Çagalar teatr studiýasynda hem bar zat edil adaty teatrdaky ýalydy – spektaklyň energiýasyndan doly sahna giňişligi, oňaýly zal, tomaşaçylar spektakly nähili goýuldyka diýip garaşýardylar, oýnuň başlandygyny aňladýan jaňam beýleki teatrlardaky ýalydy… Bu gün Tedýard Kiplingiň «Özbaşyna gezip ýören pişik» atly ertekisini premýeray görkezilýär.
Zalda birnäçe sekunt çyra öçýär, soňra sahna … ýarganatlardan dolýar. Olar – zenan erkegi eline alypdyr, indi onuň gowagy hemişe ýyljak hem süýji tagamly, olam muňa hoşamaý bolup, azyk-owkat getirýär hemem öýi ýyrtyjy haýwanlardan goraýar diýip soňky habarlary pyşyrdaşyp bir-birine habar berýärdiler.
Soňra zenan ýabany iti, ýabany aty we ýabany sygyry eldekileşdirýär, indi ilkidurmuş hojalygynda olaryň hersiniň öz borjy bar. Diňe pişik erkinligini-garaşsyzlgyny elden bermejek bolýardy. Ol ýarganatlardan zenanyň bäbeginiň doglandygyny eşidip, gowaga gelýär.
Ol zenana:
-Men pişik. Öz erkime gezip ýörün. Öýüňde ýaşaýyn, çagany güýmäýin, syçan tutaýyn, ýöne bir şert bilen: islän ýerimde bir özüm gezjekdirin – diýýär.
-Onda senden ne haýyr bar maňa?
-Synap göräýeli. Günüň dowamynda meni üç gezek öwseň, öýüňde galaýyn
Soňky wakalary köp kişi çagalaykdan gowy bilýär, kim ýadyndan çykaran bolsa, spektakly görenden ony ýadyna salýar.
…Tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen artistlere minnetdarlyk bildirseler, olaram, öz gezeginde: «Režisýory! Režisýory!» –diýip gygyryşýardylar.
Ine-de, pişigiň kerşbini döreden Kseniýa Tokarewa.
-Spektakl göwnüňe ýaradymy?
-Gaty gowy ýarady. Bu meniň dördünji spektaklym.
-Tutuş oýnuň dowamynda hereketde bolmak ýadadanokmy?
– Eger-eger. Men tans etmegi halaýaryn.
– Tans biziň esasy ýapyşalgamyz – diýip režisýor Tatýana Öwezmyradowa gürrüňe goşulýar.—Men Kiplingiň ertekisini sahnalaşdyrmaga girişenimde, köp kişi ol animasiýa gelişse-de, sahna üçin däl diýip, pälimden gaýtarjak bolupdy. Onda söz gaty az. Ýöne maňa eseriň fabulasy ýaraýar – her kim durmuşda öz ornuny gözleýär, ýöne erkin nakgaş bolmak hukugyna eýerýänler-de tapylýar. Esere dinamiki häsiýet bermek üçin oňa tanslary goşduk.
Tebigatda ähli zat hereketde – biz muny tans üsti bilen beýan etdik. Syçanlaryň keşbinde tans kän, ýöne ýaşajyk artistler muňa begenýärler.
-Öz ýolbaşçylyk edýän çagalar teatr studiýaňyz barada gürrüň beräýseňiz.
-Bizde dürli ýaşly çagalaryň 50-si okaýar. Höwesekleriň ählisini alsagam, rollary ukybyna görä paýlaýarys. Olara aktýorlyk ussatlygyny, sahna dilini we hereketini, şeýle hem wokal öwredýäris. Biz olaryň 50-siniň hemmesinden artist taýýarlamagy maksat edinmeýäris. Wezipämiz başga – çagalaryň boş wagtyny gyzykly, işjeň we olaryň şahsyýetini ösdürýän dynç alyşda geçirmegini isleýäris. Aktýorlygy saýlajak çagalar üçin studiýa arzuwyna ýetmäge tekge bolar.
Tatýana bizden: «Spektaklymyz ýaradymy?» -diýip sorady.
-Gaty gowy gördük. Aýratynam gadymy adamyň keşbini döreden Stas Demidowskiniň oýnuny haladyk. Gyzykly ýeri, ol zenanyň täze teklibine dessine razy bolaýmaýar, gyňyr häsiýetini görkezýär. Onsoňam – pişigi diýsene! Dogrusy, çagalaryň ählisi gowy çykyş etdiler. Men sizi we ýaşajyk artistleri uly üstünligiňiz bilen gutlaýaryn hemem indiki premýeraňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.