Ahalteke bedewleriniň taryhy, gözelligi, ajaýyp häsiýetleri barada örän köp ýazylypdyr we aýdylypdyr. Köp sanly makalalaryň, ylmy işleriň, edebi we saz, şekillendiriş sungaty eserleriniň awtorlary bu ajaýyp bedewler baradaky buýsançlaryny özleriçe beýan edipdir. Bu işden kinematografiýaçylar hem çetde galmadylar. Olar meşhur tohumyň ajaýyp wekillerine, atçylygyň we bedewlere baş öwretmegiň dürli mekdeplerine, ynsanyň we atyň özara gatnaşyklaryna bagyşlanan köp sanly dokumental we çeper filmleri döretdiler.
Ýöne gadymy türkmen topragynda – ahalteke bedewleriniň taryhy mekanynda täze döwürde “ganatly” bedewlere bolan gyzyklanma has-da artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli atçylyk däplerini dikeltmek, ýurdumyzda atçylyk sportuny, ahalteke atlaryny aýawly saklamak we olaryň tohumlyk häsiýetlerini gowulandyrmak boýunça seleksiýa işlerini ösdürmek babatda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, onuň başlyklygyna tükmen döwletiniň Baştutanynyň saýlanylmagy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk-sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi, halkara derejesinde ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Häzir bu pudak hakyky ösüşe eýe bolýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, atçylyk sportunyň görnüşlerini we at üstündäki oýunlaryň milli däplerini wagyz etmek boýunça gerimi hem-de ähmiýeti boýunça deňsiz-taýsyz işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi nusgalyk hasaplanylýan “behişdi bedewleriň” bütin dünýäde şan-şöhratynyň mundan beýläk-de artmagynyň girewi bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan ýene-de ahalteke bedewleriniň janköýerlerini, alymlary, ýokary hünärli atşynas hünärmenleri, atçylyk sporty bilen meşgullanýanlary özünde jemleýär. Olar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşarlar. Köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda kinematografiýaçylar hem bar. Olaryň biziň ýurdumyza gelmegi türkmen atşynaslygynyň täsin mirasy we häzirki ýagdaýy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Mysal üçin, “Amazing pictures” amerikan kompaniýasynyň täze kinotaslamasy hem şunuň bilen baglanyşyklydyr. Bu kompaniýa meşhur ahalteke bedewlerine, bütin dünýäde şan-şöhrata eýe bolan bu tohumyň taryhyna we häzirki ýagdaýyna bagyşlanan dokumental filmi döretmäge girişýär.
Taslamanyň döredijilik toparynyň agzalary Türkmenistanda bolmagynyň we bedewler baradaky maglumatlary ýygnamagyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II halkara maslahatyna hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV halkara maslahatyna, şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlaryň atçylyk-sport toplumlarynda geçiriljek giň möçberli baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti amerikaly myhmanlara “ganatly bedewler”, türkmenleriň atçylyk däplerini aýawly saklamak we ösdürmek baradaky filmi döretmäge ýakyndan goldaw bererler.
Fransiýanyň “Peignoir Prod” kinostudiýasy hem öz wekillerini Türkmenistana iberdi. Bu kinostudiýa atçylyk bilen baglanyşykly dokumental filmleri we täzelikler gepleşiklerini döretmäge ýöriteleşdirilendir. “Peignoir Prod” Fransiýanyň iri teleýaýlymlary, şol sanda “Eguidia” teleýaýlymy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Fransuz kinostudiýasy oňa dünýäniň ähli yklymlarynda görkezilýän esasy filmleri we gepleşikleri taýýarlamagy tabşyrýar. “Eguidia” “atçylyk” dünýäsinde ykrar edilen, ýöriteleşdirilen ýaýlym bolmak bilen, onuň diňe bir Ýewropada däl, eýsem, dünýäniň beýleki yklymlarynda hem tomaşaçylary köpdür. Ol at çapyşyklary we beýleki atçylyk-sport ýaryşlary baradaky gepleşikleri, bedewler baradaky dokumental we çeper filmleri görkezýär, meşhur çapyksuwarlar we seýisler, dürli halklaryň atşynaslyk däpleri barada gürrüň berýär. 2012-nji ýyl üçin “Eguidia” “Dünýäniň täsin atçylyk merkezleri” atly dokumental tapgyry meýilleşdirdi. Ol tomaşaçylary dünýäniň iň gowy atçylyk merkezleri bilen tanyşdyrar.
Bu tapgyrda Türkmenistana aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzda atçylyk sungaty täsin we gadymy däplere eýedir. Şol ajaýyp däpler bolsa dünýäniň tutuş atçylygyna öz täsirini ýetirdi. Bu däpler häzir mynasyp dowam etdirilýär we üstünlikli ösdürilýär.
Ýurdumyzyň myhmanlarynyň belleýşi ýaly, atçylygyň özboluşly Mekgesi hökmünde biziň ýurdumyza şeýle uly üns berilmegi köp babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby bilen baglanyşyklydyr. Bu neşir 2008-nji ýylyň güýzünde çapdan çykdy hem-de şu geçen döwrüň içinde dünýäniň ençeme dillerine terjime edilmegi netijesinde dürli ýurtlaryň okyjylarynyň örän köp sanlysy bu kitap bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy. Bu kitap giň halkara seslenmesine eýe bolup, taryhy-medeni gymmatlyk bolan ahalteke bedewiniň diňe bir milli derejede däl, eýsem, bütin dünýäde uly ähmiýete eýediginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Myhmanlar tohumlyk atlaryň sanyny artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik alarlar, ýakyn günlerde geçiriljek haýran galdyryjy tomaşalaryň we çäreleriň şaýatlary bolarlar. Şol çäreleriň arasynda 30 kilometr aralyga geçiriljek at çapyşygy, halkara atçylyk-sport toplumyndaky ýaryşlar, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry, şeýle hem baýramçylyk mynasybetli geçiriljek köp sanly medeni çäreler we dabaralar bar.
Daşary ýurtly kinematografiýaçylar biziň ýurdumyzda gören we eşiden zatlarynyň ählisini dokumental işlerinde beýan ederler. Munuň özi dünýäniň onlarça ýurdunyň tomaşaçylaryna “Ahalteke bedewi” diýen täsin dünýä bilen ýakyndan tanyşmaga, ýurdumyzyň ajaýyp atçylyk-sport toplumlaryny, ajaýyp bedewleri, at çapyşyklaryny, at üstündäki oýunlary, şeýle hem bedewleriň seýislenişini öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik alarlar.
Ýeri gelende aýtsak, kinonyň dörän ilkinji ýyllarynda kinematografiýaçylar at çapyşyklaryna haýran galmak bilen syn edipdirler. Plýonka düşürilen şekilleriň ilkinjileriniň biri hem çapyp barýan atyň şekili bolupdyr. Ine, indi bir asyrdan gowrak wagt geçenden soň hem “kinoçylaryň” bedewiň çapyşyna bolan gyzyklanmasy peselenok…
Amerikan we fransuz dokumentalçylarynyň baýramçylykdan ajaýyp pursatlary, at çapyşyklaryny we seýisleriň gündelik alyp barýan işlerini şöhlelendirjek täze kinofilmleri daşary ýurduň tomaşaçylaryny atlary seýislemegiň milli däplerimiz, türkmen seýisleriniň tejribesi, iň gowy çapyksuwarlar bilen tanyşdyrar.
Munuň diňe bir bedewleriň hakyky janköýerleri üçin däl, eýsem, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen häzirki döwürde bütin dünýäde şan-şöhraty artýan täsin we asylly ahalteke bedewleriniň gözelligine maýyl bolan her bir adam üçin hem örän gyzykly boljakdygy şübhesizdir.
referans: www.turkmenistan.gov.tm