9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Täjigistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, yşyklandyryş kerosini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Owganystanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna el halylary, ýorgan-düşek toplumlary, dokma önümleriniň giň görnüşi, mata we nah ýüplük, biz matasy, trikotaž önümleri, pagta süýümi, şeýle hem arassalanan pagta ýagy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Singapur, Türkiýe, Azerbaýjan, Gruziýa, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million 737 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýdan gelen işewürler 3 million 726 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplük satyn aldylar.

Degişli makalalar

Dünýäniň dokma önüm öndürijileri Aşgabatda ykdysady maslahata ýygnandylar

syrach

Haryt-Çig Mal Biržalary we Birža Söwdasy Hakynda Türkmenistanyň Kanuny

turkmenhabargullugy

Uzynada Nebit-Gaz Ýatagynyň Mümkinçiligi we Geljegi