Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 267-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Gonkong, Türkiýe, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 23 million 39 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Gonkongdan, Kanadadan, Türkiýeden, Ermenistandan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 22 million 195 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi we ýüňi (saryja hem garaköli) satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million manada golaý polipropileni, polietileni we pagta süýümini satyn aldylar.