7.9 C
Aşkabat
23.11.2024
YKDYSADYÝET

Bugdaý Oragyna Badalga Berildi

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, 28-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk işiniň başlanmagyna ak pata berip, babadaýhanlara ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary däne oragyna girişdiler, 14-nji iýunda bolsa olara Daşoguz welaýatynyň gallaçylary-da goşular.

Asylly däbe görä, ýerlerde bugdaý oragynyň başlanmagyna hormatly ýaşulular ak pata berip, Beýik Allatagaladan Watanymyzyň, türkmen hakynyň abadançylygyny we gülläp ösmegini dileg etdiler. «Çäjiňe bereket!» diýen sözler bilen, ýaşulular oran bugdaý desselerini kombaýnçylara berip, özboluşly manyda orum gezegini mehanizatorlara geçirdiler. 

Şu ýyl türkmen babadaýhanlary güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 860 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda 120 müň tonna däne ýygnap alarlar. Oba hojalyk ekinleriniň esasy bölegi bugdaýyň «Sähraýy», «Ýolöten-1», «Bitarap», «Juwan», «Türkmenbaşy» we «Türkmenbaşy-1», «Batko», «Ýubileýnaýa -100», «Irişka», «Wassa» hem-de «Nota» ýaly ýokary hasylly tohumlaryndan ekildi. 

Umuman, ýurdumyz boýunça 2015-nji ýylyň bugdaý oragynda «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» we beýleki däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 1700-si hereket eder. Göçme-abatlaýyş mehaniki toparlar bugdaý oragy döwründe babadaýhanlara gije-gündizleýin hyzmat edip, olary tehnikalar üçin zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün eder. Mehanizatorlar, sürüjiler we däne oragyna gatnaşýan beýleki işgärler üçin ýurdumyzyň meýdanlarynda iň oňat durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärlerini çykyşlary, göçme söwda guralar.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýük ulaglarynyň 6 müň 800-si kabul ediş bölümleriniň 155-sine, ammarlara we elewatorlara bugdaýň daşalmagyny üpjün eder. Bugdaý oragynyň başlanmagyna barlaghanalar hem taýýar edildi. Olarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň wekilleri dänäniň hilini kesgitlärler. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşygy «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda amala aşyrar.

Däp boýunça geçirilýän bäsleşik öňdebaryjy gallaçy kärendeçileri, mülkdarlary, kombaýnçylary hem-de awtoulag sürüjilerini ýüze çykarar. Bu bäsleşigi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşleri, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Türkmengallaönümleri» we «Türkmenobahyzmat « döwlet birleşikleri, «Galkynyş», «Nesil», «Watan» we «Bereketli toprak» gazetleriniň redaksiýalary geçirýär. 

Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, «Türkmengallaönümleri» we «Türkmenobahyzmat»  döwlet birleşikleriniň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Suw hojalygy ministrliginiň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda önümçilik maslahatlary geçirildi. 

Maslahatlaryň barşynda güýzlük bugdaýyň oragyny guramaçylykly geçirmäge, däne oragyna gatnaşyjylaryň ählisiniň takyk we sazlaşykly işlemegine degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar oba zähmetkeşleri baradaky yzygiderli aladasy, Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine uly goşant goşýan ýer eýeleriniň mynasyp ýaşaýyş durmuşyna we netijeli zähmet çekmegine döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hojalyk ulgamyna ähmiýetli orun berilýär. Häzir bu ulgamda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmäge gönükdirilip, alnyp barylýan işleriň netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Kanunlaryň toplumy kabul edilip, şolaryň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala gelýär, dolandyryşyň häzirki zaman usullary we maliýe ulgamyna degişli işler ornaşdyrylýar. 

Döwlet pudagyň zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn kömek berýär. Şeýle kömegi oba hojalyk toplumynyň tutuş önümçilik düzümini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän iri maýa goýumlarynda görmek bolýar. Oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary üçin häzirki zaman traktorlar, kombaýnlar, ekijiler, pürküjiler, beýleki tehnikalar we enjamlar yzygiderli satyn alynýar. Suw üpjünçiligini we oba hojalyk ekinleriniň meliorasiýasyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, täze tarp ýerleri özleşdirmek, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, tohum seçgiçiligini hem-de maldarçylykda tohumçylygy ösdürmek babatda anyk çäreler görülýär. Netijede,  ýurdumyzda ýetişdirilýän bugdaý, pagta we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllary barha artýar. 

«Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde oba hojalygynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksadalaýyk berkidilýär. Ine, geçen ýylda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan elewatorlaryň 8-si birbada ulanmaga tabşyryldy. Olaryň umumy möçberi 360 müň tonna bugdaýa barabardyr. Her bir elewatoryň çäklerinde sagatda 10 tonna öndürijiligi bolan saýlama bugdaý tohumyny taýýarlaýan bölüm bölüm bar. Bu ýerde bugdaý tohumy arassalanandan we işlenilenden soň, saklamak üçin 5 müň tonna göwrümi bolan ammarlara ugradylýar.   

Bularyň ählisi içerki sarp ediş bazaryny öz çöregimiz bilen doly üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülendigine güwä geçýär. Türkmenistan dänäni daşary ýurtlara hem ugradyp başlady. Bu bolsa  döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan örän wajypdyr. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň”, «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamasynyň» we beýleki iri durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.   

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» geňeşliginiň we Derweze etrabynyň «Owadandepe» geňeşliginiň, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Gulmaç» geňeşliginiň we Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginiň we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň D.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň, Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň we Garabekewül etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginiň, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Jemgyýet» geňeşliginiň we Altyn sähra etrabynyň «Garaşsyzlyk» geňeşliginiň çäklerinde, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde gurulýan täze döwrebap şäherçeler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu günki şanly waka mynasybetli bugdaý meýdanlarynyň ýanynda — däne oragynyň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýän ýerinde sergiler guraldy. Olarda dürli oba hojalyk, çörek-bulka önümleri, häzirki zamanyň oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle hem bu ýerde welaýatlaryň artistleriniň, aýdymçylarynyň, tans we halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

syrach

Birža Täzelikleri

TAPI Pipeline Company Limited Kompaniýasy Bilen ILF Beratende Ingenieure GmbH Kompaniýasynyň Arasynda Şertnama Gol Çekildi