13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde 70 Ýaşynyň Dolmagy Mynasybetli Nurat Hojagulyýewiň Žiwopis we Grafika Eserleriniň Sergisi Açyldy

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde 70 Ýaşynyň Dolmagy Mynasybetli Nurat Hojagulyýewiň Žiwopis we Grafika Eserleriniň Sergisi Açyldy

Nakgaşyň döredijiligi bilen tanyşlygymyz onuň iň gowy görýän „Bazara barýarlar“ işinden başlandy. Suratyň ýyly çalymtyl-sary reňkleri oba adamlarynyň adaty durmuşyny we düýelerdir üsti harytly eşek arabasynyň gidip barýan ýolunyň birsydyrgynlygyny görkezýär. Öňden bolsa bir ýaşuly aýaly bilen gidip barýar.

-Gündogar bazarlary bilen tanalýar. Şonuň üçinem „Bazar“, „Bazara“, „Bazardan“ atly eserlerime duş gelseňiz geň görmäweriň. Gündogar bazary diňe bir zat satylýan ýer däl-de, eýsem dürli röwüşli, adamlaryň bir-biri bilen gönüden-göni gatnaşygyny görkezýän ýer. Men gahrymanlarymyň ýanynda öý haýwanlarynyň bolanyny gowy görýärin. Olary ýörüte dürli häsiýetli: oýa batan, şadyýan ýa-da gedemsi edip çekýärin-olar eseriň duýga täsirini güýçlendirip, onuň tilsim ýordumy bilen sazlaşykly utgaşyp gidýär.

Nurat Hojagulyýew köp waglap öz dogduk mekany- Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda ýaşady, häli-häzirem özüni obadaşlaryndan üzňe duýanok. Onuň Marydaky ullakan öýüniň ýokary gatynda nakgaşyň ussahanasy ýerleşýär. Ol: „Öýümd-ä işleýän, ussahanamda-da ýaşaýan“-diýip degişýär. Onuň eserleriniň gahrymanlarynyň aglabasy-öz obadaşlary. Ol ýene ýygymçy gelin –gyzlaryň suratyny çekmegi halaýar. Bu ugurdan çeken suratlary az däl. Onuň eserlerinde atyz durşuna ap-ak pagta bolup, oba zenanalarynyň nurana ýüzi gülüp dur.

Nakgaşyň ähli işlerine şadyýanlyk mahsus. Mysal üçin, „Aýal doganymyň portreti“ işini alyp göreliň. Onda gözlerinde begenç nury uçganaklap duran zenan şekillendirilipdir.

-Onuň adamkärçiigi gaty gowydy,-diýip Nurat Hojagulyýewiç gürrüň berýär.-Bu bolsa ejemiň suraty, ony Türkmenistanyň halk nakgaşy Yzzat Gylyjow gowy görüpdi… Sergide onuň grawýura eserleriniňem ençemesi bar. Olarda tarktorçylaryň ýer sürýän, kombaýnçylaryň pagta ýygýan , türgenleriň türgenleşik pursatlary şekillendirilipdir… Ussadyň grawýuralarynyň birnäçesini Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri satyn aldylar.

Nurat Hojagulyýew 1972-nji ýylda Aşgabadyň çeperçilik ýörüte mekdebini tamamlady. Soňra Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburgyň) I. Repin adyndaky Çeperçilik akademiýasynda okuwyny dowam etdi. Sergide onuň talyplyk döwri çeken suratlary hem bar. Olar esasan şäher manzarlary. Türkmenistanly talyp şäherleriň iň gözelleriniň biriniň kaşaň binalaryny däl-d, onuň gyrak-bujagyndaky asuda köçeleri çekipdir. Şunda onuň özüne mahsus ýygralygy we özüni köplükden saýlamaga höwesi duýulýar. Onuň talyp ýyllary çeken suratlarynyň ikisini Germaniýanyň Kýoln şäheriniň häzirki zaman sungaty muzeýi satyn alypdy.

Serginiň bölümleriniň biri onuň tanymal obadaşy-agyr atletika boýunça dünýäniň üç gezek çempiony, 1994-nji ýylda Hirosimada geçirilen Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi Altymyrat Orazdurdyýewe bagyşlanypdyr. Serginiň açylyşyna gatnaşan nakgaşlar türkmen nakgaşlaryndan ilkinji bolup žiwopisde sport mowzugyndan surat çeken Nurat Hojagulyýewiň hyzmatyny nygtadylar.

-Obamyzdan çykan zehinli türgeni gaty gowy görýärdim, amerikaly galamgärler oňa „rus ýolbarsy“ diýýärdiler (şol döwür ol SSSR-iň ýygyndy toparynda çykyş edýärdi), onuň bilen işlemekden lezzet alýardym. Men onuň ştanga göterip duran, özüne sarpa goýýan obadaşlary bilen gürrüňdeş bolýan, tälimçisi bilen çynlakaý söhbet edýän, hormat münberinde altyn medal gowşurylýan, ejesiniň ogluny ýeňşi bilen gujaklap gutlap duran putsatlary…çekipdim. Sporta bagyşlanan suratlaryň ählisinden akýaply çempionyň mähirli nazary bize garap dur.

Sergä gelenler Nurat Hojagulyýewiň döredijiligine mynasyp baha berip, oňa sungatda mundan beýlägem uly stünlikler arzuw etdiler.

Degişli makalalar

Aşgabatda Germaniýanyň Medeniýet günleri açyldy

syrach

Ýeňşi Nazarlap

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Durnukly Ulag Ulgamy Boýunça Birinji Ählumumy Maslahatyny Geçirmäge Taýýarlyk Görýär

syrach