13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Berdimyrat Berdiýew: Özüňdäki Sungaty Söýmek Zehini

Ýekşenbe güni agşam «ArtIst» teatrynda özboluşly aýdymçy Berdimyrat Berdiýewiň döredijilik agşamy boldy. Onuň ýaly ýiti zehinli we arzuwyna berlen adamlara Self-made Men (Özüni özi kemala getiren Adam) diýýärler. Men bolsa: özündäki Sungaty açan, özüni bolsa sungat üçin açan Adam diýip onuň üstüni ýetirerdim.

Berdimyrat diňleýjiler bilen söhbeti italýan kompozitory Wirjilio Pandzutiniň sazyna döredilen «Men-ä ümür yzarlap ýörün» atly aýdym bilen başlady. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda geologlaryň we syýahatçylaryň arasynda ýörgünli bolan bu aýdymyň sözlerini leningradly bard Ýuriý Kukin ýazypdy hem-de ony ilkinji bolup ýerine ýetiripdi.

Aýdymçy diňleýjileri Nowruz baýramy bilen gutlap, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowa söz berdi, ol Berdimyrat Berdiýw bilen tanyşlygyndan galan täsirler barada gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, hünär saýlamakda Berdimyradyň täsiri uly bolupdyr. Röwşen dördünji synpda okaýan döwri küşt gurnagyna ýazylmak üçin Mugallymlar öýüne baranda, tötänden aýdymçynyň çykyş edip duran zalyna barypdyr… Ol hem zehinli kompozitor we dirižýor Röwşen Nepesowyň kär saýlamagyna sebäp bolupdyr.

Her aýdymdan öň aýdymçy döredijilik terjimehalyndan wakalary gürrüň berýärdi. Berdimyrat tomaşaçylaryň göwün küýsegini ýitilik bilen duýup, diňleýjileri gyzyklandyryp we olary yzyna düşürip bilýän ussat söhbetdeş.

Agşamyň ady rowaýatlara öwrülen The Beatles toparyna bagyşlanan bölegi has-da täsirli boldy. Berdimyrat Liwerpul dörtlüginiň aýdymlaryndan birnäçesini ýerine ýetirdi. Aýdymçynyň ogly ýaşajyk Aga ady belli toparyň aýdymlaryna tans etdi. Oňa atasynyň dogany, duşman tylynda aýratyn möhüm tabşyryklary ýerine ýetiren harby razwedkaçy Aga Berdiýewiň ady dakylypdyr.

Beýik Ýeňşiň gahrymanlaryna bagyşlanan aýdymlar bilen tanyşdyryp, ol şeýle üýtgeşik bir ýagdaýy gürrüň berdi. «Rus Berlini» radiostansiýasy onuň aýdýan «Leýla» aýdymyny ýygy-ýygydan ýaýlyma beripdir. Gepleşigi alyp baryjy diňleýjilerden haýsy aýdymy ýylyň aýdymy hasaplaýandyklaryny soranda olaryň aglabasy «Leýla» aýdymyny saýlapdyrlar. «Berlinde gizlin tabşyrygy ýerine ýetiren agam onlarça ýyldan soň öz inisiniň aýdymyny berlinleriň halaýandyklaryny bilenliginde, onuň depesi gök dirärdi» – diýip Berdimyrat gürrüň berdi.

Şeýle bolsa-da, Berdimyrat Berdiýewiň zehininiň muşdaklary onuň meşhur aýdymlarynyň ikisiniň – Nurmuhammet Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessanyndan «Könegüzer» we Dawid Tuhmanowyň Boris Dubrowiniň sözlerine döreden «Jaňjagaz» aýdymyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Aýdymlaryň özboluşly aranžirlenmesi, aýdymçynyň labyzly we ýürek töründen çykýan hoş owazy diňleýjilere güýçli täsir etdi.

Tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen aýdymçyny köp wagtlap sahnadan goýbermediler, onsoň Berdimyrat Alekseý Rybnikowyň «Ýunona we Awos» operasyndan «Men seni hiç haçan ýatdan çyakrmaryn» diýen aýdymyny aýtdy.

Tomaşaçylar bilen blis-interwýu.

Wera Gets, çagalar bagynyň terbiýeçisi:

-Berdimyrat Berdiýew 1985-nji ýylda Moskwada geçirilen ýaşlar we talyplar Halkara festiwalyna gatnaşyjy hökmünde hakydamda galypdyr. Men şol wagt hünärment orta okuw mekdebinde okaýardym. 10 tansçynyň hatarynda Türkmenistana wekilçilik edýärdim. Respublikamyzyň adyndan çykyş eden aýdymçylardan Berdimyrat öz döreden «Katýuşa, festiwaly goraweri» aýdymyny getiripdi. Biz onuň sözlerini göçürip alyp, ýat tutupdyk. Ol ýatdan çykmajak döwürdi!

Azat Annaýew, sungaty öwreniji, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri:

-Biz dostlarym bilen Berdimyrat Berdiýewiň döredijigiji bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Ol bagşylaryň aýdymyny gitarada ýerine ýetirende olary owaz bilen baýlaşdyrmagyň hötdesinden gelýär. Ýöne bu onuň döredijiliginiň bir tarapy, beýlekisi – güýçli sesli, geçen asyryň 60-80-nji ýyllarynyň aýdym-saz ýörelgelerini ýaýyjy. Şol aýdymlar häzirki döwürde-de Berdimyradyň ýerine ýetirmeginde döwrebap ýaňlanýar we ýaş diňleýjileri özüne çekýär.

Radmila Şumskaýa:

-Meniň üçin Berdimyrat Berdiýew – döredijilikde nusga alarlyk adam. Menem gitara çalmagy öwrenýärin we goşgy ýazmakda güýjümi synaýaryn. Meniň hat-da öz diňleýjilerimem bar – dogrusy, häzirlikçe olar mekdepdäki dostlarym we garyndaşlarym. Iki ýyl mundan ozal men onuň konsertini gördüm, şondan bärem Berdimyradyň zehininiň we sahnadaky hoşamaýlygynyň bendisi bolup ýörün. Ol hakda köpräk zat bilmäge mümkinçilik döränligine begenýärin. Meniň üçin onuň durmuş ýoly – göwün beren käriňe wepalylygyň we öz bolşuň ýaly bolmak zehininiň nusgasy. Ýöne ýerden oňa Altyn kamerton diýmeýärler ahyryn, meniň üçin ol belent sungatyň etalony.

Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Aman Amangeldiýewiň Ýagty Ýadygärligine Bagyşlanan Sergi

turkmenhabargullugy

Suratkeşleriniň eserleriniň sergisi.

syrach

Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk