4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Çeperçilik Akademiýasynyň Talyplarynyň Iň Gowy Işleri Sergi-Bäsleşikde Görkezildi

Çeperçilik akademiýasynda görkezilen ýaş žiwopisçileriň, heýkeltaraşlaryň we amaly-haşam sungaty ussatlarynyň eserleriniň sergisi bu ýere gelenleri talyplaryň fantaziýasynyň güýçliligi we çeper tilsimleriniň özboluşlylygy bilen begendirdi. Bu ýerde suratlaryň, kiçi görnüşli heýkelleriň, keramika işleriniň, şaý-sepleriň, haly önümleriniň, dizaýnerçilik işleriniň 235-si goýlupdyr. 

Şaý-sepleriň sergisindäki inçeden çeper monjuklara haýran galman syn etmek mümkin däl. Altynjy ýyl talyby Enebaý Annaberdiýewanyň maşat daşyny hem-de firuza ulanyp latundan we melhiordan ýasan “Güneş” atly gymmat daşly monjugy nepis gözelligi bilen özüne bendi edýär. Ol demirdir daşlary seýle bir sazlaşykly sepleşdiripdir welin, ony dakynan zenan özüni hut melek duýsa gerek. 

Üçünji ýyl talyby Merjen Bäşimowanyň “Enemiň öýünde myhmançylykda” atly mele reňkli grafiki suraty hem şowly çykypdyr. Şäherden oba gezelenje gelen agtyklary bilen garry enäniň şadyýan söhbedi seni biparh goýmaýar. Owadanja güjüjegem, ýumak oýnap ýören pişijegem, düýnäde iň mähirli ene-de – bularyň barynyň duýgusy ýürek töründen çykýar hem mähir-muhabbete ýugrulan. 

Dördünji ýyl talyplarynyň üçüsi – Jeren Babaýewa, Jeren Ataýewa we Aýbölek Babajanowa alty natýurmortdan ybarat kompozisiýany teklip edipdirler. Olaryň hersi dörtgyraň suratda nagyş kimin ýerleşdirilen miweleri we milli saz gurallaryny saýlapdyrlar. Gyzlaryň ulanan ýeňil gruntowkaly üýtgeşik tilsimi şekilleri güberçek görkezýär. 

Zübeýda Sytdyhowanyň altynsow-gyrmyzy reňkli “Altyn güýz” atly gobeleni hem üýtgeşikligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Zübeýda daragtyndan tänen solan kerkaw ýapragynda ýene güýz manzaryny – şirrildäp akýan çeşmäni, daragtlary we açyk gök asmany şekillendiripidir. 

Türkmenistanyň tanymal sungat işgärleri – Handurdy Berdiýewiň, Wladimir Bagdasarýanyň, Kakajan Aşyrowyň, Wera Gyllyýewanyň we beýlekileriň portretleri hem şowly çykypdyr. Şolaryň içinde-de Baky Sytdykowyň çeken Saragt Babaýewiň portreti iň güýçlileriniň biri. Akademiýanyň altynjy ýyl talyby tanymal heýkeltaraşyň keşbini şeýle bir ynandyryjylykly beripdir welin, hamala, Saragt Babaýew aýna bakyp oturan ýaly bolup dur. 

Sergide goýlan “Tikinçilik fabrigi” triptihinden çen tutsaň Gunça Ataýewa önümçilik temasyny gowy özleşdirýän borly. Giň seh we işine gümra tikinçiler şeýle bir takyk çekilipdir welin, hat-da tikin maşynlarynyň sesi hem gelip duran ýaly duýgy döreýär. Triptihde ulanylan mawy-gyzyl-ak reňkler manzary has özboluşly görkezýär. 

Üçünji ýyl talyby Baky Mommaýewiň “Aşyk oýny” atly suratyndaky mawy-gyzyl-ak reňkler başgaça görünýär. Awtor surata nurly röwüş goşup, ýönekeýje manzarda milli oýna berlen oglanjyklaryň şadyýanlygyny açyp görkezipdir.

“Amul-Hazar 2018” awtorallisi iň ýörgünli tema boldy. Elbetde, bu ýigitleriň halaýan temasy. Çöl üstünden geçen çylşyrymly ýaryş köpleriň ünsüni özüne çekdi, akademiýanyň talyplarynyň žiwopis işleri ýaryşyň joşgunyny beýan edýär. 4-nji ýyl talyby Gunça Ataýewa bu temany başgaça özleşdiripdir. Onuň suratynda ýaryşy dikuçardan surata düşürýän teležurnalistiň iş pursady şekillendirilipdir.

Keramikaçy Gülhanym Durdyýewa gülkünç sazandalaryň keşbini ýasap, tomaşaçylaryň göwnüni götermegi başardy. Ol konsertde çykyş edýän şoh sazandalaryň ýedisiniň şekilini beýan edipdir. Birinji ýyl talyby Gülhanym heniz ýaş bolsa-da, adam keşbini we häsiýetini anyk bermegiň hötdesinden gelýän keramikaçy.

Dördünji ýyl talyby Aly Sytdyhow “Awaza” atly iki surat hödürläpdir. Olarda şol bir gaýykdaky şol bir adamlar, ho-ol alysdaky şol bir manzar çekilipdir, ýöne olar diňe duýgylary bilen güýçli tapawutlanýar… Awtoryň öňe sürýän pikiri: şadyýanlyk we göwniçaglyk töweregi hem özgerdýär.

Talyplar döredijiliginiň sergisi ýaş žiwopisçileriň işleriniň täzeçil dünýägaraýşy we sungatyň ösüş ýollaryna özboluşly garaýşy, şeýle hem žiwopis dilinde tomaşaçylar bilen söhbetdeşlige gaýymlygy bilen tapawutlanýandygyny görkezdi.

çeşme: http://turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ýaş Olimpiýaçylary Taýýarlaýyş Mekdebinde Maslahat Geçirildi

“TürkmenÄlem 52° E” Milli Aragatnaşyk Hemranyň Tehniki Häsiýetnamalary

turkmenhabargullugy

Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

syrach