Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary biotehnologiýanyň ösüş meseleleri boýunça geçirilen ylmy-amaly maslahatda öz gözleriniň jemlerini beýan etdiler. Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy-gözleg merkezi we bu ýokary okuw mekdebiniň lukmançylyk biotehnologiýalary ylmy-gözleg merkezi bu maslahatyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Maslahatda her bir edilen çykyş bu uniwersitetiň üpjün edilen öňdebaryjy multimediýa tehnologiýalary bilen beýan edildi. Lukmançylygyň nano- we biotehnologiýalar dünýäsiniň ösüşine bagyşlanyp edilen syn maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Ýurdyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklarynyň öwrenilmegine bagyşlanyp edilen talyplaryň gözleg işleriniň birnäçesi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Hususanda, türkmen arçasynyň transplantologiýada peýdalanamagyň mümkinçilikleri barada, maklýuralaryň bakterisid aýratynlyklary baradaky habar, deri kesellerini bejermek üçin kamedi feruladan taýýarlanan dermanlyk serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça gözlegler we geljekki lukmanlaryň beýleki uly gyzyklanmalar bildirýän ugurlary boýunça ylmy çykyşlar uly ähmiýete eýe boldy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm