6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň, Estoniýanyň we Täjigistanyň işewür wekilleri suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna pagta ýagy, azyklyk bugdaýy, nah ýüplügi, garaköli we saryja dowarlaryň ýüňi ýerlenildi.  Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 137 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Rossiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Slowakiýadan we Pakistandan  gelen işewürler jemi bahasy 8 million  manada golaý pagta ýagyny satyn aldylar.

Degişli makalalar

Aşgabatda demirýol ulaglary pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

syrach

OPEC 2017-nji Ýylda Nebite Bolan Isleg Baradaky Çaklamasyny Ýokarlandyrdy

Türkmen Ýüpekçileri Borçnamalaryny Ýerine Ýetirdiler