13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) satyn aldylar.

Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: BAE we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 118 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-den gelen işewürler bahasy 1 million 610 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen, nebit bitumyny, ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 59 million 339 müň manatdan gowrak boldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Aziada 2017-niň Hormatyna Köpçülikleýin Maşklar Geçirildi

Ýewropanyň Merkezi Banky Reforma Geçirmeklige Çagyrýar

syrach

Halkara Bitaraplyk Gününe Döredijilik Sowgady