Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler minstrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiik akademiýasynyň binasynda, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýsaty, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň guraly” atly tegelek stoly geçirdi.
Çäräniň işine Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gyrgyz Respublikasyndaky daşary ýurt Ilçileri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Tegelek stoluň başynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Çärede Akademiýanyň rektory, Daşary işler ministrliginiň wekili, Belarussiýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Özbegistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we professor-mugallymlar çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi öz çykyşynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň möhümligi we aýratynlygy barada belläp, 25 ýyllyk Bitaraplygyň dowamynda sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler barada aýdyp, gatnaşyjylaryň ünsüni 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyna çekdi.
Çeşme: https://neutrality.gov.tm/