paýtagtymyzyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumynda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşynyň jemleýji oýny boldy. Onda Türkmengaz Döwlet konserniniň Oguzhan topary bilen Moskwa oblastynyň (Russiýa) ýygyndy topary duşuşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde biziň hokkeýçilerimiz hokkeý oýnunyň örän ösen ýurdy bolan russiýaly deň-duşlaryndan asgyn gelip, halkara ýaryşynyňkümüş medallara mynasyp boldular. Bu Türkmenistanyň hokkeýçileriniň halkara ýaryşlarynda gazanan ilkinji ýeňişleridir.
Türkmenistanlylar milli Liderimiziň yglan eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hokkeý oýny bilen meşgullanmaga mümkinçilik aldylar. 2011-nji ýylda Aşgabatda sportuň gyşky görnüşler boýunça toplumyň açylmagy bilen türkmen hokkeýçileri bu ugurda ilkinji, ýöne ynamly ädimleri ädip başladylar. Geçen ýyl Alp Arslan toparynyň dünýäniň iň güýçli hokkeý klublarynyň biri bolan Ak bars (Tatarystan) toparynyň meýdançalarynda halkara okuw türgenleşiklerini geçmegi olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmaklaryna oňat ýardam berdi. Şol döwürde hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylda Aşgabatda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda halkara ýaryşyny geçirmek baradaky Karara gol çekdi.
Bu bolsa türkmen hokkeýçileriniň öňde boljak ýaryşlara has erjel taýýarlanmaklaryna ýardam berdi. Mundan başga-da geçen ýylyň ahyrynda mlli saýlama oýunlary geçirildi. Onda mälim bolşy ýaly halkara ýaryşyna gatnaşmak hukugyna Oguzhan we Galkan toparlary mynasyp boldular.
Oguzhan topary ýeten sepgitleri bilen çäklenmän, Gökdere jülgesinde ýerleşýän okuuw türgenleşik toplumynda taýýarlyk işlerini ýokary depginde dowam etdirdi. Ol ýerde hokkeýçiler umumy taýýarlyk geçip, ele alan enniklerini gyşky görnüşler boýunça Sport toplumynda kämilleşdirdiler. Bularyň ählisi toparyň şu gezekki halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etmeginde oňyn şert döretdi.
Bu halkara ýaryşynyň türkmen hokkeýiniň geljegi üçin giň mümkinçilikleri açandygyny bellemek gerek. Birinjiden Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugundaky bu bäslkşikler biziň ýurdumyzyň sport desgalarynyň şeýle ýokary derejedäki halkara ýaryşlaryny geçirmäge taýýardygyny görkezdi. Ikinjiden bolsa türkmen türgenleri meşhur hokkeý klublarynyň wekilleri bilen deň derejede bäsleşmäge ukyplydyklaryny görkezdiler. Munyň Oguzhan topary bilen Moskwa oblastynyň hokkeý toparynyň arasynda geçirilen jemleýji bäsleşik hem görkezdi. Şeýle-de bolsa biziň hokkeýçilerimiz 1:3 hasabynda üstünligi myhmanlara bermeli boldular.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we sportuň gyşky görnüşleri boýunça Milli merkeziniň bilelikde guran şu gezekki ýaryşyna iki topara bölünen komandalaryň 8-siniň gatnaşandygyny ýatladýarys. Oguzhan topary Serebrýanyýe lwy (Sankt-Peterburg), Belarusyň Raubiçi-96 we Birleşen Arap Emirlikleriniň komandalary bilen A toparynda çykyş etdi.
Biziň türgenlerimiziň bäsdeşleri bu halkara ýaryşynyň toparlaýyn oýunlarynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Galkan, Neftýanyk (Almetýewsk) we Türkiýäniň ýetginjekler ýygyndy toparlary bilen duşuşypdylar.
Türkmen hokkeýçileriniň we Moskwanyň eteginden gelen hokkeýçileriň oýunda öz ähli başarnyklaryny we ukyplaryny doly açyp görkezendiklerini bellemek gerek. Munuň özi ahyrky netijede jemleýji oýunda oýnamaga hukuk gazanmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň ilkinji pursatlaryndan toparlaryň ikisiniň hem tutunýerli oýnajakdyklary mälim boldy. Duşuşygyň 6-njy minudynda biziň hokkeýçilerimiz hasaby açdylar. Bu bolsa türkmen hokkeýçileriniň yzyny üzmän hüjüm etmeklerine garamazdan ähli urgulary yzyna gaýtarmagy başaran myhmanlaryň derwezeçisiniň ýeke-täk ýalňyşy boldy. Toparlar 1:0 hasabynda arakesmä çykdylar.
Duşuşygyň ikinji döwründe oýnuň ýagdaýy üýtgedi. Moskwanyň eteginden gelen hokkeýçiler türkmenistanlylaryň derwezesine yzly-yzyna hüjüm edip, 2-nji minutda hasaby deňlemegi başardylar. Myhmanlar 7-nji minutda ýene bir hokkeý topuny geçirdiler.
Şondan soňra Oguzhan aýgytly hereketlere geçmeli boldy. Emma russiýaly derwezeçi özüne tarap edilýän urgularyň ählisini yzyna gaýtarýardy. Ikinji döwrüň tamamlanmagyna 3 minut galanda myhmanlar ýene tapawutlandylar. 3:1 hasabynda hokkeýçiler arakesmä çykdylar.
Biziň türgenlerimiziň tutanýerli hüjüm etmeklerine garamazdan, üçünji döwürde Oguzhan toparyna hasaby üýtgetmek başartmady. Şeýlelikde, biziň toparymyz bu halkara ýaryşynda ikinji orna mynasyp boldy.
Bu netije biziň hokkeýçilerimize tüýs ýürekden janköýerlik eden, olaryň her bir şowly urgusyna joşgünli el çarpan köp sanly janköýerleri gynandyryp durmady. Sebäbi Türkmenistanyň Preidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ilkinji halkara ýaryşynda jemleýji duşuşykda oýnamaga hukuk gazanmak Oguzhan topary üçin şeýle hem sportuň bu gyşky görnüşini söýýän ähli türkmen türgenleri üçin ýeňşe barabardyr. Şonuň üçin hem hokkeýçilerimizi bu uly üstünlik bilen gutlap, indiki ýylda Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşynda Türkmenistanyň toparlarynyň biriniň baş baýraga mynasyp bolmagyny arzuw edeliň.