9.9 C
Aşkabat
25.11.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtomobil benzinini, polipropileni, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Karbamid (“Türkmenhimiýa” DK) bolsa Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň baglaşan geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna çigit ýagy, naz ýüplük, pagta süýümi satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, BAE, Malta, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 73 million 76 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Pakistandan we Slowakiýadan gelen işewürler umumy bahasy 3 million 354 müň manat bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Degişli makalalar

Özbegistan Eýrandan Nebit Önümlerini Almagyň Meselelerini Maslahatlaşýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistan azyklyk bugdaýy eksport edýän

syrach

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ýurdumyzyň Ykdysady Kuwwatynyň Artmagynyň Aýnasy

turkmenhabargullugy