8-nji maýda Boas Aziýa forumy (BAF) « BAF-yň 2020-nji ýyl üçin esasy hasabaty bilen tanyşdyrylyş: Sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi we pandemiýa şertlerinde ýüze çykýan wehimler» atly onlaýn-maslahat gurady.
Wideomaslahatyň işine HHR-yň we Singapuryň ozalky wise-premýerleri, daşary ýurtlaryň ilçileri, BMG-nyň we onuň Hytaýda ýerleşýän edaralarynyň wekilleri, halkara maliýe-ykdysady edaralarynyň (HWG, ASEAN+3 we beýleki guramalaryň) we bank edaralarynyň top-menejerleri, dünýä ykdysadyýeti boýunça halkara bilermenler, Hytaýyň jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň, makroykdysady barlaglary Býurosynyň, Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy Institutynyň we beýleki guramalaryň wekilleri, jemi 200-den gowrak adam gatnaşdy.
BAF-yň Baş sekretary jenap Li Baodun onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, 2020-nji ýylda dünýäniň Ikinji jahan urşunyň ýetiren zyýanyň derejesinde görlüp-eşidilmedik wehimlere duçar bolandygyny belledi. COVID-19 pandemiýasy ummasyz ynsanperwer we ykdysdy zyýan ýetirdi. Maliýe bazary 2008-nji ýylyň çökgünliginden bäri has uly kynçylyklara duçar boldy.
Forumyň çäklerinde Aziýada ykdysadyýetiň geljegi we goşulyşma işleri barada çykyşlar boldy. Bilermenleriň pikirine görä, 2020-nji ýylda Aziýa ykdysadyýetinde ösüş bolmazlygyna, onuň ählumumy ykdysadyýetdäki paýynyň 50,2 göterim bolmagyna garaşylýar.
Foruma gatnaşanlar öz çykyşlarynda ählumumy möçberde uzak möhletleýin pese düşmek töwekgelçilginden gaça durmak üçin dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde, söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmakda, innowasiýalary bermek we ilerletmek ulgamyny durnuklaşdyrmakda bilelikdäki işe çagyrdylar.
Forumda çykyş eden bilermenler COVID-19 pandemiýasynyň ýaramaz netijeleriniň şol bir wagtyň özünde ykdysadyýeti düzümleýin özgertmek, toplumlaýyn sanly özgertmeler üçin özboluşly mümkinçilik berýändigini bellediler.
Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew öz çykyşynda koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýda Türkmenistanyň eýeleýän orny bilen tanyşdyrdy.
Oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparynyň sanly wideoaragtanaşygy arkaly ýokary derejedäki duşuşygynda eden çykyşynda beýan edilen raýdaşlyk hereketleriniň strategiýasy bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň ilçisi türkmen Lideriniň öňe süren: döwletleriň guramaçylyk, ahlak, maliýe, maddy taýdan özara goldawy babatda; Birleşen Milletler Guramasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmat etmekde; dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak, şeýle hem ynsanperwer meseleleri çözmekde, hususan-da migrantlara, bosgunlara, az üpjünçilikli ilata kömek bermekde umumy tagallalary birleşdirmek baradaky teklibiniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.
Şeýle hem P. Durdyýewiň çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabrynda kabul eden «2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasynyň ähmiýetiniň wajyplygy bellenildi. Wideoforuma gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň ähmiýeti» atly maslahata gatnaşmaga çagyryldylar.
BAF-yň Baş sekretary jenap Li Baodun türkmen Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýetini nygtap, foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. TDH