6.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn aldylar Binýatlyk ýag BAE-niň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň işewürleriniň söwdalaşyklarynyň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük we awtoulag serişdesi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Türkiýe we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 142 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri nah ýüplük, dürli lukmançylyk önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy möçberi 774 müň manatlykdan gowrak boldy.

Degişli makalalar

The Wall Street Journal: Saud Arabystanynyň Nebiti Hiç Kime Gerek Däl Boldy

turkmenhabargullugy

Birża täzelikleri

syrach

OPEC-e Girmeýän Döwletler Hem Nebit Çykarylyşyny Çäklendirmegi Ylalaşdylar