Awtomobilleriň ätiýaçlyk şaýlaryny çykarmaga ýörüteleşen «Täjir ýoly» hususy kärhanasy çykarýan filtrleriniň görnüşini artdyrdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Mary welaýatyndaky kärhanada «MBM» belgi bilen ýeňil awtomiobilleriň dürli görnüşleri üçin howa, ýangyç we ýag filtrleriniň 60 golaý görnüşi taýýarlanyldy. Kärhanada her aýda ýeňil we ýük awtomobilleriniň herketlendirijilerine ideg etmäge niýetlenen önümiň 40 müňe golaýyny çykarmak göz öňünde tutulýär.
Önümçilige başlanymyza ýaňy bir ýarym ýyl geçen bolsa-da, önümleriň möçberi alty esse artdy. Geçen ýyl söwda nokatlaryna ýarym milliona golaý önüm ugradyldy – diýip söhbetdeşligimizde sehiň ýolbaşçysy Wepa Halymow belledi.
«Täjir ýoly» kärhanasynyň önümleri hili we sypatlary babatda Türkiýäniň, Ýaponiýanyň hem-de Eýranyň ady belli haryt öndürijileriniň nusgalaryna laýyk gelýär, ýerli telekeçiler olaryň tejribesini üstünlikli özleşdirýärler. «MBM» filtrleriniň artykmaçlygy – ýokary hilli bu önümleriň özüne düşýän bahasynyň arzanlygyndadyr: olar daşary ýurtlardan getirilýänlerden üç esse arzandyr.
Şu ýyl kompaniýada Gazagystana we Owganystana ýüz müňe golaý önüm ugratmagy göz öňünde tutulýar.