Nebit arzanlap ugrady. Brent kysymly nebitiň fewraldaky fýuçersleri London biržasynda 290njy dekabrda sagat 8:04 wagta çenli 0,04 dollar (0,07 göterim) arzanlap, bir barreli 56,18 dollara barabar boldy. WTI nebitiniň fewral üçin bahalary Nýu-Ýork haryt biržasynda bellenilen wagta çenli 0,30 (0,55 göterim) dollar arzanlap bir barrel üçin 53,76 dollara barabar boldy, diýip Nebitgaz maglumatlary agentligi Finmarkete salgylanyp habar berýär.
Düýnki gün OPEC ýurtlarynyň nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygynyň güýje girmegi netijesinde dünýäniň ýangyç bazarynda artykmaç teklipleriň azalmagyna getirip biljekdigi bilen baglylykda maýadarlaryň ýagşy umytda bolmagynda nebit gymmatlaýardy. 28-nji noýabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň fewraldaky şertnamasynyň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,13 dollar (0,23 göterim) ýokarlanyp, barrel üçin 56,22 dollara barabar boldy. WTI-niň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy NYMEX Nýu-Ýork haryt biržasynda 0,16 dollar (0,3 göterim) ýokarlanyp, barrel üçin 54,06 dollara barabar boldy.