13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Çarşenbe: Ýeňil Atletika Boýunça Ýaryşyň Ahyrky, Kuraş Boýunça Ýaryşyň Ilkinji Güni

Çarşenbe: Ýeňil Atletika Boýunça Ýaryşyň Ahyrky, Kuraş Boýunça Ýaryşyň Ilkinji Güni

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dördünji gününde sportuň 12 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. Guşakly göreşde, bilýard sportynda, ýeňil atletikada, kuraşda, taýboksda, taekwondoda we agyr atletikada ussatlyklary bilen tapawutlanyp, baýrakly orunlary eýelän türgenlere medallar gowşurylar. Çarşenbe güni kuraş göreşçileriniň ýaryş meýdançasyna çykjak ilkinji, ýeňil atletikaçylaryň bolsa Aşgabat 2017-niň çäginde ýatdan çykmajak wakalardan doly soňky güni bolar.

Özbegistanyň kuraş milli ýygyndy topary öňlerinde duran kynçylyklardan üstün çykmaga taýyn. Toparyň lideri hökmünde dünýä çempiony we 2015-nji ýylda “Ýylyň kuraş göreşçisi” diýen ada mynasyp bolan Dawlat Abraýew -73 kg agramda çykyş eder. 2015-nji ýylda çäksiz agram derejede dünýäniň çempiony Muhsin Hisomiddinowy hem-de 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynda bürünç medaly gazanan ýene-de iki türgeni öz içine alýan özbegistanly topar şu gün köpleri haýran galdyrjak ýygyndylaryň biri bolar.

Sportuň ýeňil atletika görnüşinde bolsa erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlaryň ahyrky gününiň netijesi boýunça 9 sany medal gowşurylyş dabarasy geçiriler. Erkekleriň arasynda 7 görnüşli ýaryş(heptatlon) we beýikligine bökmek, erkekleriň we zenanlaryň arasynda 800 m aralyga ylgamak hem-de 4×400 m estafeta boýunça ýaryşlaryň geçirilmegi bilen Ýeňil atletika toplumynyň şowhuny has-da artar.

Mundan başga-da, bilýard sporty boýunça erkin rus piramidasy görnüşde ýaryşyň netijesi boýunça ilkinji medallar gowşurylar. Şol bir wagtda, taýboks boýunça üç günläp dowam eden saýlama tapgyrlardan soň ilkinji ýeňijiler öňe çykarlar we arzyly medallaryna eýe bolarlar. Agyr atletikada zenanlaryň arasynda 58 kg agram we erkekleriň arasynda 69 kg agram derejesi boýunça silterläp götermekde we itekläp götermekde ýeňiji bolan türgenlere hem medallar gowşurylar. Şeýle hem, sportuň taýboks görnüşinde zenanlaryň arasynda -49 kg, -58 kg we -62 kg, erkekleriň arasynda bolsa -80 kg agram derejesi boýunça geçirilen ýaryşlaryň ýeňijileriniň atlary belli bolar.

Guşakly göreş boýunça ýaryşyň ikinji gününde ýer eýeleri Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň medal marafonyny dowam etdirmegine garaşylýar. Türkmenistanly türgenler birnäçe günüň dowamynda Aşgabat 2017-niň ýaryş düşekçesinde öňdebaryjy topar bolup, medal hasap boýunça birinjiligi elinden bermeýärler.

Degişli makalalar

Türkmen Arheologlary Bedewiň Şekili Suratlandyrylan Tapyndylary Ýüze Çykardylar

Tennis Boýunça Aşgabat Şäheriniň Birinjiligi Tamamlandy

turkmenhabargullugy

TDHÇB-nyň Söwdalarynda Nebitiň we Pagtanyň Gaýtadan Işlenilen Önümleri Uly Orun Tutdy