8.9 C
Aşkabat
24.11.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Germaniýadan, Türkiýeden, Gazagystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen  dizel ýangyjyny satyn aldylar. ABŞ-nyň, Türkiýäniň we Owganystanyň  işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamid we tehniki uglerod  (“Türkmenhimiýa” DK) boyunça geleşik baglaşdylar. Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den,  Türkiýeden, Singapurdan,  Gyrgyzystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere  daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplügi, pagta süýümi ýerlenildi. Olary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 60 million 26 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler 
jemi bahasy 2 million 498 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, çig ýagly kislotalary satyn aldylar.

Degişli makalalar

TOPH Gaz Geçirijisiniň Ugrunda Inženerçilik-Gözleg Işleri Başlandy

syrach

Türkmenistanda Birleşdirilen Nagt Däl Hasaplaşyk Ulgamy Işe Girizildi

syrach

Lebap Welaýaty: Eksporta Ugradylýan Sement we Geljekki Jaý Toýlary