9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Bitaraplyk we Parahatçylyk

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, 2015-nji ýyl Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. 

9-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan şanly dabaralaryň maksatnamasyny oňlady we makullady. 

Döwlet Baştutanymyz şu ýylda göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ählumumy derejede möhüm ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilip, parahatçylygyň, dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň, ynsanperwerlige mahsus belent ýörelgeleriň dabaralanmagynyň beýanyna öwrülmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy goramagyň we özara düşünişmegiň, ýer ýüzünde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmegiň netijeli guraly hökmünde uly ähmiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmelidigini hem-de onuň ýörelgeleriniň halkara syýasatynyň aýrylmaz we esasy şertlerine öwrülýändigini aýdýar. 

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri tutuş ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler we dabaralar geçirilýär, bular ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, minitsrlikler we pudak edaralary, bilim we medeniýet ulgamyna degişli edaralar, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guralýar. 

Şeýle hem 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp köp sanly duşuşyklar, ýygnanyşyklar, tegelek stollar, okuw maslahatlary we maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar, sport çäreleri we bäsleşikler geçirilýär. Bular ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalary– ilçihanalar we konsullyklar tarapyndan dünýäniň köp sanly döwletlerinde-de guralýar. 

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky, Täjigistan Respublikasyndaky, Hytaý Halk Respublikasyndaky we Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanalary tarapyndan “Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi – parahatçylyga we netijeli hyzmatdaşlyga mahsus ýagdaý” atly duşuşyklar fewral aýynda bolan möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi. 

Žurnalistler bilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyga we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan syýasatynyň möhüm ähmiýetlidigi hem-de onuň ýurdumyza geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlara işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýändigi aýratyn bellenildi. 

Daşary syýasy ugruň yzygiderli ýöredilmegi netijesinde, Türkmenistanyň BMG, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalary, Orta Aziýadaky, Ýewropa Bileleşigindäki, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki döwletler, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Latyn Amerikasyndaky ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirendigi we berkidendigi nygtaldy. 

Bitaraplyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň yzygilderli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistana üstünlikleri gazanmagyň, ilkinji nobatda bolsa döwletliligi emele getirmegiň we pugtalandyrmagyň, ykdysadyýetiň yzygiderli ösüş depginleriniň gazanylmagyny üpjün etmegiň, ilatyň ýaşaýşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny beýgeltmegiň başardandygy bellenildi. 

Şeýle hem duşuşyklara gatnaşyjylar şu ýylyň dekabrynda belleniljek şanly senä bagyşlanan möhüm ähmiýetli we uly çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdyryldy. Şanly senä bagyşlanan dabaralar ýokary derejedäki halkara maslahatynyň geçirilmegi bilen jemlener, bu maslahata gatnaşmak üçin birnäçe döwletleriň baştutanlary, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekilleri çagyryldy. 

Duşuşyklaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şol başlangyçlar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berip, häzirki döwürdäki möhüm meseleleriň çözülmegine, ählumumy parahatçylygyň goralmagyna we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Fewralyň birinji ongünlüginde Döwlet baýdagynyň güni hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkiýede ýörite forum – “Bitaraplyk hem-de sebitde parahatçylyk dörediji, ulag we energetika diplomatiýasyny ösdürmek” atly maslahat geçirildi. 

Üstaşyr we energetika babatda örän uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň tutuş adamzadyň bähbitleri üçin şol mümkinçiliklerden üstünlikli peýdalanyp, netijeli başlangyçlary öňe sürýändigi bellenildi, şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalarynyň kabul edildmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol Rezolusiýalar energetiki howpsuzlygyny we energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmek, ählumumy yzygiderli ösüşde möhüm ähmiýetli ýagdaý diýlip hasaplanýan täze üstaşyr—ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm ugurlar boýunça netijeli halkara gepleşiginiň höweslendirilmegine we işjeňleşdirilmegine ýardam bermelidir. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz şu ugurlar boýunça BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde özara arkalaşykly hyzmatdaşlyk edilmegine degişli meseleler boýunça işjeň garaýşa ygrarly bolmak bilen, şu ýyllarda düzüme degişli uly taslamalary öňe sürýär hem-de bulary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrmak arkaly netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine önjeýli goşant goşýar. 

Şanly senä bagyşlanan dabaralar barada aýdanyňda, bularyň diňe bir daşary ýurtlaryň paýtagtlarynda däl-de, ýurdumyzyň konsullyklarynyň ýerleşýän iri şäherlerinde-de geçirilýändigini belläsimiz gelýär. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp Gazagystanyň Aktau şäherindäki konsullykda tegelek stol guraldy. 

Şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaralar, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen duşuşyklar Türkmenistanyň hemişelik, oňyn Bitaraplygyň hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň türkmen halky üçin hakykatdan-da örän möhüm ähmiýetlidigini hem-de 2015-nji ýylyň şol senä bagyşlanandygy barada gürrüň bermäge mümkinçilik döredýär. 

Türkmen diplomatlary bu wakanyň örän möhüm ähmiýetlidigini belläp, dünýäniň täze taryhynda ýurdumyzyň Bitarap döwlet diýlip yglan edilen hem-de Milletleriň Bileleşiginiň ylalaşygy boýunça ykrar edilen ilkinji ýurtdygyna ünsi çekýärler. 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde ozal görlüp-eşidilmedik resminamanyň – “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky” ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyz tarapyndan ýöredilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn oňlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi, şol syýasat bolsa hoşniýetli goňşuçylyga, sabyrlylyga we ynsanperwerlige mahsus ýörelgelere esaslanýar. 

Garaşsyz Türkmenistan hakykatyna garanyňda, Bitaraplygyň özboluşly, halkara-hukuk derejesine eýe bolmak arkaly, uly jogapkärçiligi öz üstüne aldy hem-de şu ýyllarda tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürüp, muňa işjeň gatnaşýar. 

Täze taryhyy eýýamda Bitaraplyk döwleti ösdürmek we durmuş-ykdysady özgertmeler boýunça giň gerimli maksatnamalary yzygiderli we oýlanyşykly amala aşyrmak üçin ygtybarly binýada öwrülip, häzirki zaman Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptarapolaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde has-da işjeňleşdirmegine degerli ýardam berdi. 

Mälim bolşy ýaly, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesi şu ýyllarda Türkmenistana häzirki döwrüň möhüm ähmiýetli meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen işjeň we parahatçylyk dörediji syýasaty wagyz ediji we muňa ruhlandyryjy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik döretdi. 

Şu ýylyň ýanwaryndan bäri Russiýa Federasiýasynyň uly ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, Kazanyň milli ylmy barlag tehnologik uniwersitetinde we Sankt-Peterburgyň oba hojalyk uniwersitetinde Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly mynasybetli, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty baradaky çykyşlaryň uly gyzyklanma döretmegi ýöne ýerden däldir. 

Bitaraplygyň 20 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde “Beýik Ýüpek Ýoly” atly giň gerimli taslamanyň çäklerinde ýurtlary wagyz etmek boýunça ýöriteleşdirilen “Eurasiýa Travel Co. Ltd” ýapon syýahatçylyk kompaniýasynyň ýardam bermeginde giňişleýin çykyş guraldy. Diňleýjilere ýurdumyzyň dürli öwüşgünli medeniýeti, özboluşly däp-dessurlary we täsin galdyrýan aýratynlyklary barada jikme-jik maglumatlar berildi. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlara degişli, täze we häzirki zaman taryhynyň, türkmen halkyny meşhurlyga ýetiren maddy we ruhy mirasy öwrenilmegine, şeýle hem şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Esasan, hut şu ýagdaý Türki medeniýet boýunça halkara guramanyň (Türksoý) tarapyndan 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň Ýyly hem-de MARY ŞÄHERINI 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmek baradaky çözgüdi kabul etmegine badalga berdi. Bu şanly waka hem aýratyn üns berildi. Hususan-da, “Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň” saýtynda Mary şäherinde şol Ýylyň açylyş dabarasyna bagyşlanyp geçirilen “Mary-türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly çäre baradaky makala çap edildi. 

Ýurdumyzyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy şol ýurduň çagalaryň suratlary boýunça bäsleşigi yglan eden Dünýäni we diplomatiýany öwreniş instituty bilen bilelikde Yslamabat şäheriniň mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary we okuwçylary bilen birnäçe duşuşyklary we wideo şekiller arkaly tanyşydyryş çärelerini geçirdi. Şonda Türkmenistanyň hemişelik we oňyn biataraplygynyň manysy, Bitaraplyga, parahatçylygy söýüjilige, özara düşünişilmegine we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgelere esaslanýan içeri we daşary syýasatyň üstünlikleri barada gürrüň berildi. Okuw mekdeplerine Türkmenistanyň Prezidentiniň “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan” atly kitabynyň nusgalary sowgat berildi. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan bezegli bukletleri bu dostlukly ýurtda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda ýaýratmak göz öňünde tutulýar. 

Şu ýylyň başynda bäri Özbegistanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Germaniýanyň we başga-da birnäçe dostlukly ýurtlaryň elektron we neşir ediýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çap edilýän makalalaryň ençemesi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynga bagyşlanýar. 

Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalaryna ýolbaşçylyk edýän türkmen ilçileriniň söhbetdeşlikleri okyjylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. 

Gyrgyz Respublikasynyň “Megapolis” atly hepdelik gazetinde “Türkmenistan: parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we ösüşe esaslanýan syýasat” atly makala çap edildi. Hususan-da, söhbetdeşlikde häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň 130 –dan gowrak döwletleri bilen diploimatik gatnaşyklary ýola goýdy we halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy boldy, bu sanlar günsaýyn artýar diýip bellenýär. 

Türkmenistandaky Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly Hindistanda neşir edilýän meşhur “Business Central Asia” atly žurnalyň nobatdaky sanynyda beýan edilýän esasy meselä öwrüldi. Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ulag-aragatnaşyk ulgamynda düzümler boýunça öňe süren giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagyna bagyşlanan makalalaryň birnäçesi çap edildi. 

Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň her aýda çap edilýän “Delowoý westnik” atly habarlar-seljeriş žurnalynyň nobatdaky sanynda hem häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri we netijeleri barada gürrüň berýän gyzykly makalalar ýerleşdirilipdir. Bu žurnal Ukrainanyň daşary ýurtlardaky söwda wekilhanalarynyň hem-de dünýäniň 90 ýurdundaky söwda edaralarynyň arasynda ýaýradylýar. 

Häzirki Türkmenistanyň, halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni däp-dessurlarynyň ukrainalylarda uly gyzyklanma döredýändigi göz öňünde tutulyp, 19-njy fewralda Harkowda biziň watandaşlarymyz – Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar Türkmenistanyň ilçihanasynyň ýardam bermeginde dabaraly konsert bilen çykyş etdiler. 

Şeýle hem goňşy döwletleriň birnäçesinde, hususan-da, Owganystan Yslam Respublikasynda milli telewideniýe arkaly belli türkmen estrada aýdymçylarynyň we tanymal folklor toparlarynyň konsertleri yzygiderli görkezilýär. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylda geçirilen we indi geçiriljek baýramçylyk çäreleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dogduk Diýarymyzyň gazanýan örän uly üstünlikleriniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde belent maksatlara ýetmek ugrunda ynamly gadam urýan halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň beýanyna öwrülmelidir.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Permana Gol Çekdi

syrach

Hormatly Halkara Gaz Kongresine we Sergä

syrach

Pudaklaýyn Forumlar-2018: «Açyk Gapylar» we Oňyn Bitaraplyk Syýasaty

turkmenhabargullugy