitara merkezini döretmek akraly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerrni teklip edendigi bellenildi. Şunda bu mesele şu ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek Durnukly ösüş boýunça bütin dünýä sammitine taýýarlyk görmek bilen baglylykda has-da wajyp ähmiýetli bolup durýandygy nygtaldy.

Soňra GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine Ýettiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi.

Arkalaşygyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde GDA-nyň hökümetleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatdaky mejlisiniň göwnejaý guralandygyny aýratyn belläp, şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Sergeý Lebedew bu mejlisiň işiniň netijeli häsiýetlidigini belläp, çäklendirilen we giňişleýin düzümdäki duşuşyklaryň gün tertibine goşulan ähli meseleleriň göwnejaý işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine Ýettiriji sekretary indi Arkalaşygyň döwletleriniň, degişli düzümleriň esasy wezipesiniň şol resminamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalary etmekden ybaratdygyny belledi.

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine degişli maksatnamanyň üstünlikli, yzygiderli amala aşyrylýandygyny nygtap, biziň ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin möhüm ähmiýetli çärelerň ençemesiniň geçirilendigini hem-de GDA-nyň çäklerinden daşarda-da şol çärelere uly gyzyklanma bildirilendigini aýtdy. Mary şäherine GDA-nyň medeni paýtagtynyň derejesiniň berilmegi mynasybetli, apreliň ahyrynda geçirilen dabarany we beýleki çäreleri şol wakalaryň hatarynda görkezmek bolar. Mälim boşy ýaly, 25-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi.

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda möhüm ähmiýetli maslahatlaryň we duşuşyklaryň ýene-de ençemesiniň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň mejlisiniň hem-de GDA-nyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň maslahatynyň, degişlilikde 14-nji sentýabrda we oktýabryň başynda türkmen paýtagtynda geçiriljekdigini belledi. Arkalaşyga goşulýan döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek mejlisi wajyp ähmiýetli çärä öwrüler. Soňra Sergeý Lebedew şu gezekki mejlisde GDA-nyň döwletleriniň hökümetleriniň baştutanlarynyň indiki duşuşygyny şu ýylyň sentýabrynyň ahyrynda Ýaltada geçirmek barada kararyň kabul edilendigini aýtdy. Şol duşuşygyň anyk möhleti babatda iş tertibinde ylalaşylar.

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine Ýettiriji sekretary öz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkalaşygyň ýurtlarynyň hökümetleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň göwnejaý guralandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini aýdyp, munuň netijeli işlenmegine ýardam berendigini aýtdy.

Soňra geçen ýylda GDA-nyň ýurtlarynyň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşine ýolbaşçylyk eden Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Akil Akilow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlendi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen tarapynyň ähli wekillerine şu mejlisiň göwnejaý guralandygy, netijeli işlemek babatda oňaýly şertleriň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, şu duşuşygyň netijelerinden kanagatlanýandygyny, duşuşygyň bilelikdäki işleriň netijeleri hemmetaraplaýyn we jikme-jik seljermäge mümkirnçilik berdendigini hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp aslahatlaşmaga mümkinçilik berendigini aýtdy. Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri mejlisiň netijeli häsiýetli geçendigini hem-de onuň gün tertibine goşulan ähli meseleler boýunça ylalaşylan çözgütleriň kabul edilendigini belledi.

Belent mertebeli myhman GDA ýurtlarynyň hökümetleriniň baştutanlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda energiýa serişdelerini durnukly we ygtybarly ýagdaýda üstaşyr geçirmek hem-de energiýa serişdeleriniň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki we halkara hyzmatdaşlygyndaky orny boýunça öňe süren başlangyjyny oňlanandygyny aýtdy. Şu mesele tutuş dünýäde, ýer ýüzündäki ähli ýurtlarda we Merkezi Aziýa sebitinde örän wajyp ähmiýete eýedir. Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilermenleriň toparyny döretmek hem-de degişli Konwensiýany kabul etmek maksady bilen, şu meselä BMG-niň derejesinde garamak üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibini oňladyk diýip aýtdy.

Galyberse-de, ekologiýanyň medeniýetine, daşky gurşawyň goralmagyna degişli mesele örän wajyp ähmiýete eýedir. Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri şu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde-de özara arkalaşykly hereket etmekde GDA ýurtlarynyň raýdaşdygyny belläp, türkmen Lideriniň ekologiýa degişli meseleler, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça sebitara merkezini döretmek bilen bagly başlangyçlaryny oňlady. Çykyşynyň ahyrynda belent mertebeli myhman GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatdaky mejlisinde garalan ähli meseleleriň wajypdygyny we derwaýysdygyny ýene-de bir gezek belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň baştutanlarynyň hormatyna resmi günortanlyk nahar berdi. Onda döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanlara ýüzlenip çykyş etdi. Duşuşyga gatnaşyjylara çäräniň üstünlikli geçirilendigi we olaryň mejlise işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz mejlisde taraplaryň milli hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän köp ugurly özara peýdaly gatnaşyklara taýýarlygyny mälim eden mejlisiň geçirilişine kanagatlanma bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen gepleşikleri geçirdi. Russiýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň biziň ýurdumyza bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyk däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça işjeň pikir alyşmalara syrykdy. Taraplar strategik häsiýete eýe bolan doly möçberli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

2040-yň “Kamazy”

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Ilçisini Kabul Etdi

syrach

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Täze Köprüler Sebit Hyzmatdaşlygynyň Gerimini Giňelder