9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýäniň, BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi. Olary Şweýsariýadan, Türkiýeden, BAE-den, Slowakiýadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 43 million 878 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan we beýleki ýyrtlardan gelen işewürler jemi bahasy 7 million 397 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, çig ýagly kislotalary satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 351 müň manatdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy we awtoulagy satyn aldylar.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

syrach

Daşoguzly Pagtaçylar Gowaça Ekişine Girişdiler

Türkmenistan Finlandiýa İşewürlik Maslahaty

syrach