9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Beýik Ýüpek Ýoly Nakgaş Nazary Bilen

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Işanguly Işangulyýew dürli tilsimleri utgaşdyrýan nakgaş. Ahal-teke atlary onuň döredijiliginde gowy görýän temalarynyň biri, olaryň keşbini zehinli döredenligi üçin ol üç gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden döredijilik bäsleşiginde baýrak aldy. Birnäçe ýyl mundan ozal bu hem onuň ussahanasyna birinji gezek barmagyma sebäp bolupdy, ussahananyň bosagasyndan ätlenimden bir zada haýran galdym. Çar tarapdan maňa zenana meňzedilen çöl garap durdy. Onuň suratlarynda zenan keşpli çöl – durşuna mähirdir hoşamaýlyk bolup dur, ýöne çölüň gyňyr häsiýetine belet her kes birden tersine düşäýse onuň ýumşaklygyny bir ýana zyňaga-da, gahar-gazaba münüp, gum depelerini köwsarladyberýänliginden habarlydyr.

Ýöne nakgaş Işangulyýewe çöl mähriban görünýän ýaly, çölem ony özüni apalaýan adam saýýan borly.

Işanguly Işangulyýew 1960-njy ýylda ýurdumyzyň günbatarynda Bendesen diýen owadan atly gözel obada düýnä inýär. Çagalykdan žiwopise göwün beren ýigdekçe mekdebi tamamlandan soň Şota Rustaweli adyndaky Döwlet çeperçilik ýörüteleşdirlen orta mekdebine okuwa girýär, soňra bilimini I.E. Grabar adyndaky Çeperçilik ylmy-restawrasiýa merkezinde dowam edýär. Işanguly syýahat etmegi halaýar. Ol özbaşdak we köpçülikleýin sergileri bilen Türkiýede, Russiýada, Angliýada, Hindistanda, Hytaýda, Italiýada boldy.

Işanguly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Italiýa. Arheologiýa. Hytaý” halkara sergisi açylanda muzeýiň ýolbaşçylaryna bu tematikadan özbaşdak sergisini teklip etdi.

Şeýlelikde, muzeýe gelenler nakgaşyň gözi bilen gören gözel ýerlerini we tebigat ajaplyklaryny suratda beýan eden eserleri bilen tanyşýardylar, Işanguly olarda türkmen tebigatyna meňzeşlik görüpdir. Mysal üçin, ajaýyp Sinhuandao (Hytaý) gaýalary awtoryň pkirine görä, nakgaşyň dogduk obasy Bendeseni gallap oturan daglara, Kappadokiýa (Türkiýe) dagynyň aklyňy haýran ediji şekili Sumbar jülgesiniň Aý daglaryna meňzeýär.

Diňe dünýäde taýsyz Beýik hytaý diwarlaryna meňzeş zat tapmandyr. 2015-nji ýylda Işanguly Işangulyýew “Ýüpek ýoly” suratyny çekipdi, onda nakgaş geçmişe syýanat edip, täjirleri – Parfiýadan düýeli gelen türkmenleri we Hindistandan pil münüp gelen induslary arasyny adam eliniň döreden jadyly binasy – Beýik hytaý diwary bölýän ajaýyp hytaý dag gerişleriniň öňünde şekillendiripdir.

Many-mazmuny babatda “Ýüpek ýoly” suraty sergide esasy orun tutaýmaly ýaly welin, bu gezegem nakgaş türkmen zenanlaryny öňe çykaryp, hemmäni geň galdyrdy. “Üç gelin”, “Saz”, “Zenan kalby”, “Oýa batan” ýaly suratlarynyň ählisinde durmuş anturažyna garamazdan eseriň gahrymanlary asylly gelinler. Gabagyny ýerden galdyrmaýan, agzy ýaşmakly zenan keşbi türkmen gözeliniň taýsyz mertebeliligini görkezýär.

Nakgaş olaryň gözelligini dürli reňk öwüşginleri bilen nygtaýar. Gözelleri gurşap duran töwerek gyzyl reňkiň dürli öwüşginleri, altynsow-sarymtyl-gyzyl we goňur-mele reňklerde berlipdir. Ýerlikli ulanylan reňkler tilsim eklektikasy bilen utgaşyp üýtgeşik bir geňsi görnüş döredýär. Nesil dowamatyny we maşgala ojagynyň yssysyny aňladýan alaja surata sazlaşylky berýär.

Ondan has irräk, 2007-nji ýylda Işanguly “Kerwen” suratyny çekipdi, onda durmuşy wakalar hyýaly zatlar bilen sepleşýär: şapak nury siňen çölden hatar gurap barýan ýükli düýeler, nakgaşyň hyýalynda dörän asman nurlary şekillendrilipdir. Onuň ýordumy giňişlikde ýerleşdirilişi bilen özüne çekýär: ümmülmez çöl, äpet asman jisimleri hemem kinniwanja kerwen. Nakgaş tomaşaçylaryň ünsüni ady rowaýata öwrülen söwda ýolunyň özboluşlylygyna çekjek bolan borly.

Işanguly Işangulyýewiň “Ýüpek ýoluna syýahat” atly özbaşdak sergisiniň bir bölümi rowaýatlara bagyşlanypdyr. Eserleriň birnäçesi Leýli bilen Mejnunyň hasratly söýgüsinden söhbet açýar. Aşyk Mejnunyň keşbi Işangula has ýakyn borly. Nakgaş gahrymanyň şahsyýetini açyp görkezmekde täze usullary gözleýär. Olardan iň şowlularyndan ikisi: Leýliniň we Mejnunyň modern usulynda çekilen keşbidir, olar tomaşaça dürli many çykarmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen zenanlary we epiki gahrymanlar baradaky suratlar daşary ýurtlaryň gözellikleri bilen tanyşdyrýan işlere sazlaşyk berýär. Tomaşaçylar surat yzyna surata syn edenlerinde, dogrudanam, geçmişe syýahat eden ýaly bolýarlar…

Degişli makalalar

Prezidentimiziň Aşgabat Halkara Howa Menziliniň Açylyş Dabarasynda Eden Çykyşy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

syrach

Prezidentimiz Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach