BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygy üçin saýlawlar geçirildi.
Ruanda, Awustralýa, Argentina we Günorta Koreýa bilen Lüksemburg Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalary hökmünde saýlandy.
192 agzaly BMG-nyň Baş Asambleýasynda geçirlen sese goýulşykda Ruanda 148, Awustralýa 140, Argentina 182, Günorta Koreýs 149 we Lüksemburg 131ýurduň sesi bilen Howpsuzlyk geňeşiniň 2013-2015-nji ýyllary öz içine alýan döwürde wagtlaýyn agzalary bolmaga hukuk gazandy.
Haýsydyr bir ýurduň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzasy hökmünde saýlanmagy üçin azyndan 129 ýurduň sesini almagy gerek.
Her ýyl geçirilýän sese goýulşykda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine 5 ýurt iki ýyl möhlet bilen wagtlaýyn agza hökmünde saýlanýar.
2009-2011-nji ýyllaryň arasynda Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzasy bolan Türkiýe 2015-2017-nji ýyllar üçin täzeden dalaşgär bolar.