Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, tehniki kükürdi, russiýaly we hytaýly işewürler tehniki uglerody we tehniki ýody (Türkmenhimiýa DK) satyn aldylar. Daşary ýurt walýutasyna şeýle hem bugdaý, pagta ýagy, nah ýüplük, buýan köküniň ekstrakty satyldy. Olary Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Serbiýadan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 68 million 106 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň we Slowakiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta ýagyny, regenerirlenen süýümi, nah mata galyndylaryny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 77 müň manatdan gowrak bolan Türkmenaglomerat kondisiýasyz polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.