Ýurdyň bugdaý ekilen 860 müň gektar meýdanynda ekinlere agrotehniki ideg etmek işleri dowam edýär. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýyň görnüşi howanyň pes derejelerine hem durnyklydyr. Şonuň üçin hem ekilen bugdaýlar gyş aýlarynyň aýazly günlerini üstünlikli geçirmegi başardylar. Häzirki giç gelen bahar pasly bolsa olara özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu ýyl hem bugdaýyň bol hasylyna garaşylýar.
Şu günler ekin meýdanlarynda ösüş suwuny bermek, topragy mineral, organiki we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek, ekinlere zyýan berijiler bolan haşal otlara, mör-möjeklere we gemrijilere garşy göreş işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Ýurdyň gallaçylary şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda – 450 müň tonna, Daşoguz welaýatynda – 300 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Mary welaýatynda – 380 müň tonna, Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Ýurdyň ekin meýdanlaryna ekilýän bugdaýyň ýokary hasylly, guraklyga çydamly we kesele garşy durnukly görnüşleri ekilýär. Olaryň hatarynda „Batko“, „Sähraýy“, „Ýolöten-1“, „Bitarap“, „Juwan“ hem-de gaty görnüşli „Türkmenbaşy-1“ görnüşlerini görkezmek bolar.
Türkmen seleksionerleri häzirki zaman önümçiliginiň bildirýän talaplaryna laýyk gelýän bugadýyň täze görnüşlerini ösdürip ýetşdirmekde iş alyp barýarlar. Şeýlelikde ýurdyň üç welaýatynda – Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda bugdaýyň täze raýonlaşdyrylan „Ýolöten-3“ görnüşi ekilen meýdanlardan oňat hilli gögeriş alyndy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm