5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Çaganyň Ömrüniň Ilkinji 1000 Güni-Onuň Bagtyýar Geljeginiň Esasydyr

Çaganyň Ömrüniň Ilkinji 1000 Güni-Onuň Bagtyýar Geljeginiň Esasydyr

“Çaganyň ömrüniň ilkinji 1000 güni – onuň bagtyýar geljeginiň esasydyr” atly maglumatlar çäreleri bilen tanyşdyrylyş geçirildi.

Gäräni ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw-ylmy merkezi bilen bilelikde guradylar.

Duşuşyga BMG-nyň ýurdumyzda ýerleşýän agentlikleriniň, paýtagtymyzdaky lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary hem-de mugallymlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda soňky ýyllarda Türkmenistanyň enäniň we çaganyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazananlygy bellenildi. Zenanlaryň,çagalaryň we ýetginjekleriň sagalmagy, sagdynlygy hem-de bagtyýarlygy Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) üçin uly ähmiýetlidir. Enäniň, çaganyň we çaga saglygy goraýşy üçin ýokary netijeli hem-de peýdaly durmuş üpjünçiligi tilsimatlarynyň ornaşdyrylmagy bäş ýaşa çenli çagalaryň aman galmagyny gowulandyrmaga, ösüşde yza galmagynynyň derejesini peseltmäge, ene süýdi bilen iýmitlendirilmeginiň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem immunizasiýa edilşiniň derejesiniň ýokarylygy tassyklanyldy.

Häzirki wagtda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-nyň Çagalar Gaznasy, BMG-nyň Ilat Gaznasy we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda lukmançylyk-sanitar, enä çaga dogurmazdan öň we çaga dünýä inenden soň ilkinji kömegiň, bäbeklere ideg etmegiň hilini gowulandyrmak babatda iş alyp barýar. Ýerli hünärmenler Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Litwanyň we Belarusyň ösüş pediatriýasynyň konsepsiýasy we pudaklaýyn gulluklarynyň işi bilen tanyşdylar, çaga ösüşiniň näsazlyklaryny ir ýüze çykarmagy, bu ugurda ata-enelere maslahat bermek endiklerini öwrendiler.

Türkmenistan çaganyň irki ösüşi babatda öňdäki orunlary eýeleýär we hünärmenlerimiz bu babatda beýleki ýurtlardaky kärdeşlerine tejribelerini öwredýärler diýip çykyş edenler bellediler. Ýurdumyz bu babatda başdan lukmançylyk kömeginde pudagara ulgamyny amala aşyrýar. 2016-njy ýylyň iýunynda „Ösüş pediatriýasy we çagalaryň ösüşiniw näsazlyklaryny ir ýüze çykarmak we başdan lukmançylyk kömegi boýunça gulluklary döretmegiň milli konsepsiýasy“ we 2016-2020-nji ýyllara hereketleriň meýilnamasy kabul edildi. Başdan lukmançylyk kömegini bermek boýunça Milli ölçesleriň taslamasy taýýarlanylýar.

Tanyşdyrylyşyň barşynda „Lanset“ halkara lukmançylyk žurnalynda çap edilen çagalaryň irki ösüşi barada ylmy-subutnama binady mysal getirildi. Soňra çagalaryň irki ösüşi babatda milli saglygy goraşsyş we bilim ulgamlarynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrylyş boldy. Statistika boýunça döwlet komitetiniň işgärleri çaganyň irki ösüşi boýunça Köpindikatorly klaster barlagynyň netijelerini beýan etdiler. Şeýle hem 2017-2021-nji ýyllara çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýasynyň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

-„Çaganyň ömrüniň ilkinji müň güni-onuň bagtyýar geljeginiň esasydyr“ atly milli çäre bilen tanyşdyrylyşyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi bizde ýakymly täsir galdyrdy,-diýip BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistnadaky Wekili Şahin Nilofer aýtdy.-Men BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň adyndan ýurduň çagalarynyň ählisine bagtyýar, sagdyn çagalyk arzuw edýärin we Türkmenistanyň Hökümetine „Ömrüň irki pursatlarynyň ähmiýeti ulydyr“ ähliumumy çäresini goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Körpäniň ömrüniň hut ilkinji müň gününde ata-eneler we terbiýeçiler çaganyň saglygyna, bilimine we şahsyýetine has uly täsir edip bilerler, çaganyň ösüşiniň irki döwrüniň her ugry möhümdir. Maglumatlar çäresi 2017-nji ýylyň ýanwarynda başlandy we ol dört ýyla niýetlenendir. Onuň maksady-milli we ählyumumy derejelerde ösüşiň irki döwrüne düşünmek, ony goldamak we oňa inwestisiýalardyr.

Maksatnama 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň gün tertibine laýyk gelýär, onda sazlaşykly ösüşiň we mekdebe çenli bilimiň ýokary hilli ulgamyny döretmäge isleg beýan edilýär.Türkmenistan hukuk babatda, çagalaryň ösüşiniň irki döwrri üçin gün tertibini ilerletmek babatda hem amatly şertler döredýär, olar Konstitusiýamyzda we çaga hukularynyň kepilleri hakynda kanunda, şeýle hem durmuş-ykdysady özgertmeleriň milli maksatnamalarynda görkezilendir.

2017-2021-nji ýyllara çagalar üçin Milli meýilnamanyň kabul edilmegi çagalaryň ösüşiniň irki döwründe amatly şertler döretmek we olaryň durmuş taýdan goraglylygy boýunça toplumlaýyn işlere täze itergi berer. BMG-nyň Çagalar Gaznasy çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak bilen baglanşykly meseleleriň ähli ugurlary babatda Türkmenistan bilen özara hereketi giňeltmegiň tarapdarydyr.

-Türkmenistan BMG-nyň Çagalar Gaznasy we beýleki hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlykda çaga hukuklaryny durmuşa geçirmek, şol sanda olaryň ösüşiniň irki döwri babatda gowy netijeler gazandy-diýip Şemşat Atajanowa (Demokratiýa we adam hukuklary milli instituty) belledi.- Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýlägem ösdürmek maksady bilen döwlet baştutanymyz 2016-njy ýylyň martynda 2016-2020-nji ýyllara Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýurdumyz üçin maksatnamasyna laýyklykda hereketleriň Meýilnamasyny tassyklady. Bu ugurda işler dowam edýär.

-Ynsanperwer ulgamda, hususan-da adam hukuklaryny we erkinliklerini üpjün etmek, şahsyýetiň ömrüni we at-abraýyny goramak, zenanlaryň we çagalaryň saglygyny goramak ýaly örän wajyp ugurlarda halkara resminamalaryny tassyklan Türkmenistan halkara-hukuk kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrýar-diýip Nury Kömekow (Türkmenistanyň Mejlisi) aýdýar.-Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda kabul etmek üçin „Hossarlyk we howandarlyk hakynda“, „Sportda dopinge garşy göreş hakynda“, „Bosgunlar hakynda“, „Ekologiýa howpsuzlygy hakynda“ kanunlarynyň taslamalary taýýarlanyldy, olarda çagalaryň hukuklary we bähbitleri göz öňünde tutulan. Milli parlament çagalaryň ösüşiniň maksatnamalaryny hukuk taýdan goldamak babatda BMG-nyň Çagalar Gaznasy bilen bilelikdäki işi dowam eder.

-Ýurdumyzda mekdebe çenli taýýarlyk we ata-eneleri goldamak boýunça Okuw goldanmalary işlenilip taýýarlanyldy we synagdan geçdi, olar okatmagyň, şol sanda ösüşde yza galýan çagalary okatmagyň dünýä boýunça iň gowy usullaryny öz içine aldy,-diýip Ogulgurban Gurtdurdyýewa (Türkmenistanyň Bilim ministrligi) belledi.—Mundan başga-da, bilimiň hilini gowulandyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň toplumy taýýarlanyldy. Mekdebe çenli edaralaryň binýadynda umumy ölçegli Çagalaryň ösüşiniň irki döwri merkezleri döredildi. Olar sagdyn we näsag çagalaryň bile okamagyny üpjün edýär, ata-enelere çagalaryň ösüşi we olary mekdebe taýýarlamak boýunça usulýet hem-de maslahat kömegini berýär.

2015-nji ýyldan bäri näsazlygy ir ýüze çykarmak we başdan kömek bermek hem-de maşgalany goldamak, çagalaryň mekdebe taýýarlygynyň, olaryň bilimleriniň mekdebe çenli bilim maksatnamalaryna we ölçeglerine laýyklygynyň derejesiniň barlagy hyzmatlaryny guramak boýunça ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar.

Bu işleriň ählisi BMG-nyň çagalar Gaznasy bilen jebis hyzmatdaşlykda alnyp barylýar, biz onuň hünärmenlerine köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirýäris.


Inna BUROWA,
surat düşüren Hasan MAGADOW

Degişli makalalar

„Daşoguzsyýahat“ Tanymal Bagşylaryň Ady Bilen Baglanşykly Ýerlere Syýahat Guraýar

Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk Toparynyň Duşuşygy Geçirildi

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Edermen Oba Zähmetkeşlerine, Hasyl Ussatlaryna we Ähli Halkyna

turkmenhabargullugy