9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedowyň Malaýziýa döwlet sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýa döwlet sapary bilen ugrady. Sapar ol ýurduň ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Paýtagtymyzyň Halkara aeroportunda döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ugratdylar.

Birnäçe sagat geçen soň, agşamlyk hormatly Prezidentimiziň “Boingi” Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň Halkara aeroportunda gondy. “Bunga Raýa Kompleks” aeroporty belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelipdir. Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Malaýziýanyň daşary işler ministri Anifah Aman, bu ýurduň hökümetiniň wekilleri, Malaýziýanyň Peremýer-ministriniň departamentiniň agzalary, senator Dato Seri Jamil Hir Baharom, şeýle hem ,Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Milli Liderimiz özüni garşylanlaryň ugratmagynda haly ýodajyk bilen hatara duran hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni özi üçin niýetlenen kabulhanasy ýerleşen “Şangri-La” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Ýokary derejeli, kaşaň “Şangri-La” myhmanhanasy Kuala-Lumpuryň işewür merkezinde “Petronas” kompaniýasynyň meşhur beýik-ekizler adyny alan belent binasynyň we Menora tele diňiň ýakynynda ýerleşýär.

Malaýziýanyň paýtagty Malakka ýarym adasynyň günorta-günbatar böleginde, çar tarapy dag bilen gurşalan gözel jülgede ýerleşýär. Bu häzirki zaman paýtagt şäheriň 245 inedördül kilometrden gowrak meýdany bolup, ol okgunly ösýän Malaýziýanyň ykdysady we syýasy durmuşynyň merkezidir.

Bary-ýogy 10 ýylyň dowamynda şäheriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Şu döwürde bu ýerde onlarça dürli öwüşginli aýnalary bolan beýik binalar kemala geldi. Häzir bu şäherde 1 million 800 müňden gowrak adam ýaşaýar. Bu şäher günorta-gündogar Aziýanyň iň bir okgunly ösýän şäherleriniň biridir. Şäherde belent binalaryň, ýokary tizlikli ulag ýollarynyň, millionlarça syýahatçylaryň we göm-gök öwüsýän seýilgähler bilen gurşalan häzirki zaman keşbiniň bardygyna garamazdan, Kuala-Lumpur köp babatda Günbataryň tehniki gazananlarynyň we Gündogaryň özboluşly ölçegleriniň hem-de äheňleriniň utgaşan nusgasydyr. Şunlukda Malaýziýanyň merkezi şäheriniň türkmen paýtagty bilen umumylygy bar. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat hem garaşsyzlyk ýyllary içinde öz keşbini düýpli özgertdi, ýöne paýtagtymyzyň açyklyk, hoşniýetlilik we myhmansöýerlik ýaly milli ruhy mizemezligine galdy.

Aziýa yklmynda Aşgabatdan Kuala-Lumpura uzaýan dostluk köprüsi, iki halklaryň pugtalanýan gatnaşyklaryny, has ýygjam, doly möçberli we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýän biziň ýurtlarymyzyň yzygiderli meýillerini alamatlandyrýar. Şu gün Malaýziýanyň paýtagty türkmen Liderini uly ruhubelentlik bilen garşylady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň saparyna döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypanyň başlanandygyny aňladýan waka hökmünde seredilýär.

Ertir Malaýziýanyň Parlament Öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Patyşasy Mizan Zaýnal Abidin ibni al-Marhum Sultan Mahmud al-Muktafi Billah Şah we Premýer-ministri Mohd Najib Tun Abdul Razak bilen duşuşygy bolar.

Şol gün saparyň çäklerinde türkmen Lideriniň Malaýziýanyň hökümetiniň Baştutany bilen ikiçäk we iki ýurtlaryň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümdäki gepleşikleri bolar. Olaryň gün tertibine ykdysadyýetiň dürli pudaklary, şol sanda ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum ulgamy, ulag, aragatnaşyk we başga-da birnäçe, geljegi uly ugur hasaplanýan syýahatçylyk, ýokary tehnologiýalar we işewürlik ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri giriziler. Gumanitar ulgamdaky, şeýle hem ylym-bilim we medeniýet ugurlardaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn gepleşikleriň möhüm meseleleriniň biri bolar.

Şeýle hem taraplar ählumumy wezipeleri, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde amala aşyrylýan gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçiriler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini pugtalandyrmaga, onuň mazmunyny çuňlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, iki ýurtlaryň halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýulýan gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge täze çemeleşmeleri we işjeň usullary döretmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach

Ýokary Döwlet Wezipesine Dalaşgärler Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlarynda Ses Berdiler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Agzalary ÝHHG-niň Okuw Kursunyň Dowamynda Kanunçykaryjylyk Tejribesini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

syrach