Bioköpdürlülik boýunça taýýarlanan milli hasabat Aşgabatda geçirilen edaraara ara alyp maslahatlaşmaga berildi. Duşuşyga ylmy işgärler we daşky gurşawy goramak boýunça welaýat müdirlikleriniň, döwlet goraghanalarynyň, akademiki hem-de ýokary okuw mekdepleri ylmynyň, işi tebigatdan peýdalanmak bilen baglanşykly ministrlikleriň işgärleri gatnaşdylar. Resminama düzmek boýunça iş Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň utgaşdyrmagynda BMG-nyň ÖM-nyň “Biologik köpdürlülik barada konwensiýa (BKK) boýunça milli hasabatlary ýazmakda ýurtlara tehniki goldaw bermek” sebit maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Hasabaty ugurdaş düzümleriň bilermenleri we alymlar taýýarladylar.
Duşuşykda biziň ýurdumyzyň goldaýan şu konwensiýasy we beýleki tebigaty goramak boýunça ylalaşyklar barada maglumatlar, şeýle hem milli hasabatyň mazmuny, şol sanda janly tebigat dünýäsiniň populýasiýasynyň, ekologiýa toplumlarynyň ýagdaýy, türkmen tebigatynyň genofonduny goramak boýunça işiň ugurlary bilen tanyşdyryldy.
ÇÖHDMI-niň direktorynyň orunbasary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Saparmyradowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýurdumyzda biologik ködürlüligiň 20 müňe golaý görnüşi, şol sanda ösümlikleriň we kömelekleriň 7 müň görnüşi bar. Haýwanlaryň görnüşleriniň 13 müňüsiniň 12 müňüsi oňurgasyzlara degişlidir. Häzirki wagtda resminama boýunça esasy iş tamamlandy, hasabat milli derejede ylalaşylandan soň BKK-nyň Sekretariatyna berler.
Bioköpdürlülik –munuň özi janly tebigat dünýäsiniň baýlygydyr, ol diňe bir ylmy we amaly taýdan peýdaly bolman, eýsem onuň adam üçinem ähmiýeti uludyr. Daşky gurşawyň üýtgemegi, ozaly bilen, ösümliklere täsir edýär, olaryň ýagdaýyna görä, ekoulgamyň hili barada netijä gelip bolar, – diýip ÇÖHDMI-niň tokaýlar we öri meýdanlary laboratoriýasynyň ylmy işgäri Güljemal Gurbanmämmedowa gürrüň berýär. – Milli hasabat görnüşleriň populýasiýasy, olaryň ýaşaýan ýerleri, özgermeleriň barşy barada maglumatlary seljermäge ýardam edýär.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm