Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde giň möçberli çäräniň Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady özgertmeleri atly ylmy-amaly maslahatyň dabaraly açylyşy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynyň baş baýramynyň öňüsyrasynda däp boýunça geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünliklerini aýdyň görkezýän, ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň kuwwatly döredijilik güýjüniň subutnamasy hökmünde şu ýylyň özboluşly hasabatyna öwrüldi. Şu gezekki geçirilýän sergi we maslahat ýurdumyzyň halk hojalky toplumynyň ähli ulgamlarynda gazanýan täze belent sepgitleriniň, onuň ägirt uly serişdeler kuwwatynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitleýän nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan pudagara göz dengeçirilişine ykdysadyýetimiziň döwlete degişli böleginiň düzümlerine, bilim we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň edaralarynyň, ýurdumyzyň hususy telekeçiliginiň kärhanalarynyň 100-e golaýy gatnaşýar.
Sergi merkeziniň giň zallarynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Aýdym-sazlar ýaňlanýar, folklor tans toparlary sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde çykyş edip, bu waka aýratyn öwüşgin çaýdylar.
Ykdysady forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara we onuň guramaçylaryna iberen Gutlag hatynda Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly işler amala aşyrylýar, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar gurlup, ulanmaga berilýär, halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümler öndürilýär. Döwletimiz ykdysady we ruhy-medeni ulgamda uly üstünlikler gazanmak bilen, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleri bilen bir hatarda, hususy telekeçiler üçin hem öz ýeten sepgitlerini görkezmek üçin meýdança öwrüljekdigine ynam bildirip, oňa gatnaşyjylaryň ählisine Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine üstünlikler arzuw etdi.
Sergi köşgüniň zallarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada gürrüň berýän, milli maksatnamalaryň we innowasiýa taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan köpsanly bölümler ýerleşdirilipdir.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, söwda we gurluşyk ulgamlarynda, senagat, oba senagat pudaklarynda, medeniýet we ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, çaphana ulgamlarynda ýeten sepgitleri, şeýle hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan üstünlikleri bilen oňat bezelen ýöriteleşdirilen sergi bölümleriniň onlarçasy bu ýere gelýänleri tanyşdyrýar. Öz gazananlaryny we önümçilige ornaşdyran täzeliklerini aýdyň we maglumatlara baý görnüşde görkezmek, geljek üçin täze meýilnamalary we döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan milli ösüş maksatnamlarynda göz öňünde tutulan öňde durýan wezipeleri barada gürrüň bermek üçin sergä gatnaşyjylaryň ygtyýaryna iň öňdebaryjy tehnologiýalar berildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary öz üstünliklerini, mümkinçiliklerini, ýurdumyzyň alymlarynyň geljegi uly bolan işläp taýýarlamalaryny görkezip, türkmen ylmynyň iň täze tehnologiýa gazananlaryna sergä gelýänleriň ünsüni çekýärler. Aýry-aýry bölümlerde himiýa pudagynda we ýerli dermanlyk ösümlikleriň esasynda lukmançylyk önümleriniň işläp taýýarlamalary, tejribe-synag meýdanlarynda ýurdumyzyň we daşary ýurt subtropiki miweleriniň täze görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilişi, deňze dökülen nebiti ýygnamak boýunça ekologiýa taýdan howpsuz enjamlar we türkmen alymlarynyň beýleki ugurlar boýunça üstünlikli geçiren barlaglary hakynda gürrüň berýän diwarlyklar bar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, iň täze tehnologiýa enjamlaryny ýurdumyza getirmek we gurnamak, energiýa we suw üpjünçiligi ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, durmuş himiýasy harytlaryny, dokma we mebel önümlerini, azyk önümlerini, şeýle hem haly we amaly haşam sungaty ýaly ugurlarynda üstünlikli işleýän hususy kompaniýalyryň onlarçasynyň diwarlyklary sergini baýlaşdyrýar.
Olaryň köpüsi özlerine edara binalaryny, önümçilik we durmuş maksatly desgalary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny, häzirki zaman çagalar baglaryny we okuw mekdeplerini, saglyk merkezlerini, sport toplumlaryny halkara derejesine laýyk gelýän görnüşde gurulýan iri döwlet buýurmalary ynanylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýarlar. Bu hususy kärhanalar iri desgalaryň ençemesini bina etdiler we häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalaryň, şol sanda Aşgabat şäherini gurmagyň 13-nji nobatdaky we beýleki desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan Myradym, Çyzgy, Muhammet Balkan gurluşyk, Aga gurluşyk, Beýik bina, Göwher bina, Berk ýol, Dowamat we beýlekilerdir. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylygyň öň ýanynda ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda iri welaýat kitaphanalaryny, köpugurly bazarlary we Daşoguzda hem-de Balkanabat şäherlerinde gurlan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin zerur bolan dürli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça kärhanalary, şeýle hem obasenagat toplumynyň desgalaryny görkezmek bolar.
Aýbölek kärhanasynyň döwrebap mebelleri we Çigildem ýatylýan mebel toplumy, Hasar süýji-köke önümleri, Sahabatly we Täze aý süýt önümleri, Erteki doňdurmalary, 8 ýap miwe şireleri we ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän et önümleriniň görnüşleri sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.
Tekmil kompaniýasy yşykly we lazer tomaşalaryny guramak, dabaraly iri çärelerde, festiwallarda, konsertlerde we beýleki medeni-sport meýdançalarynda görkeziş hyzmatlaryny guramak boýunça öz taslamalaryny we innowasiýalaryny hödürledi. Ozal Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralarynda hünärmenler (BAE) tarapyndan işlenilip taýýarlaynlan Techman iň täze lazer tehnologiýalaryny ulanmak bilen örän täsirli şagalaň görkezilipdi. Kompaniýanyň sergi bölüminde bu gezek täze teklip 800 inedördül meýdany öz içine almaga mümkinçilik berýän we ony üç derejeli ölçegde geçirmäge ukyply yşykdiodly manitor hödürlendi.
Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan guralan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady özgertmeleri atly ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça özboluşly hasabat we şol bir wagtyň özünde hem ösüşlere täze itergi boldy. Maslahatyň işine hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, bank edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy, onda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işgärleriniň, alymlaryň we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge goşýan uly goşandy nygtalýar.
Biziň saýlap alan ösüş ýolumyzyň çäklerinde ykdysadyýetimiziň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen, biz mundan beýläk hem alymlary ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalary işläp taýýarlamaga yzygiderli çekeris, ygtybarly ylmy binýada esaslanýan teklipleri giňden peýdalanarys diýip, milli Liderimiz nygtady we häzirki geçirilýän ylmy-amaly maslahatyň biziň döwletimiziň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardama edip, uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Maslahatyň gün tertibine döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän milli ösüş maksatnamlaryny amala aşyrmak, pudaklaýyn ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösdürilmegine gönükdirilen möhüm maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini giňeltmek, gaýtadan işleýän senagatyň täze ugurlaryny döretmek meseleleri girizildi. Bu maksatnamalarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň köptaraply ösüşini üpjün etmek, senagaty we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny innowasiýa taýdan ösdürmek boýunça giň möçberli çäreler göz öňünde tutulýar.
Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanda soňky ýyllarda ýetilen uly üstünlikler türkmen Lideriniň milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, biziň ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga we ahyrky netijede türkmen halkynyň abadançylygyny ösen döwletleriň derejesine çenli ýokarlandyrmaga gönükdirilen, oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň netijesi bolandygy aýratyn bellenildi.
Gysga döwrüň içinde Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý, şeýle hem Döwletabat-Sarahs-Hangeran gazgeçirijileri guruldy we ulanmaga berildi. TOPH gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça giň möçberli işler alnyp baryldy. Energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen örän baý ýangyç serişdeleri bolan ýurdumyzyň gündogar sebitlerini täze eksport ugurlaryny açmaga mümkinçiligi bolan günbatar sebitleri bilen özara baglanyşdyrmaga ýardam etjek. Gündogar-Günbatar gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, sebitleri senagat taýdan köptaraplaýyn ösdürmek, olaryň mineral we beýleki çig-mal serişdelerini rejeli peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň möçberli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini, düzümleýin we durmuş meselelerini çözmegi üpjün etmäge mümkinçilik berjek.maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselelerine maslahatda aýratyn üns berildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda milli Liderimizi öňde goýlan ähli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Aşgabadyň Modalar öýüniň dizaýnerleriniň işläp taýýarlan lybaslar toplumynyň serginiň çäklerinde bolan görkezilişi bu çärä täze öwüşgin çaýdy. Milli ýörelgeleri we häzirki zaman modasynyň meýillerini özünde jemleýän ajaýyp lybaslar toplumlary türkmen matalarynyň ýokary hil sypatyny mahabatlandyrdy. Oňat bezelen çaga egin-eşikleri we ýüpekden, mahmaldan we keteniden tikilen, milli nagyşlar we kümüş şaý-sepleri bilen bezelen lybaslar tomaşaçylaryň joşgunly el çarpmalaryna mynasyp boldy.
*** 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady.
Şu ýyldaky esasy gözden geçiriliş ýurdumyzyň durmuşyndaky ýene-de bir täsirli waka öwrülip, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreleriň hataryna goşuldy. Bularyň möhüm ähmiýeti köp pudakly milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda mundan beýläk-de ösdürmek, eksporty ugur edinýän we importyň deregini tutýan önümleri öndürýän önümçilikleriň kuwwatyny artdyrmak, baý tebigy serişdelerden dolulygyna peýdalanmak, welaýatlary senagat taýdan ösdürmek, türkmen halkynyň ýaşaýşyny we maddy hal-ýagdaýyny ýokary derejä ýetirmek boýunça döwletiň wajyp maksatlary we wezipeleri arkaly kesgitlenýär.
Serginiň iki günläp dowam eden işiniň barşynda Türkmengaz, Türkmennebit, Türkmenhimiýa döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň, Türkmenenergo döwlet elekttroenerogetika korporasiýasynyň bölümleri sergä gelenlerde we paýtagtymyzyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Bu bölümlerde innowasion kartalaryň we pannolaryň kömegi arkaly milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini görkezildi. Şunda, çalt depgin bilen giňelýän düzüm, nebitiň we gazyň ýataklaryny özleşdirmegiň we täzelerini işläp taýýarlamagyň gerimi, mawy ýangyjy daşary ýurtlara eksport etmek boýunça ulanylýan we göz öňünde tutulýan ugurlary, gazylyp alynýan beýleki peýdaly zatlary we minerallary, ýerasty ýataklary, şeýle hem tutuş ýurdumyzyň çäginde müňlerçe kilometr aralykda çekilen elektrik geçiriji liniýalaryň ulgamlary görkezildi.
Ulag ulgamyna degişli düzümleriň bölümlerinde gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň ýolagçy gatnadýan parkynyň üstüni ýetiren täze we döwrebap awialaýnerleriň, çalt ýüzýän Çarlak gämisiniň, Ýelýen atly losman gämisiniň we otlularyň täze görnüşleriniň diwarlyklarda goýlan maketleri bu ulgamy ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine döwlet tarapyndan içgin üns berilýändigini aýdyň görkezýän subutnamalardyr.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň diwarlygynda amala aşyrylýan we işlenip taýýarlanýan täze taslamalaryň gerimi we möçberi görkezilýär. Aşgabadyň gurluşyk boýunça ýörite orta mekdebiniň talyplary tarapyndan köprüleri we paýtagtymyzdaky ýol aýrytlaryny gurmak boýunça göwnejaý taýýarlanan we täsin galdyrýan taslamalaryndaky çözgütler gyzyklanma bildirýän taraplara teklip edildi.
Güller we bezeg üçin ulanylýan beýleki owadan ösümlikler şäherleriň binagärlik keşplerini bezemekde ulanylýar. Bularyň owadan toplumy Jemagat hojalygy ministrliginiň diwarlygynda görkezildi.
Obasenagat toplumynyň welaýatlardaky kärhanalary tarapyndan öndürilen ýokary hilli et, süýt, unaş we süýji nygmatlary, ösümlik ýaglarynyň, çaga iýmitiniň dürli görnüşleri, balyklaryň we etiň gaplanan görnüşleri, ter miwe-gök ekin önümleri we guradylan miweler sebitleriň ykdysady taýdan örän uly mümkinçiliklere eýedigini ýene-de bir gezek äşgär edip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Döwlet şekillendiriş akalemiýasynyň, Döwlet muzeýiniň, Döwlet medeniýet merkeziniň diwarlyklarynda syýahatçylyk we şypahanalar ulgamlarynyň batly depgin bilen ösdürilýändigini, türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň ileri tutulýandygyny, elde dokalýan halyçylyga mahsus ýörelgeleriň baýlaşdyrylýandygy, amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleri görkezildi. Milli geýim, kümüş şaý-sepler, nepis haly önümleri ussatlyk bilen taýýarlanylyşy we çeperçilik taýdan täsirliligi bilen haýran galdyrýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanan sergisi ykdysady taýdan kuwwatly we sazlaşykly depgin bilen ösýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baştutanlygynda täze sepgitlere tarap ynamly gadam urýan türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesiniň barha ýokarlanýandygyny görkezmekde netijeli ýere öwrüldi.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlara dabaraly ýagdaýda degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.
Ykdysady foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda döwlet Baştutanymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek we rowaçlyk gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.