2015 ýylyň 27-nji maýynda Bişkek şäherindäki K.Baýalinowa adyny göterýän çagalar we ýaşlar Respublikan Kitaphanasynda Türkmenistanyň 2015-nji ýyl: Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly temasy bilen geçirilen bäsleşigiň baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu ýaryş Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasyny Gyrgyzystan Respublikasynyň medeniýet, syýahatçylyk we maglumat Ministrliginiň goldamagynda gurnaldy.
Çärä gatnaşyjylar bolup Gyrgyzystanyň medeniýet, syýahatçylyk we maglumat ministriniň orunbasary B.Ş.Sekimow, çagalar we ýaşlar Respublikan Kitaphanasynyň ýolbaşçysy P.K.Soltangaziýewa çykyş etdiler.
Döredijilik bäsleşigi ýaş suratkeşler, mekdep mugallymlary, sungat işgärleri we jemgiýetçilik guramalaryň wekilleri tarapyndan gyzgyn garşy alyndy, bu bolsa türkmen we gyrgyz halkaryň arasyndaky dostluk köprüsiniň ýene bir alamaty boldy.
Döredijilik işinde ýaşlar dostlukly Türkmenistanyň tebigatyna, taryhyna, milli medeniýetine, hem-de ýaşdaşlaryna uly gyzyklanma bildirdiler. 4 ýaşdan 16 ýaş aralygyndaky suratkeşler Türkmenistanyň Döwlet nyşanlary, türkmen halkynyň durmuşy we däp-dessurlaryny, ak mermerli Aşgabadyň gözel ýerlerini, tebigatyň görnüşiniň beýanyny, oba durmuşyndan alynan bölekleri, türkmen topragynyň bol hasylyny öz suratlarynda ornaşdyrypdyrlar.
Ýaryşyň ýeňijilerine telewizor (1-nji orunlar üçin), planşet (2-nji orunlar üçin) we ykjam telefon (3-nji orunlar üçin) ýaly gymmat baha sowgatlar gowşuryldy. Ýaryşa gatnaşan galan çagalara köşeşdiriji sowgat hökmünde Türkmenistanyň 2015-nji ýyl: Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly logotipli diwardan asylýan sagat aldylar.