Aşgabatda Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp çagalaryň çeken suratlarynyň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Çeper sergiler müdirliginiň direksiýasynyň sergiler zalynda Bitaraplyk çagalaryň gözi bilen ady bilen ekspozisiýa ýaýbaňlandyryldy.
Bu ýerde ýurduň welaýatlarynyň ählisiniň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary özleriniň iň gowy işlerini akwarel suratlaryny, zergärçilik önümleriniň eskizlerini görkezdiler.
Üçünji müň ýyllygyň ýaş zehinleriniň işleriniň ählisinde parahatçylyk, şatlykly we bagtyýar durmuş beýan edilýär. Kimdir birini deňiz giňişlikleri özüne çekýär, olaryň işlerinde deňiz tolkunlary aýdym aýdaýarlar, beýleki birlerini öz owadanlygy bilen hemmeleri haýran galdyrýan ahalteke bedewleri ýa-da gül-pürçüge bürenen ýaz paslynyň giňişlikleri gyzyklandyrýar. Bu ýerde görkezilýän işleriň ählisinde diýen ýaly, nuruny saçyp duran gün, arassa asman, ak kepderi we Watanyň parlap duran baýdagynyň astyndaky bagtyýar durmuş wasp edilýär. Muňa olaryň işleriniň Asuda durmuş, Bagtly çagalyk, Meniň Watanym – Türkmenistan, Awaza dostluk kenary, Ak şäherim Aşgabat, Awazadaky dynç alyş, Pagta ýygymy, Baýramçylyk diýip atlandyrylmagy hem şaýatlyk edýär.
Çagalaryň reňk garýan tagtajyklary eziz watanymyzyň halkynyň bagtyndan aýratynlykda göz öňüne getirip bolmajak bagtly geljege ymtylýan ýaş zehinleriň aýnasydyr. Ýaş suratkeşler öz suratlarynda diňe bir dünýäni we bagtyýar durmuşy nähili görýändikleri barada gürrüň bermän eýsem, biziň ýurdumyzda çagalaryň aýratyn alada, yssy mähir bilen gurşalyp alynandygyny hem beýan edýärler.
Çagalar sungaty bilen ýakyndan tanyşmak sergä gelýänleriň ählisine ýakymly pursatlary paýlaýar. Ýaş suratkeşleriň özleri üçin bolsa bu pursatlar olaryň durmuşyndaky iň şatlykly wakalaryň birine öwrülýär.