8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Ça­ga­nyň sag­ly­gyn­da spor­tuň or­ny

Spor­tuň ça­ga sag­ly­gy­na fi­zi­ki, ru­hy we jem­gy­ýet­çi­lik taý­dan peý­da­ly­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim bol­sa ge­rek. Şo­nuň üçi­nem, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da spor­ta uly üns be­ril­ýär. Ýaş­la­ryň we ça­ga­la­ryň sag­dyn bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin mek­dep­ler­de we ýo­ka­ry okuw jaý­la­ryn­da be­den­ter­bi­ýe sa­pak­la­ry girizildi.

Ta­ry­ha göz aý­lap…

Hä­zir­ki wag­ta çen­li Hy­ta­ýyň, Mü­sü­riň, Ita­li­ýa­nyň çäk­le­rin­de spor­tuň kä­bir gör­nüş­le­rin­e de­giş­li ar­heo­lo­gik ga­lyn­dy­lar ta­py­lyp­dyr. Bir­nä­çe asyr mun­dan ozal Ri­miň Mak­si­mus am­fi­te­at­ryn­da ge­çi­ri­len ara­ba ýa­ry­şy­na 250 mü­ňe go­laý to­ma­şa­çy gat­na­şyp­dyr. Bu bol­sa şol dö­wür­ler­de hem ýa­ryş­la­ra gy­zyk­lyn­ma bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Or­ta asyr­lar­da fes­ti­wal gör­nü­şin­de möw­süm­le­ýin ýa­ryş­lar ge­çi­ri­lip­dir. Şon­da er­kek­le­riň ara­syn­da äpet daş­la­ry ýa-da agyr çu­wal­la­ry gö­ter­mek, aýal­la­ryň ara­syn­da bol­sa yl­ga­mak has meş­hur­lyk ga­za­nyp­dyr. Kä­bir ýer­ler­de bol­sa ok at­mak bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ri­lip­dir.

XVIII-XIX asyr­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ýü­ze çy­kyp baş­lap­dyr. Şeý­le-de, düz­gün­le­ri ül­ňü­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe mil­li gu­ra­ma­lar dö­räp baş­lap­dyr. My­sal üçin, Ang­li­ýa­nyň Fut­bol as­so­sia­si­ýa­sy 1863-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da Hal­ka­ra Olim­pia­da ko­mi­te­ti 1894-nji ýyl­da dö­re­dil­ýär. Şon­dan iki ýyl soň­ra bol­sa il­kin­ji Olim­pia­da oýun­la­ry ge­çi­ril­ýär.

Ýaş­lar we sport

Spor­tuň öw­re­dil­me­gi ýaşlar üçin köp ta­rap­dan peý­da­ly­dyr. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan her bir adam di­ňe fi­zi­ki däl, eý­sem-de bol­sa, jem­gy­ýet­de sag­dyn ra­ýat bol­mak bi­len bi­le­lik­de şol spor­tuň ge­lip çy­ky­şy we me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da bir­nä­çe mag­lu­mat­la­ry hem öw­ren­ýär. Bu bol­sa sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­nam gi­ňeld­ýär.

He­re­ket sag­ly­gyň göz­ba­şy­dyr. Gün­de ter­tip­li he­re­ket­de bol­sa­ňyz, sag­dyn bo­lar­sy­ňyz. He­re­ke­te bo­lan söý­gi­niň dur­mu­şa bo­lan söý­gü­di­gi­ni ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Bir­nä­çe ýyl­lar mun­dan ozal spor­tuň di­ňe fi­zi­ki taý­dan peý­da­ly­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Em­ma bi­ziň gün­le­ri­miz­de spor­tuň ada­myň kä­mil­leş­me döw­rün­de hem he­mi­şe ge­rek bol­ýan­dy­gy aý­dyň­laş­dy­ryl­dy. Spor­ta bo­lan en­dik uzak we sag­dyn ömür diý­mek­dir.

Hut şu se­bä­be gö­rä-de, soň­ky ýyl­lar­da ýaş­la­ry­my­zyň ara­syn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, ýur­du­myz hem hal­ka­ra möç­ber­le­rin­de ge­çiril­ýän ýa­ryş­lar­da ola­ryň baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýan­dy­gy gu­wan­dy­ry­jy ha­dy­sa­dyr.

referans: www.zamantm.com

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-i Halkara KHBS-lerinde, Sport we Diplomatik Toparlarda Aziada-2017-niň PR Kompaniýasyny Ýaýradýar

Taý Boksunyň Ussatlary Ýaryşa Çagyrylýar

syrach

Meýdançada Ýatdan Çykarylan Derwezeçi