4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Bilelikdäki Türkmen-Hindi BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi 2015-nji ýylyň 10–11-nji iýulynda Türkmenistanda resmi sapar bilen boldy.

Saparyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça giňişleýin gepleşikleri geçirdi. Baştutanlar uzak döwrüň dowamynda kemala gelen ösüşe, taryhy we medeni gatnaşyklara esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam edýändiginden kanagatlanma bildirdiler we halkara, şeýle hem sebit parahatçylygyna we durnuklylygyna umumy gyzyklanma bildirdiler.

Syýasy we diplomatik hyzmatdaşlyk

Baştutanlar soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky ýokary derejedäki gatnaşyklaryň artandygyny kanagatlanmak bilen bellediler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meýillerini berkitmekde yzygiderli ikitaraplaýyn arkalaşykly hereketiň ähmiýetini tassykladylar. Baştutanlar ähli derejelerde, şol sanda ýolbaşçylaryň, ministrleriň, parlament wekilleriniň we ýokary wezipeli adamlaryň derejesinde ikitaraplaýyn esasda hem-de köp taraply çäreler boýunça alyşmagy dowam etmäge çagyrdylar. 

Baştutanlar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň 5-nji mejlisiniň 2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabatda üstünlikli tamamlanandygyny makulladylar. Olar Toparyň hyzmatdaşlygyň täze we mümkinçiligi uly bolan ugurlaryny ýüze çykarandygyny bellediler hem-de mejlisde kabul edilen çözgütleri netijeli durmuşa geçirmäge çagyrdylar. Olar beýleki institusional gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny bellediler we şunuň bilen baglylykda öz ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna daşary syýasy edaralaryň arasyndaky geňeşmeler, konsullyk geňeşmeleri, energetika boýunça bilelikdäki iş topary ýaly bar bolan usullaryň çäklerinde, şeýle hem özara ylalaşylan meseleler boýunça goşmaça usullary döretmek arkaly ikitaraplaýyn, sebit we ählumumy meseleler boýunça gepleşikleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdylar. 

Goranmak we howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek

Baştutanlar halkara terrorçylygynyň we onuň soňky ýyllarda çalt ýaýramagynyň häzirki döwürde iň bir ählumumy howplaryň biri bolup durýandygyny bellediler. Baştutanlar howpsuzlyga dürli wehimlere garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada karara geldiler. Olar terrorçylyk, guramaçylykly jenaýatçylyk we neşeleriň bikanun dolanyşygy ýaly serhetüsti howplara garşy göreşde tagallalary işjeňleşdirmek barada hem ylalaşdylar.

Baştutanlar saparyň dowamynda Goranmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegini makulladylar, bu Ylalaşyk ýokary we orta derejede saparlary alyşmak arkaly goranmak we howpsuzlyk babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy iki ýurduň goranmak ministrlikleriniň hem-de beýleki degişli edaralarynyň arasynda okuwlary we gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin esas bolup hyzmat eder. Şeýle hem mümkinçilikleri we tehniki hyzmatdaşlygy berkitmäge şert döredip, goranmak ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Ykdysady hyzmatdaşlyk

Baştutanlar soňky birnäçe ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdanyň durnukly ösýändigine garamazdan, iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberiniň iki ýurduň özara bähbitleri üçin köp esse artdyrylyp bilinjekdigini tassykladylar. Şu maksat bilen, iki Baştutan ikitaraplaýyn söwdanyň, maýa goýumlarynyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesini çalt ýokarlandyrmakda işjeň hereket etmegi ylalaşdylar.

Baştutanlar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada karar kabul etdiler we iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiligi bolan ugurlar hökmünde energetika, nebithimiýa, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma, himiýa we derman senagaty, gurluşyk we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmak barada karara geldiler.

Şeýle hem Baştutanlar iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly, iki döwletde dürli üpjünçilik ulgamlaryna degişli we maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga amatly şertleri döretmegi we ýardam bermegi ylalaşdylar.

Baştutanlar Türkmenistanda hem, Hindistanda hem iki ýurduň arasynda işewür hyzmatdaşlyga we gatnaşyklara ýardam bermek üçin iki döwletiň telekeçilik bileleşiklerini çekmek bilen, milli sergileri, işewürler maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmäge özleriniň taýýardyklaryny tassykladylar.

Energetika we nebithimiýa

Baştutanlar energetika pudagynda, aýratyn-da, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurduň arasyndaky ykdysady arkalaşykly herekete esas bolup durýandygyny bellediler. Olar «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna täsir etjekdigini ykrar edýärler we bu möhüm sebit taslamasyny çalt durmuşa geçirmek üçin çäreleri görmegi karar etdiler. Olar «TAPI Ltd.» kompaniýasynyň 2014-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda ýörite maksatly (SPV) kompaniýa hökmünde döredilendigini makulladylar hem-de onuň bu strategik taslamany durmuşa geçirmekde möhüm waka bolandygyny ykrar etdiler.

Baştutanlar dört döwletiň halklarynyň umumy bähbitlerine bu strategiki taslamany öz wagtynda durmuşa geçirmäge berk eýerýändiklerini tassykladylar hem-de taslamanyň Konsorsiumynyň ýolbaşçysyny saýlamagyň 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli tamamlanmalydygyny, şonuň bolsa bu taslamany çalt durmuşa geçirmekde aýgytly ädim boljakdygyny bellediler.

Baştutanlar himiýa we nebithimiýa pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi, şeýle hem Türkmenistanda «ONGC VideshLtd» (OVL) kompaniýasynyň wekilhanasynyň açylmagyny goldadylar. Şeýle hem Baştutanlar Türkmenistandan karbamid dökünini uzak möhletleýin ibermek üçin esaslary üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Raştriýa Himikals end Fertilaýzers» hindi döwlet kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegini hem makulladylar.

Şeýle hem Baştutanlar türkmen kärhanalary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda karbamid önümçiligini döretmek barada Hindistanyň teklibini goldadylar hem-de şeýle teklibiň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltjekdigini bellediler. Premýer-ministr Narendra Modi nebit we gaz pudaklarynda hindi döwlet kompaniýalarynyň taýýarlamak, taslama düzmek, gurluşyk, agtarmak we çykarmak babatda dürli görnüşli tejribesiniň bardygy hakynda habar berdi we bu hindi firmalary bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmäge gatnaşmak üçin türkmen kompaniýalaryny çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow teklibi goldady we Hindistanyň tehniki tejribesiniň Türkmenistanyň uglewodorod we nebithimiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalaryna ýardam bermekde gymmatly tejribe boljakdygyny tassyklady. 

Ulag we aragatnaşyk

Baştutanlar iki ýurduň arasynda gatnawlaryň goşmaça mümkinçilikleri üçin goşmaça ulag geçelgelerini öwrenmekde bilelikde işlemek meýillerini tassykladylar. Baştutanlar 2015-nji ýylyň iýunynda Delide Hindistanyň we Türkmenistanyň arasynda ulag boýunça bilermenleriň derejesinde birinji duşuşygyň geçirilmegini makulladylar hem-de Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnawlaryň dürli ugurlaryny öwrenmek üçin ýörite iş toparynyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşmagy we hyzmatdaşlyk etmegi dowam etmek barada ylalaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Aşgabat Ylalaşygyna goşulmak meýilini makullady.

Baştutanlar Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň beýleki ýurtlary üçin derweze hökmünde Türkmenistanyň ähmiýetini ykrar etdiler hem-de harytlaryň hereketini ýeňilleşdirmek boýunça ulag geçelgelerini we üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmekde bir-biriniň başlangyçlaryny goldamak barada ylalaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda, şol sanda Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda harytlary gatnatmak boýunça «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesine (INSTC) ýardam bermekde Hindistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň ýokarda görkezilen geçelgä birleşmek barada meselä seretmegi maksat edinýändigini habar berdi. Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narindra Modi ýaňy-ýakynda açylan «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýolunyň Hindistanyň we Türkmenistanyň arasynda hem-de olaryň çäklerinden daşarda harytlaryň we çig malyň hereketini amatlylaşdyrmak üçin INSTC geçelgesi bilen birleşdirilip bilinjekdigini belledi.

Baştutanlar iki ýurduň arasyndaky howa gatnawynyň iki ýurduň arasynda göni ýerüsti gatnawyň bolmazlygy ýaly tebigy päsgelçiligi belli bir derejede ýeňip geçjekdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar iki ýurduň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny ýokarlandyrmaga, şol sanda netijeliligi artdyrmak üçin bäşinji erkinlik hukugyny bermek arkaly ýokarlandyrmaga çagyrdylar. Baştutanlar iki ýurduň arasyndaky göni gatnawlaryň mümkinçiliginiň Hindistanyň Türkmenistana harytlaryň eksportuny höweslendirmek üçin has gowy peýdalanylyp bilinjekdigi hakynda pikirlerini aýtdylar hem-de öz awiakompaniýalary arkaly ýükleri daşamagy höweslendirmek üçin zerur çäreleri görmek barada ylalaşdylar. 

Ylmyň we tehnologiýanyň mümkinçiliklerini giňeltmek

Baştutanlar Türkmenistanyň raýatlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we ösdürmek hem-de Türkmenistanda ykdysadyýeti ösdürmek boýunça taraplary kanagatlandyrmak üçin dürli pudaklarda ätiýaçdaky zehinli hünärmenleri taýýarlamakda Hindi tehniki ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň ornuna ýokary baha berdiler. Premýer-ministr Narendra Modi Türkmenistanyň Hökümetiniň gyzyklanma bildirýän pudaklarynda täze okuwlary teklip etmäge Hindistanyň taýýardygy barada habar berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi makullady. 

Baştutanlar Türkmenistanyň raýatlarynyň hünärini ýokarlandyrmagy üpjün etmek üçin Hindistanyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Aşgabat şäherindäki türkmen-hindi okuw-önümçilik merkeziniň üstünlikli döwrebaşlaşdyrylmagyny goldadylar.

Baştutanlar ylym we tehnika babatda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekilmegini hem makulladylar, bu Maksatnama bu möhüm ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işlere goşmaça itergi bermegi üpjün edip biler.

Medeni hyzmatdaşlyk

Baştutanlar iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we iki halkyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga medeni alyşmalaryň möhüm we oňyn goşant goşandygyny bellediler. Baştutanlar 2014-nji ýylda Hindistanda türkmen medeniýetiniň festiwallarynyň we şu ýyl Türkmenistanyň dürli sebitlerinde medeni hyzmatdaşlyk boýunça «Namaste Türkmenistan» Hindi Geňeşiniň (ICCR) festiwalynyň üstünlikli geçendigini bellediler hem-de geljekde hem şeýle çäreleri geçirmäge çagyrdylar.

Baştutanlar iki ýurduň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyny ylalaşmaklygy tamamlamaga çagyrdylar. Baştutanlar şeýle hem, köpçülikleýin derejede ysnyşykly gatnaşyklary üpjün etmek üçin Medeni hyzmatdaşlyk boýunça hindi merkezi (ICCR) tarapyndan türkmen talyplaryna berilýän talyp haky maksatnamalaryna goşandyny bellediler. 

Baştutanlar Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylmagyny medeni gatnaşyklarda täze sahypanyň başlangyjy hökmünde ykrar etdiler. Baştutanlar ýoganyň hemmetaraplaýyn gymmatlykdygyny we saglyk üçin oňyn hem-de bitewi çemeleşmedigini bellediler. Baştutanlar Merkeziň Hindistanyň we Türkmenistanyň adaty lukmançylyk bilimlerini we tejribesini birleşdirmäge kömek etjekdigini ykrar etdiler, bu bolsa adamlara peýda getirer. Premýer-ministr Narendra Modi 21-nji iýuny Birleşen Milletler Guramasynda Halkara ýoga güni (HÝG) diýlip yglan edilmegini goldandygy we Aşgabatda ilkinji gezek Halkara ýoga gününiň giňden baýram edilendigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

Baştutanlar Aşgabatda Mahatma Gandiniň ýadygärliginiň dabaraly açylmagyny makulladylar, bu ýadygärlik geljekde iki Tarapyň parahatçylykly dünýä ösüşini gazanmak üçin bilelikde işlemäge eýerýändikleriniň nyşany bolar.

Baştutanlar 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin, şol sanda saparyň dowamynda baglaşylan, sport babatda Ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

Halkara hyzmatdaşlygy

Baştutanlar sebit, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda we özleri agzalary bolup durýan beýleki sebit we halkara guramalarynda arkalaşykly hereket etmegi giňeltmek arkaly hyzmatdaşlygy berkitmäge özleriniň eýerýändiklerini tassykladylar. Olar ählumumy meseleleri çözmekde we durnukly ösüşi goramakda hemmetaraplaýyn gural hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň edaralarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Premýer-ministr Narendra Modi Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň Hökümetini gutlady hem-de bu syýasatyň Türkmenistanda we bütin sebitde parahatçylygy, ösüşi we durnuklylygy gorap saklamaga ýardam berýändigini belledi.

Baştutanlar häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny güýçlendirmek we giňeltmek babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşini özgertmegiň örän zerurdygyny tassykladylar.

Taraplar iki ýurduň ösüşi üçin amatly halkara ýagdaýyny döretmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkiderler, ysnyşykly hereket ederler hem-de hyzmatdaşlygy utgaşdyrarlar.

Geljekki mümkinçilikler

Baştutanlar resmi gepleşikler wagtynda ara alnyp maslahatlaşylan we ylalaşylan meseleler boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge hem-de geljekki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça anyk netijeleri üpjün etmäge bar bolan ikitaraplaýyn usullar we beýleki serişdeler arkaly özleriniň eýerýändiklerini tassykladylar.

Baştutanlar Premýer-ministr Narendra Modiniň saparynyň Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we çuňlaşdyrmaga, şeýle hem iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin çäkleri kesgitlemäge ýardam berýändigi bilen ylalaşdylar.

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna minnetdarlyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentini amatly wagtda Hindistan Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň                                         Hindistan Respublikasynyň 
Prezidenti                                                   Premýer-ministri

Gurbanguly                                                 Narendra 
BERDIMUHAMEDOW                                             MODI


Aşgabat, 2015-nji ýylyň 11-nji iýuly 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Özbek Kärdeşi Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Ýylyň Öňýanyndaky Baýramçylyk Dabaralaryna Gatnaşdy