Syn berilýän 2016-njy ýyl hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen agrar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze subutnamalaryny äşgär etdi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.
Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynyň biridir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen, çuňňur oýlanyşykly strategiýa oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär.
Obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan dolandyrmagyň esasy wezipeleriniň hatarynda oba hojalygynyň düzümleýin üýtgedilip gurulmagyny üpjün etmek, onuň pudaklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk ulgamlary üçin bäsdeşlige ukyply ýagdaýy döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny ösdürmek, innowasiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, menejmentiň hem-de marketingiň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, oba ýerlerinde durmuş meselelerini çözmek we beýleki wezipeler bar.
Obasenagat toplumyny netijeli dolandyrmak ulgamyny döretmek agrar syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Hususan-da, şu maksat bilen 2016-njy ýylyň ýanwarynda degişli ministrlikleri, birleşikleri, ylmy-barlag institutlaryny hem-de beýleki pudaklaýyn düzümleri üýtgedip gurmak işi amala aşyryldy. Olaryň binýadynda Oba we suw hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Türkmenistanyň Döwlet komiteti, Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty döredildi.
Tapgyrlaýyn amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň barşynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreler, ykdysady, salgyt we hukuk gurallarynyň netijeli ulanylmagy diňe bir hil däl, eýsem, mukdar babatda hem uly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabrynda bolan Ýaşulularyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, 2016-njy ýylda ýygnalan ak bugdaýyň möçberi 1 million 600 müň tonnadan geçdi. Bu bolsa, 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 8 essä golaý köpdür. Häzirki döwürde Türkmenistan bugdaýy we uny daşary ýurtlara ýerleýän ýurda öwrüldi. Pagtanyň her ýylda öndürilýän möçberi hem 1 million 100 müň tonnadan geçdi.
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda geçirilen, 2016-njy ýylyň jemini jemlän giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlara laýyklykda, tutuş obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň artyş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104,9 göterime barabar boldy. Şunda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 106,1 göterim, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 113,2 göterim, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 125,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly oňyn iş netijeleri gazanylýar. Öndürilen şaly 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde iki essä golaý artdy, kartoşka 31,1 göterim, bakja önümleri 13,6 göterim, gök önümler 7 göterim artdy. Etiň öndürilişi, mallaryň baş sany, ýumurtganyň hem-de miwäniň öndürilişi durnukly artdy. Şunuň bilen birlikde, miwe-gök önüm konserwleri 18,5 göterim, un 7,3 göterim, çörek önümleri 1,9 göterim, ýarma 19,7 göterim artdy.
Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudak edaralary tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 124,6 göterim ýerine ýetirildi.
Ýokary hasyl oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň, gowaçanyň we däne ekinleriniň netijeli sortlaryny ulanmagyň, döwrebap agrotehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, tarp ýerler işjeň özleşdirilýär.
Geçen ýylda ekerançylar güýzlük bugdaýyň ekişini öz möhletinde tamamlap, geljekki hasylyň ygtybarly binýadyny tutdular. 760 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekildi. 2017-nji ýylda daýhanlar şol meýdandan 1 million 600 müň tonna galla öndürmelidirler. Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý öndüriler.
Oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmagyň derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Döwlet tarapyndan meýdan işleriniň has oňaýly agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek üçin ýeterlik derejede oba hojalyk tehnikasy satyn alynýar. Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň – “Case”, “New Holland”, “John Deere”, “CLAAS” kompaniýalarynyň we beýlekileriň galla we pagta ýygýan kombaýnlary, traktorlaryň dürli görnüşleri we beýleki tehnikalar we enjamlar mehanizatorlaryň ygtyýaryndadyr.
Geçen ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Oba we suw hojalyk ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, läbik sorujylary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini 2017-2020-nji ýyllarda 3 tapgyrda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umax Trade GmbH” kompaniýasy bilen şertnamalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “John Deere International GmbH” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.
Öz işini tamamlan “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň ygtyýarynda duran “Belarus” kysymly traktorlaryň 6 müň 446-synyň hem-de tirkeg oba hojalyk enjamlarynyň 10 müň 334-siniň daýhan birleşiklerine berlendigini bellemelidiris.
Döwletimiziň maliýe tarapdan goldaw bermegi, şol sanda ýer üçin ujypsyzja tölegleriň göz öňünde tutulmagy, salgyt salmakdan doly boşadylmagy oba zähmetkeşleri üçin uly kömek bolup durýar. Tehnikalara hyzmat etmek, tohumlar, mineral dökünler, suw bilen üpjün etmek işleri we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri kärendeçilere hem-de daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar. Mundan başga-da, oba hojalyk taslamalaryny ýeňillikli karzlaşdyrmak ulgamy giňden ulanylýar. Olary durmuşa geçirmek üçin ministrliklere, pudak edaralaryna, edaralara we kärhanalara, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem-de daýhan hojalyklaryna zerur bolan ýer bölekleri bölünip berilýär.
Oba hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Gallaçylyk we pagtaçylyk bilen birlikde häzirki wagtda ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümdarçylyk, bakjaçylyk, balaryçylyk we oba hojalygynyň beýleki görnüşleri işjeň ösdürilýär.
Oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň zerurlygy sebäpli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, çig maly gaýtadan işleýän hem-de şunuň esasynda ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini çykarýan döwrebap obasenagat kärhanalaryny döretmek wezipesini öňe sürdi. Bu babatda
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy”, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýedir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmäge ykdysadyýetiň hususy ulgamy işjeň çekilýär. Hususy ulgamyň oba hojalygyndaky paýy eýýäm 90 göterimden geçýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan 2016-njy ýylda 1,3 milliard manatlyk oba hojalyk hem-de azyk önümleri öndürildi. Munuň özi 2015-nji ýyldakydan 68,1 göterim köpdür.
Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda iri un üweýän, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy we bu ugurdaky işler giň gerimde dowam etdirilýär. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Tejen etraplarynda, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda we Mary welaýatynyň Garagum etrabynda her biriniň kuwwaty ýylda 200 tonna önüme barabar bolan täze maldarçylyk toplumlary gurulýar. Täze desgalar Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça bina edilýär, olary 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, hatda gyşyna hem bu önümler bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylaryn üpjün etmek obasenagat toplumyny ösdürmegiň “ýyladyşhana” ugrunyň esasy wezipeleriniň biridir. Döwletimiz bu ugry goldamak bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ekerançylygyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba öý hojalyklaryna netijeli kömek bermek hem-de wagtyň geçmegi bilen gök önümleri goňşy ýurtlara ibermek üçin oňaýly şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň bütin dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Olary şeýle işewürlik taslamalarynyň amatlylygyna hem-de olaryň ykdysady taýdan netijeliligine ýokary baha beren ýerli telekeçiler gurýarlar. Bölek söwda nokatlary hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary hem ter we ýokary hilli önümlere uly isleg bildirýärler. Hemişelik işleýän ýyladyşhana hojalygy ýylyň tutuş dowamynda uly girdeji almaga mümkinçilik berýär.
Et, süýt, gök-miwe önümleriniň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek üçin hemme ýerde degişli düzüm döredilýär. Dekabr aýynda Daşoguz şäherinde 3 müň tonna gök we miwe önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanmaga berildi. Täze desga Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça guruldy hem-de Ýewropanyň esasy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.
Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyjy ulgam ammarlarda goýlan gök önümleriň we miweleriň görnüşlerine baglylykda, sowadyjylaryň içinde howanyň oňaýly temperaturasyna we çyglylygyna takyk gözegçilik eder. Ammarlar awtomatlaşdyrylan wentilýasiýalar ulgamy bilen üpjün edildi, munuň özi harytlyk görnüşi we önümleriň hilini uzak wagt saklamaga mümkinçilik berýär.
Desganyň esasy bölegi sowadyjylaryň 23-sinden ybaratdyr. Binada önümleri seçmek we gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň üçüsi oturdyldy. Ammar otaglary gök önümleri we miweleri saklamak üçin ýörite gaplar bilen üpjün edildi. Alyjylary ibermek üçn bu ýerde dürli ýük göterijiligi bolan elektrokar-ýük ýükleýjiler we awtorefrižeratorlar bar.
Pagta ýurdumyzyň ekerançylygynyň möhüm ekni bolup, ony türumen topragynda ösdürip ýetişdirmegiň gadymdan gözbaş alýan däpleri bar. Ak altyny öndürmek we gaýtadan işlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Toplumda geljegi uly bolan bu pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga sebitleriň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan pagtany ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde, tiz ýetişmegi, hasyllylygy we ýokary hilli süýümi bilen tapawutlanýan gowaçanyň täze etraplaşdyrylan sortlaryny döretmek, seçgiçilik babatda işler ýaýbaňlandyryldy. Pagta arassalaýjy kärhanalarda saýlama tohumy taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi türkmen eksportunyň gymmatly bölegi hem-de dokma pudagynyň kärhanalary üçin esasy çig mal bolup durýan “ak altynyň” öndürilýän möçberini artdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Bu pudagyň önümlere dünýä döwletleriniň köpüsinde uly isleg bildirilip, Türkmenistanyň meşhur harytlyk nyşanyna öwrüldi.
Geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda geçirilen Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde pudakda gazanylan ýokary netijeleri ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu sergi ýurdumyzyň Oba we suw hojalygy ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy hem-de Söwda senagat-edarasy tarapyndan guraldy.
Bu ykdysady sergä döwletleriň 30-dan gowragynyň, Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Italitýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan, Singapurdan, Hindistandan, Bangladeşden, Eýrandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan we beýleki
ýurtlardan kompaniýalaryň 70-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda öňden gelýän hyzmatdaşlar, iri oba hojalyk tehnikalaryny öndürijiler, pagtaçylar hem-de gaýtadan işleýän kärhanalar üçin ýöriteleşdirilen enjamlary öndürijiler, ösümlikleri zyýan berijilerden goraýan himiýa serişdeleriniň, şeýle hem dökünleriň we biogoşundylaryň dürli görnüşlerini getirýänler bar. Foruma bolan uly gyzyklanma döwletimiziň obasenagat toplumynyň artan kuwwaty, amatly maýa goýum ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulmagy, onuň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir.
Serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty geçirildi. Ol pagtaçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm meselelerine, dünýäniň pagta bazarynyň meýillerine, obasenagat toplumynyň netijeliliginiň we öndürijiliginiň artmagyna hem-de bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlandy. Şeýle hem “ak altyny” iberijileriň we alyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Türkmen çakyr öndürijileri nobatdaky gezek ýokary ussatlygyny tassyklap, öz sylaglarynyň üstüni “Ýalta. Altyn Grifon-2016” halkara bäsleşiginiň baýraklarynyň we medallarynyň täze tapgyry bilen ýetirdi. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň üzümçilik we çakyr önümçiligi baradaky Ählirussiýa milli ylmy barlag institutynyň binýadynda iýul aýynda geçirilen bäsleşige dünýäniň 7 ýurdundan 53 kärhananyň önümleriniň 202-si gatnaşdy. Türkmenistan önümleriniň 8 görnüşi bilen tanyşdyrdy, olaryň hemmesi ýokary sylaglara mynasyp boldy.
“Gran pri” Kubogynyň ikisine “Prezident” konýagy, “Ýasmansalyk” desert çakyry hem-de altyn medallaryň altysyna “Köpetdag” nyşanly çakyr, “Galkan” aragy, “Türkmen” balzamy, “Şanly diýar” we “Gara üzüm” desert çakyrlary, “Türkmenistan” likýory mynasyp bolup, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň çakyr öndürýän kärhanalarynyň önümlerine abraýly emin agzalarynyň beren ýokary bahasynyň, şeýle hem onuň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistan “Ýalta. Altyn Grifon” bäsleşiginiň, şeýle hem Moskwada we Sankt-Peterburgda, Fransiýada geçirilýän şunuň ýaly bäsleşikleriň ýeňijileriniň hataryna girýär.
Biziň çakyn öndürijilerimiziň köp sanly ýeňişleriniň diňe ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ussatlygynyň däl-de, eýsem, Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän üzümiň ýokary hiliniň netijesi bolup durýandygyny bellemek gerek. Çünki türkmen çakyrlarynyň ajaýyp çemenini we tagamyny emele getirmekde tebigy çig-mal esasy orun eýeleýär.
Çakyr önümçiligi-Azyk senagaty döwlet birleşiginiň köp ugurly işinde bir ugur bolup, onuň kärhanalary tarapyndan önümleriň dürli görnüşleriniň ýüzlerçesi çykarylýar. Önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagy netijesinde et- süýt önümleriniň hem möçberi ýylsaýyn ýokarlanýar, olaryň görnüşleri artýar. Azyk senagaty döwlet birleşiginiň düzümine ýokary hilli agyz suwuny öndürýän zawodlar hem girýär. Ýerli çig-maly, şol sanda buýan köküni, ýandagy we beýleki dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen, alkogolsyz içgileriň çykarylyşy durnukly artýar. “Ruhubelent” zawody hakyky şireli suwlary öndürmek bilen, öz tomat ekinzarlygyna, alma, şetdaly, nar ýaly baglaryna eýe bolup durýar.
Geçen ýyl milli parlament tarapyndan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda “Azyk howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bolup, ol bu pudakda ýurduň syýasatynyň döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň esasy bölegi bolan döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, şeýle hem raýatlarymyzyň saglyga we doly bahaly iýmitlenmegine bolan hukuklaryny amala aşyrmagynyň hukuk esaslaryny belleýär. Obasenagat toplumynyň ösmegi “Ösümlikleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny hem işläp taýýarlamak zerurlygyny şertlendirdi.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri, ilkinji nobatda bolsa ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, geçen ýylyň güýzünde BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitinde kabul edilen “Ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini” amala aşyrmak boýunça wezipeler bilen gös-göni baglydyr.
Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasyndan geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler we beýlekiler bar.
Mälim bolşy ýaly, obasenagat toplumynyň ösmegi köp babatda ýer we suw serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyna bagly bolýar. Biziň ýurdumyzda sawarymly ekerançylyk dürli gidrodesgalary gurmak we ulanmaga bermek meselelerinde uly tejribe toplanyldy, suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy we tygşytlaýjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Çünki suw hojalyk taslamalaryny amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler netijesinde gurak ýerlerde oba ekinleriniň önümçiligi öz netijeliligini görkezip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Garagum çölünde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy—dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak we daşky gurşawy goramak bilen bagly bolan ählumumy meseleleri çözmäge Türkmenistanyň uly goşandynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Meýdanlarda ýygnanan ýerasty suwlaryny öz wagtynda sowmaga, ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlamagynyň öňüni almaga, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerasty suwlaryny ikilenç peýdalanmaga gönükdirilen bu giň gerimli taslama çölüň howasyny ýumşatmaga hem-de diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem tutuş Orta Aziýa sebitinde ekologik ýagdaýy gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
“Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasynyň” hem-de “Türkmenistanda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de Garagum derýanyň suw geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin işleriň maksatnamasynyň” çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.
Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Altyn asyr we Kaka etraplarynda ekin dolanyşygyna girizilen 25 müň gektara golaý ýerleri suwaryş suwy bilen üpjün etmäge gönükdirilen suw hojalyk toplumy ulanmaga berildi. Ol Garagum derýasyndan suw alýan hem-de oba hojalyk ekinlerine suwuň zerur bolan möçberini berýän dürli gidrotehniki desgalary öz içine alýar.
2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan “Türkmenistanyň Suw kodeksi” güýje girdi. Milli parlament tarapyndan bu kadalaşdyryjy-hukuk namasynyň işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi ýurdumyzyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we aýawly saklamak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek, oba hojalyk önümçiligini sazlaşykly ösdürmegiň durnukly şerti hökmünde suwarymly ýerleriň netijeliligini artdyrmak, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasyllaryny durnukly almagyň, obasenagat toplumynyň kuwwatyny amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde suwarymly ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça nobatdaky möhüm ädimdir.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly maksatnamasynyň 21-nji maslahatynyň çäklerinde 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan goldanylan “Pariž ylalaşygyna” gol çekildi.
“Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol atmosfera howasyny hapalaýjy maddalaryň bölünip çykmalaryndan goramagyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
Aral deňzini halas etmäge degişli meseleleri aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda bolşy ýaly, umuman, sebitde hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, bu ugurda giň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça öňdengörüjilikli tebigaty goraýyş syýasatyny durmuşa geçirip, Türkmenistan Aral bilen baglanyşykly hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) howandarlygynda geçirilýän halkara maksatnamalaryna we çärelerine işjeň gatnaşýar.
Geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatda 2015-2016-njy ýyllarda Durnukly ösüş boýunça halkara toparynda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we Ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan Araly halas etmegiň halkara gaznasyny Durnukly ösdürmek boýunça halkara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleri, iri halkara guramalarynyň—Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MA SEM), BMG-niň Ramsar Konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ), Bütindünýä bankynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibi milli tebigaty goraýyş strategiýalarynyň, halkara ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny özünde jemledi. Olar ilatyň Aralyň ýakasynda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge, suw we beýleki tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmaga, bag ekilişini amala aşyrmaga hem-de sebitiň çölleşmeginiň öňüni almaga, biologik köpdürliligi gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we şuňa meňzeşlere gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, 2017-2019-njy ýyllarda ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça iş topary döredildi. Oba we suw hojalygy ministrligi tarapyndan Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegi boýunça Konsepsiýasynyň taslamasy işlenip düzüldi.
Döwlet tebigaty goraýyş syýasatynda Türkmenistanyň uzakmöhletleýin Milli tokaý maksatnamasyna möhüm orun berilýär. Onuň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň ähli ilaty diýen ýaly çekilendir. Ýaş bag nahallarynyň el bilen döredilen giňişligi, baglyklar, seýilgähler onlarça müüň gektar meýdana ýaýylyp gitdi. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde paýtagtymyzyň hem-de onuň töwerekleriniň, welaýat we etrap merkezleriniň şäher we tebigy gurşawy tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzy Demirgazykdan Günorta we Günbatardan Gündogara kesip geçýän awtomobil we demir ýolarynyň ugrunda gök bag zolaklary uzalyp gidýär. Derýalaryň we kanallaryň, dünýä derejeli şypahana bolan, eýýäm özüniň täsin tebigy künjekleri bilen meşhur “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy kemala getirilýän Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasy gök lybasa beslenýär.
2016-njy ýylyň bagy-bossanlyga büreýiş möwsüminiň barşynda jemi baglaryň we üzüm nahallarynyň 3 million düýbi oturdyldy. Birnäçe ýyldan olar arassa howa we salkynlyk berýän goýy kölegeli baglyga öwrüler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň buýurmagy bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bezeg baglarynyň nahallaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ýyladyşhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Desganyň umumy meýdany 10 gektara barabardyr. Ýyladyşhanany 2017-nji ýylyň oktýabrynda ulanmaga tabşyrmak maksat edinilýär.
Aşgabatda geçen ýylyň martynda geçirilen Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergi döredijilik ylhamynyň we gözelligiň baýramçylygyna öwrüldi. Ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş ýurdumyzyň ösümlikçilik pudagynyň ösüşindäki üstünlikleri, bagy-bossanlyga büremek ulgamynda gazanylanlary, bezeg gülleriniň we nahallarynyň giň görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman tehnologiýalaryny, ösümlik dünýäsini öwrenmekde, landşaft dizaýninde täze çemeleşmeleri görkezdi.
Sergi gatnaşyjylaryň köpsanlysyny özüne çekdi. Olaryň arasynda daşky gurşawy goramak boýunça, jemagat hojalygy, oba we suw hojalygy, söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar Zenanlar birleşigi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça düzümler bar. Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň iri assosiasiýalarynyň we kompaniýalarynyň 16-synyň, şol sanda Fransiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan we beýlekilerden wekiller sergä bezeg gülçüligi, bagçylyk hem-de ýyladyşhana hojalygyny gurnamak ulgamynda öz teklipleri we täze işläp taýýarlamalary bilen geldiler. Forumyň barşynda işewür gatnaşyklary berkitmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, duşuşyklar we tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.
Ýene-de bir wajyp mesele obanyň wagyz edilmegidir. Şunda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasy” ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, bu maksatnamanyň esasy ugurlary ýaşaýyş jaýlaryny gurmakdan, ulag we aragatnaşyk düzümlerini, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, kiçi telekeçiligi ösdürmekden, sebitleriň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde täze obasenagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginden ybaratdyr.
2016-njy ýylyň aýratyn ähmiýetli wakalarynyň hatarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan täze obalar bar.
Bary-ýogy üç ýylyň içinde Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşligindäki tarp ýerlerde ak öwüşginli binalary we gök baglyklary bolan döwrebap ilatly nokat peýda boldy. Döwletli zaman şäherçesiniň umumy meýdany 100 gektara barabardyr. Taslamada amatlyklaryň doly toplumy bolan bir gatly öýleriň 284-si göz öňünde tutuldy. Olaryň hersi bir maşgalanyň ýaşamagyna niýetlenendir. 320 orunlyk ajaýyp mekdep, Medeniýet öýi, Saglyk öýi, çagalar bagy oba adamlarynyň buýsanjydyr. Şeýle hem oba Hyzmat ediş öýi, 500 orunlyk iki gatly “Toý mekany” şäherdäki şonuň ýaly desgalardan kem däldir. Mundan başga-da, bu ýerde Geňeşligiň binasy hem-de 500-den gowrak belgisi bolan awtomatlaşdyrylan telefon beketli aragatnaşyk bölümi bina edildi, poçta, öýjükli, geçirijili we Internet aragatnaşygynyň hyzmatlary hödürlenilýär. Bazar, azyk we senagat harytlaryny satmaga niýetlenen birnäçe dükanlar ýerli ýaşaýjylaryň hyzmatyndadyr. Şeýle hem çörek we çörek önümlerini öndürýän, et we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhana, ýangyna garşy göreşmek boýunça depo bar.
Daşoguz welaýatynda açylan Bagtyýar zaman täze obasy Daşoguz şäheriniň golaýda 144 gektar meýdanda ýerleşdi. Onda hiç bir babatda şäheriňkiden kem durmaýan zerur bolan düzümleriň hemmesi döredildi. Bu hem geň däldir, çünki ýaşamagyň oňaýlylyk derejesi boýunça şäher şertleriniňkä şunuň ýaly has doly ýakynlaşdyrylmagy täze türkmen obasyna bildirilýän esasy talaplaryň biridir. Täze nusgaly bu obada, umuman, 500 maşgala niýetlenen bir gatly 4 otagly öýleriň 274-sini hem-de ähli amatlyklary bolan kottej görnüşli iki gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 226-syny özünde jemleýän dürli ähmiýetli köpsanly desgalar göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, bu ýerde ýerli dolandyryş edaranyň binasy, mekdep, çagalar bagy, saglyk, medeniýet we hyzmat ediş öýleri, telefon bekedi, “Toý mekany”, Söwda merkezi, birnäçe dükanlar guruldy. Obada şeýle hem täze metjit bina edildi.
Lebap welaýatynda Garabekewül etrabynyň “Zelili” geňeşliginde Berkarar zaman diýen häzirki zaman nusgaly şäherçe açyldy. 600 hojalyga niýetlenen bu täze oba Türkmenabat-Atamyrat awtomobil we demir ýolunyň aralygynda, etrap merkezinden 32 kilometrlikde 210 gektar meýdana ýaýylyp gidýär. Ýokary amatlygy bolan 3, 4 we 5 otagly öýleriň 600-siniň ählisinde diwarlar birýarym kerpiçden örülendir. Bu bolsa ýokary seýsmiki durnuklylygy hem-de ýylylygyň oňat saklanmagyny we daşarky seslerden goralmagyny üpjün edýär.
Mysal üçin, 4 otagly öýüň umumy meýdany 132 inedördül metrden gowrakdyr. Bu ýerde Medeniýet öýi, durmuş toýlaryny tutmak üçin 500 orunlyk zaly bolan “Bagt öýi”, metjit guruldy. Obada şeýle hem 640 orunlyk mekdep, 280 orunlyk çagalar bagy, dermanhanasy bolan saglyk öýi, Geňeşligiň binasy, 650 nokatlyk awtomatlaşdyrylan telefon bekedi bolan aragatnaşyk binasy, köpugurly bazary bolan söwda merkezi, Hyzmat ediş öýi, azyk we senagat harytlaryny satýan 4 dükan bina edildi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Bereketli zaman obasy döwlet Baştutanymyzyň döredijilik syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüldi. Şol syýasatyň esasy ileri tutulýan ugry halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladadan ybaratdyr. 400 hojalyga niýetlenen oba Köpetdagyň eteginde Aşgabat-Mary awtomobil ýolunyň ýanynda ýaýylyp gidýär. Bu ýerde bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-si, çagalar bagy we umumy bilim berýän orta mekdep, Saglyk öýi, Medeniýet öýi we Hyzmat ediş öýi, bazary bolan Söwda merkezi, şeýle hem çörek önümlerini we alkogolsyz içgileri öndürýän kärhana, azyk harytlarynyň dükany, aragatnaşyk bölümi, “Toý mekany” we metjit bina edildi.
Döwlet tarapyndan welaýatlarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümlerini döretmäge bölünip berilýän uly möçberli serişdeler eýýäm oňyn netijesini berýär. Olar yhlaslary bilen, gülläp ösüş we bereket döredýän oba zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Sebitleýin maýa goýum syýasaty obany ýaşlar hem-de ähli ýaşaýjylar üçin özüne çekiji etmäge, öz işewürligiňi alyp barmaga, bu ýerde uly, köp çagaly maşgalalaryň döremegine we berkemegine gönükdirilendir.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň obada işlemegiň täze usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna üstünlikli çözülýändigini nygtap bolar. Ekerançylaryň yhlasly zähmetleriniň netijeleri biziň agzybir we jebis halkymyzyň bereketli saçaklarynyň hemişe bezegi, gün-günden kuwwatlanýan Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň, gadymy we baky juwan türkmen topragynyň baýlygynyň egsilmez çeşmesi bolupdy we bolar.