ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen Italiýanyň Montiçiari şäherinde informatika boýunça mekdep okuwçylarynyň “IOI-2012” 24-nji Halkara olimpiadasynyň jemleri boýunça paýtagtyň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiniň onunjy synp okuwçysy Bekmuhammet Kakabaýew bürünç medala mynasyp boldy.
Dünýäniň 80-den gowrak ýurdundan gelen ýaş muşdaklar iki günüň dowamynda intellektual ýaryş boýunça özara bäsleşdiler. Türkmen tarapynyň halypalarynyň belleýişleri ýaly, olaryň şägirtleri şular ýaly halkara derejeli bäsleşige ilkinji sapar gatnaşýarlar. Muňa garamaüdan olaryň çykyşlaryny doly üstünlikli diýip hasaplap bolar. Biziň ýurdumyzyň intellektual gaznasynyň üstüni ýetiren bu bürünç medal hasabynda eýýäm şular ýaly halkara bäsleşiklere gatnaşan we ýeňiş gazanan tejribeli güýçli bäsdeşler bilen bolan ýiti bäsleşik esasynda gazanyldy.