Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Türkmengaz DK-niň suwuklandyrylan gazyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Owganystandan, Ukrainadan Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaýy we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million dollaryna golaý boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Slowakiýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 630 müň manatdan gowrak möçberde azyklyk bugdaýy satyn aldylar.