Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan demokratik, durmuş-ykdysady we medeni özgertmeleri giňişleýin beýan edýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» atly kitabyň 8-nji goýberilişi çap edildi.
Kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçip, ondaky maglumatlaryň many-mazmunyny doly açyp görkezýän döwlet Baştutanymyzyň «Parahatçylygy, milletimiziň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki arzyly maksatlara ýetmek ugrunda ynamly öňe barýan halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň hökmany şerti bolup durýar… Zähmetsöýer we zehinli türkmen halky islendik wezipeleri, hatda iň batyrgaý pikirlenmeleri durmuşa geçirmäge, islendik sepgitleri eýelemäge ukyplydyr… Biz näçe köp işleri amala aşyrsak, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abraýy hem barha ýokarlanar» diýip aýdan sözleri kitabyň epigrafy bolup hyzmat edýär.
Täze neşirdöwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, ykdysady we durmuş ösüşinde ýeten belent derejelerini tassyklaýan anyk mysallar we sanlar getirilýän «Ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadamlary» atly sözbaşy bilen başlanýar.
Kitapda milli Liderimiziň ýerine ýetirýän köptaraplaýyn işleri anyk mysallaryň kömegi bilen açylyp görkezilýär. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň resmi maglumatlary esasynda ýurduň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, milletiň Lideri tarapyndan geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli we beýleki iş maslahatlary hakyndaky gysgaça maglumatlar kitapda çap edilipdir. Şeýle hem okyjylar Türkmenistanyň kabul edilen kanunlary, döwlet Baştutanymyzyň permanlary, kararlary we buýruklary bilen tanşyp bilerler.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň öz öňünde goýýan esasy wezipesi – ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykmagyny tizleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyňsenagat,serişdeler, zähmet we intellektual kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmak bolup durýar. Bu alnan ugur importuň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen önümi çykarýan, gaýtadan işleýän iri önümçiligi döretmegi we bu işlere ýurdumyzyň işewürlerini çekmegi göz öňüde tutýar.
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysynda» ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, dokma senagatynda, himiýa pudagynda, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar barada gürrüň berýän maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Şeýle hem, okyjylar bilim we ylym ulgamlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen giňişleýin tanşyp bilerler. Okuw-terbiýeçilik we ylmy-barlag işlerine iň täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy usullaryň we dünýäniň iň oňat tejribeleriniň ornaşdyrylmagy bu ulgamdaky özgertmeleriň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösen döwletleriň derejesine çykmagy netijesinde ýaş nesillere bilim bermegiň hili üzül-kesil ýokarlandy, 2014-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy bilen ylmyň we tehnikanyň dürli ugurlarynda barlaglar işeňňirleşdi.
Kitapda döwlet syýasatynyň medeni uguryna aýratyn orun berilýär. Hususan-da, onda türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşynyň baýlaşmagyna uly täsir edýän, özboluşly milli medeniýetini saklamaga we ösdürmäge gönükdirilen işler barada gürrüň berilýär.
Neşiriň sahypalarynda, özüniň dünýä jemgyýetçiligi bilen işjeň gatnaşyklary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ynsanperwer ulgamda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatsöýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy hem beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt saparlary we daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ençemesi bilen Türkmenistanda geçen ýokary derejeli gepleşikleri baradaky mysallar , «açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň, ähmiýetiniň we täsiriniň yzygiderli ösýändigini tassyklaýar.
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy»kitabynyň nobatdaky goýberilişinde getirilen maglumatlaryň habar taýdan doly, anyk we az sözli bolmagy onuň ylmy-öwredijilik we amaly ähmiýetini kesgitleýär. Türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap bolup çap edilen bu neşir, Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwiniň baş hünärmenleri tarapyndan çapa taýýarlanyldy.