Sportuň çaga saglygyna fiziki, ruhy we jemgyýetçilik taýdan peýdalydygy hemmämize mälim bolsa gerek. Şonuň üçinem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzda sporta uly üns berilýär. Ýaşlaryň we çagalaryň sagdyn bolup ýetişmegi üçin mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda bedenterbiýe sapaklary girizildi.
Taryha göz aýlap…
Häzirki wagta çenli Hytaýyň, Müsüriň, Italiýanyň çäklerinde sportuň käbir görnüşlerine degişli arheologik galyndylar tapylypdyr. Birnäçe asyr mundan ozal Rimiň Maksimus amfiteatrynda geçirilen araba ýaryşyna 250 müňe golaý tomaşaçy gatnaşypdyr. Bu bolsa şol döwürlerde hem ýaryşlara gyzyklynma bolandygyny görkezýär.
Orta asyrlarda festiwal görnüşinde möwsümleýin ýaryşlar geçirilipdir. Şonda erkekleriň arasynda äpet daşlary ýa-da agyr çuwallary götermek, aýallaryň arasynda bolsa ylgamak has meşhurlyk gazanypdyr. Käbir ýerlerde bolsa ok atmak boýunça ýaryşlar geçirilipdir.
XVIII-XIX asyrlarda sportuň dürli görnüşleri ýüze çykyp başlapdyr. Şeýle-de, düzgünleri ülňüleşdirmek maksady bilen birnäçe milli guramalar döräp başlapdyr. Mysal üçin, Angliýanyň Futbol assosiasiýasy 1863-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Şunuň bilen baglylykda Halkara Olimpiada komiteti 1894-nji ýylda döredilýär. Şondan iki ýyl soňra bolsa ilkinji Olimpiada oýunlary geçirilýär.
Ýaşlar we sport
Sportuň öwredilmegi ýaşlar üçin köp tarapdan peýdalydyr. Sport bilen meşgullanýan her bir adam diňe fiziki däl, eýsem-de bolsa, jemgyýetde sagdyn raýat bolmak bilen bilelikde şol sportuň gelip çykyşy we medeniýeti barada birnäçe maglumatlary hem öwrenýär. Bu bolsa sport bilen meşgullanýanlaryň dünýägaraýşynam giňeldýär.
Hereket saglygyň gözbaşydyr. Günde tertipli hereketde bolsaňyz, sagdyn bolarsyňyz. Herekete bolan söýginiň durmuşa bolan söýgüdigini ýatdan çykarmaly däl. Birnäçe ýyllar mundan ozal sportuň diňe fiziki taýdan peýdalydygyna ynanypdyrlar. Emma biziň günlerimizde sportuň adamyň kämilleşme döwründe hem hemişe gerek bolýandygy aýdyňlaşdyryldy. Sporta bolan endik uzak we sagdyn ömür diýmekdir.
Hut şu sebäbe görä-de, soňky ýyllarda ýaşlarymyzyň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýurdumyz hem halkara möçberlerinde geçirilýän ýaryşlarda olaryň baýrakly orunlara mynasyp bolýandygy guwandyryjy hadysadyr.
referans: www.zamantm.com