6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DÜNÝÄ

BU BIZIŇ DÜNÝÄMIZ !!!

Planetamyzyň başdan geçirýän global ýylylyk we şoňa baglylykda ýüze çykan klimat çalşygy sebäpli tas bütin dünýäde azyk önümleriniň nyrhlary ýokarlamaga başlady. Bu hakykaty gün tertibine getiren Bütindünýä banky; azyk önümleriniň nyrhlarynyň global çäkde “adatdakysyndan has howply çäge” ýetendigini we geçen iýun aýyndan bäri 44 million adamy ýoksullyga alyp barandygyny mälim etdi. Bütündünýä banky tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleri; geçen ýylyň oktýabr aýyndan üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyna çenli geçen 4 aýda azyk önümleriniň nyrhynyň 15 göterim gymmatlandygyny görkezýär. Gymmatlan nyrhlar girdejileriniň ýarysyndan gowragyny azyk önümlerine sarp edýän ýoksul gatlaklar üçin uly kynçylyk emele getirýär. Bütindünýä bankynyň başlygy Robert Zoellik mesele barasynda çap eden ýazmaça beýanatynda “Global azyk nyrhlary howply çäge ýetdi we ol dünýä derejesinde millionlarça ýoksula howp saýlar” diýmek bilen, azyk önümleriniň nyrhlarynyň Ýakyn Gündogar ýurtlarynda soňky döwürde başdan geçirilýän pitneleriň esasy sebäbi bolmasa hem, sebäplerinden biri bolandygyny nygtady.


Ýadyňyza düşýän bolsa gerek… 2008-nji ýylda bütin dünýäde çalt depginde ýokarlaýan azyk önümleriniň nyrhlary käbir ýurtlarda protest ýörişleriniň guralmagyna we çaknyşyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy. Bütindünýä bankynyň şol wagtky çaklamalaryna görä 125 million adam “aşa ýoksul” ýaşaýardy. Gurama azyk önümleriniň häzirki nyrhlarynyň 2008-nji ýyldakydan 3 göterim aşakda görünýändigini, emma onuň geçen ýyla seredilende 27 göterim ýokarlandygyny görkezýän goşmaça habarnama çap etdi. Beýleki tarapdan BMG-nyň Azyk we Ekerançylyk düzümi FAO-nyň fewral aýynyň başynda çap eden beýleki bir habarnamasynda “azyk önümleriniň nyrhlarynyň ýanwar aýynda ýokarlama rekorduny goýandygy” beýan edilipdi. Bir birini tamamlaýan iki habarnama planetamyzyň azyk nyrhlary taýdan nähili çykgynsyzlyga sezewar bolandygyny görkezýär.

Bütindünýä bankynyň we BMG-nyň geçiren barlaglarynda hem görülşi ýaly dünýäde soňky üç ýylyň dowamynda ikinji gezek global çäkde azyk krizisi bar we ol günsaýyn gerimini giňeldýär. Esasanda çaý, mekge-jöwen, gant, tüwi ýaly ekerançylyk önümleri bilen temmäki, pagta ýaly senagat önümleriniň we nebitiň bahasyndaky garaşylmadyk ýokarlama azyk önümleriniň nyrhyny ýanwar aýynda global derejede garaşylmadyk rekord çäklere ýetirdi. Şol ýokarlamalar garaşylýanynyň tersine ABŞ-da we ÝB-ne agza ýurtlardaky infilýasiýa uly täsir ýetirmedi. Emma ol dünýäniň beýleki sebitlerinde ýaşaýan we girdejileriniň esasy bölegini azyk önümleri üçin sarp edýän garyp halklara agyr täsir ýetirdi. Bilşiňiz ýaly girdejiniň adalatly paýlaşylmaýan ýurtlarynda azyk krizisiniň netijeleri diňe bir ykdysady däl, eýsem has agyr netijeleri ýüze çykarýar. Mysal üçin Ýakyn Gündogarda çäklendiriji rejimlere, ýoksullyga we galplyga garşy ýüze çykan halk hereketleriniň sebäpleri ýaly, olaryň näme sebäpden häzirki döwürde ýüze çykandygy hem ähmiýetli. Sebäbi ýokarlaýan azyk nyrhlarynyň şol hereketleriň birinji derejeli bolmasa-da esasy sebäplerinden biri bolandygy şübhesiz hakykatdyr.


Azyk önümleriniň nyrhlary gymmatladygy satýyn esasanda ýoksul ýurtlaryň ykdysadyýetine agyr zarba urulýar. Nyrhlaryň gymmatlamagynyň bir sebäbi-de howa şertleri. Aşa yssy howa köp sanly önümiň ekin meýdanynda galmagyna we ýerde ýanmagyna, zyýanly bakteriýalaryň döremegine sebäp boldy. Howa şertlerinde başdan geçirilýän aşa özgerlişigiň aňyrsyndaky sebäp nämekä eýsem? Onuň belli bir derejä çenli bolan sebäbi La nina howa akymynyň adatdakysyndan sowuk bolmagy. La nina sebäpli ýüze çykýan özgerlişikleriň taryhy taýdan seredilende global azyk krizisleri bilen baglanşykly bolandygy görülýär.


Häzirki wagtda başdan geçirilýän şertler 2007-2008-nji ýyllarda başdan geçirilen azyk ýetmezçiliginde hem görülipdi. Şu gyş ýagan ýagyşa we gara seredip, ýalňyşmaň. Çünki 2010-njy ýylyň ikinji ýarymy La ninanyň sowadyjy täsirine we günüň hereketiniň az bolandygyna seretmezden ýylylyk taýdan 2005-nji ýyl bilen bäsleşdi. Aşa yssy diňe bir Russiýada däl, dünýäniň bäşden birini eýeleýän 19 ýurtda görüldi. Jöwzaly yssy bir tarapdan guraklyga, beýleki tarapdan-da okeanlardan göterilýän suwuň mukdarynyň köpelmegine, aşa ygal sebäpli silleriň gelmegine sebälýar. Häzirki wagtda klimat çalşygynyň mese-mälim görülýän subutnamalary, global ýylylygy we klimat çalşygyny başdan geçirýän dünýäde ykdysady we syýasy taýdan başdan geçirilýän kemçilikleriň entek başynda durandygymyzy görkezýär. Parnik gazlarynyň zyňylymyny azaltmak meselesindäki netijesizlik dowam etdigi saýyn, has agyr şertlere duçar bolmak elbetde gutulgysyz görünýär.

 referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Çanakgala şehitleri Türkmenistanda hatyralandy.

syrach

Gök daşy dünýäniň golaýyndan geçdi.

syrach

“Eni Türkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 05.02.2021-03.03.2021

turkmenhabargullugy