9.9 C
Aşkabat
25.11.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Yrakdan, Owganystandan we Panamadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, az kükürtli ýangyç mazutyny satyn aldylar. Şweýsariýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna arassalalan pagta ýagy, nah ýüplükler we pagta linti ýerlenindi. Satyn alan ýurtlar Russiýa, Beýik Britaniýa, Ukraina, Gyrgyzystan, Täjigistdan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 97 million 678 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Slowakiýadan gelen işewürler umumy bahasy 6 million 918 mýň manada deň bolan arasalalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 378 müň manatlyk polipropilen (TNGIZT) satyn aldylar.

Degişli makalalar

Energetika Pudagynyň Kuwwaty Eksporta Ugardylyşyny Artdyrmaga Mümkinçilik Berýär

Birža Täzelikleri

syrach

Nebit we Pagta Önümleri Eksport Birža Geleşikleriniň Söwdalarynda Esasy Orun Eýeledi