Hormatly kärdeşler!
Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanyp 2020-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýarys.
Halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda kabul eden 1528 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda geçirilýär.
Guramaçy -Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.
Halkara ylmy maslahatyň iş dili: türkmen, iňlis we rus dilleri.
Halkara ylmy maslahatyň mowzuklary:
· Türkmenistanyň ykdysady pudaklaryny ösdürmek üçin ylmyň we tehnikanyň gazananlary;
· nebit-gaz toplumynda, energetikada, oba hojalygynda, gurluşykda, binagärlikde, seýsmologiýada, dokma senagatynda, lukmançylykda we derman senagatynyň önümçiliginde hem-de beýleki pudaklarda innowasiýa tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalar;
· ykdysady ylymlar;
· ynsanperwer ylymlary;
· tebigaty goramak, ekologiýa we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak;
· geomaglumat ulgamlary, nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar;
· energiýa- we serişdetygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýanyň alternatiw çeşmeleri;
· maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary.
Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça, maslahatyň mowzuklarynyň üsti doldurylyp bilner.
«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň
GURAMAÇYLYK TOPARY
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 94-30-31; 94-30-68
Çeşme: http://science.gov.tm/