9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
SPORT

BMG bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşi.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe–sport we medeni-sagaldyş çärelerini öz içine alýan biraýlygyň eýýäm ýarpy ýoly geçdi. Şu günler biziň paýtagtymyzda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Baş sekretarynyň ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine sport baradaky ýörite geňeşçisi Wilfrid Lemke iş saparynda bolup, şu gün Olimpiýa şäherçesine hem-de Gyşky oýunlar sport toplumyna baryp gördi. 

Ýokary wezipeli myhman biziň ýurdumyza bu ýerde gurulýan döwrebap sport desgalary bilen tanyşmak, iri halkara ýaryşlaryny geçirmek, şeýle hem dünýäniň sport hereketini ösdürmekde Türkmenistanyň artýan ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin geldi. 



Sport desgalary bilen tanyşlyk Olimpiýa şäherçesinden başlandy. Bu ýerde ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu ýerde ýokary wezipeli myhman welotrek, woleýbol, basketbol, gandbol, başa-baş söweşleriň görnüşleri boýunça ýaryşlar üçin niýetlenen sport arenalaryna baryp gördi. 

Ýörite geňeşçi Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň gerimine we şol bir wagtyň özünde onuň mümkinçiliklerine haýran galandygyny aýtdy. Jenap W.Lemke, hususan-da, halkara ýaryşlarynyň geçirilen sport toplumlarynyň ençemesine baryp görendigini, emma türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesiniň özboluşlylygy bilen beýlekilerden tapawutlanýandygyny belledi. 

Ýörite geňeşçi şu gün Gyşky oýunlar sport toplumynyň işi bilen tanyşdy. Esasy buzly meýdançada BMG-niň wekili üçin “Maral” toparyndan bolan türkmen firuralaýyn typyjylarynyň ýerine ýetirmeginde tansly çykyşy görkezdiler. Düýn bu topar Russiýanyň paýtagtyndan gaýdyp geldi. Bu ýerde buz üstündäki tanslaryň 28-nji halkara festiwalynda görkezilen çykyş “Sahnalaşdyrmagyň özboluşlylygy” diýen ugur boýunça üstünlik getirdi. 



Figuralaýyn typyjylaryň çykyşyndan soň, BMG-niň wekili Türkmenistanda gyşky oýunlar sportuny ösdürmekde gazanylan üstünlikleriň sergisine baryp gördi. Biziň ýurdumyzda figuralaýyn typmagyň we hokkeýiň taryhynyň gysgadygyna garamazdan, sergi eýýäm halkara sport giňişliginde türkmenistanlylaryň bu ulgamda gazanan üstünliklerini görkezýär. 

BMG-niň wekili saparynyň barşynda Aşgabat şäher sport komitetiniň maýyplaryň sport mekdebinden bolan türgenler bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda W.Lemke Birleşen Milletler Guramasy mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň durmuş taýdan uýgunlaşmagyna, olary dürli ugurlara, şol sanda sport durmuşyna çekmäge uly ähmiýet berýär diýip belledi. Ýörite geňeşçi Türkmenistanda bu ugurda uly işleriň alnyp barydýandygy baradaky habary kanagatlanmak bilen kabul etdi. MSM muňa mysal bolup, bu ýerde 500-e golaý türgen sport bilen meşgullanyp, olaryň köpüsi ýörite Olimpiada we Paralimpiada maksatnamasy boýunça geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýeňiş gazandylar. 

MSM-niň türgenlerine täze üstünlikleri arzuw edip, myhman Sport toplumynyň kiçi buzly meýdançasyna bardy. Bu ýerde hokkeý boýunça ýoldaşlyk ýaryşy geçirilip, onda “Şir” we “Oguzhan” toparlary duşuşdylar. BMG-niň wekili ençeme gol pursatlary bilen tapawutlanan oýna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi. Netijede “Oguzhan” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky final oýunda ýeňlişiniň öwezini dolup, “Şir” toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi. 

Oýun tamamlanandan soň, ýörite geňeşçi özünde galan täsirler barada gürrüň berip, türkmen hokkeýçileriniň ýokary ussatlyga eýedigini we umuman, biziň ýurdumyzyň sport düzüminiň ýokary derejesini belledi. Ol BMG-niň sport babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn saklajakdygyna ynandyrdy.

Degişli makalalar

Transfer Möwsümi Uzaldylar

Ahal Futzal Boýunça Türkmenistanyň Çempiony

Ýurdumyzyň Hokkeý Boýunça Çempionaty

syrach