2015-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gender deňliginiň meseleleri boýunça maslahaty gurnamak we gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana gelen, BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça «BMG-Zenanlar» düzüminiň Merkezi Aziýa üçin köpýurtlaýyn edarasynyň direktory hanym Ileýn Konkiýewiç bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda, gender deňligi meselesiniň türkmen döwletiniň syýasatynyň öňdebaryjy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, taraplar Türkmenistan bilen «BMG-Zenanlar» düzüminiň köpýurtlaýyn edarasy bilen bilelikdäki özara gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň gender deňligi syýasatyna degişlilikde, BMG-niň wekiliýeti, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020 ýyllar üçin Milli hereketleriň meýilnamasynyň» kabul edilmegine ýokary baha berdi. Taraplar bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda işjeňleşdirmegiň zerurlygyny bellediler.
Tarapalar, 2015-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň 2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça «BMG-Zenanlar» düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanylmagyny,Türkmenistanyň gender deňligini öňe sürmage gönükdirilen garaýyşlaryny tassyklaýýan we bu ugurda BMG bilen hyzmatdaşlyga gönükdirilen ýene bir ädim bolup durýandygyny bellediler.
Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we bilelikdäki taslamalary ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.